ÝUNISEF we Bilim ministrligi gender bilen baglanşykly bilim endiklerini ýokarlandyrmagyň üstünde bilelikde işleýärler

27 Oktýabr 2023
UNICEF and Ministry of Education work together to strengthen gender-responsive education skills of teachers
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 27-nji oktýabry, Aşgabat - Gender bilen baglanyşykly bilim babatda milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin ÝUNISEF we Bilim ministrligi ýene-de tagallalary bir ýere jemlediler. Geçen ýylda badalga berlen mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary dowam etmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 23-27-nji oktýabry aralygynda Milli bilim institutynda “Orta mekdeplerde gender deňligini ösdürmek üçin okuw usulyýetini kämilleşdirmek we iş ýüzünde peýdalanmak” atly bäş günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 24 mugallym gatnaşdy. Bu çäre çagalaryň bilimini häzirki we geljek nesiller üçin gender deňligini we inklýuziwligi pugtalandyrmagyň serişdesine öwürmek boýunça tagallaryň bir bölegi bolup durýar.

Okuw maslahatyna gatnaşan milli hünärmenler synplary we mekdepleri dolandyrmakda, okuw materiallaryny işläp düzmekde, şahsyýetara gatnaşyklaryň endiklerini kämilleşdirmekde gender bilen baglanşykly dili we bilime gözegçiligi ösdürmekde öz başarnyklaryny ýokarlandyrdylar. Okuw maslahatynyň  dowamynda gatnaşyjylar okatmagyň gündelik tejribesinde gazanan nazary bilimlerini iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik gazandylar. Okuw maslahatynda gender deňligi boýunça halkara kadalar we şol kadalary milli kanunçylyga we ösüş meýilnamalaryna girizmek meselesi beýan edildi. Okuw maslahaty diňe bir gatnaşyjylaryň bilimde gender deňligi barada düşünjelerini artdyrman, eýsem olarda topar bolup ara alyp maslahatlaşma we toparlaýyn prezentasiýa ýaly okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak boýunça endikleri hem pugtalandyrdy .

Bu başlangyç Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň çäklerinde guraldy we ol DÖM-iň 4.5 we 4.7 maksatlaryny durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Çäre Türkmenistanda gender bilen baglanşykly bilim endiklerini we maglumat materiallaryny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly islegiň barlygyny görkezdi. ÝUNISEF Bilim ministrligi bilen bilelikde gender faktorlaryny göz öňünde tutup mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar üçin bilim gurallarynyň üç toplumyny işläp düzmekde goldaw bermegini dowam eder.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.