Çagalaryň festiwaly hem-de dünýäde iň uly sapak çagalarynyň mümkinçiliklerini giňeldýär
Bütindünýä çagalar gününiň öňüsyrasynda Mary şäheriniň çagalary Durnukly ösüş maksatlary barada öwrendiler.

Bütindünýä çagalar gününiň öňüsyrasynda Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň okuwçylary Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa (ÇHK) barada öwrenip, dünýäde iň uly sapaga we DÖM festiwalyna gatnaşdylar.
8-9 ýaşly çagalaryň otuzysy Global maksatlaryň konsepsiýasy, Konwensiýa laýyklykda çagalaryň hukuklary we olaryň arabaglanyşygy barada öwrenmek üçin, Birleşen milletler guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde guran interaktiw oýunlaryna gatnaşdylar. Çagalar şeýle hem emosional intellekt, gender deňligi, howanyň üýtgemegi, arassaçylyk tejribesi ýaly düşünjeler bilen tanyş boldular we öz isleg-arzuwlary bilen paýlaşdylar.
– Men surat mugallymy bolmasym gelýär

Six Seconds halkara guramasy tarapyndan geçirilen deslapky okuwlara gatnaşan DÖM-nyň ýaş ilçileri okuwy oýun görnüşinde geçirmek bilen, festiwaly alyp bardylar.

“Ähli global maksatlary öňe sürýän ýaş liderler bolmak bilen, biz kiçi çagalara Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik bermäge synanyşdyk”
Festiwal tamamlanandan soň, mekdep okuwçylary ÝUNISEF tarapyndan Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan dünýäde iň uly sapaga gatnaşdylar. Ýaş gatnaşyjylar Konwensiýanyň maddalaryna düşünmäge kömek edýän interaktiw sessiýalara gatnaşdylar. Käbir çagalar çagalaryň hukuklary barada goşgulary okamak bilen, mugallymyň wezipesini ýerine ýetirdiler. Okuwçylar şeýle hem arassa howa, arassa agyz suwy, mekdep bilimi we lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterligi ýaly çagalaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin zerur bolan zatlary hem agzap geçdiler. Şeýle-de çagalar özlerine ene-atalarynyň aladasynyň, söýgüsiniň we goragynyň gerekdigini belläp geçdiler. “Bütindünýä çagalar güni” wideo ýazgysyny görmekden ruhlanan çagalar ýürekden çykýan şatlygyny beýan edýän tanslar bilen çäräni jemlediler.