Türkmenistan ähli çagalar üçin zerur sanjymlara durnukly maýa goýumlaryň goýulmagyny üpjün edýär
Bütindünýä immunizasiýa gününiň şanyna ÝUNISEF ýurtda ýaşaýyş ähmiýetli sanjymlaryň ähli çagalara tölegsiz we elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin döwlet tarapyndan dowamly maýa goýumlary goýýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlygyny bildirdi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer: “Immunizasiýa çagalaryň sagdyn geljegi üçin saglygy goraýyş ulgamyna goýlup bilinjek üstünlikli we ykdysady taýdan netijeli maýa goýumlaryň esasylarynyň biridir. Dünýäde her ýyl sanjym bilen öňüni alyp bolýan kesellerden 1.5 milliona golaý çaga aradan çykýar. Munuň birnäçe sebäpleri bar, olara sanjym hyzmatlarynyň elýeterliligi bilen bagly meseleler we immunizasiýa maksatnamalaryna sarp edilýän ýeterliksiz adam we maliýe serişdelerini degişli etmek mümkindir. Türkmenistanda immunizasiýa dowamly we artýan maýa goýumlaryň goýulmagy, ýurtda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga we geljekki nesliň mümkinçiliklerini artdyrmaga möhüm ornuň berilýändigini alamatlandyrýar. Zenanlaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň diri galmagy, sagdynlygy we abadançylygy durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini ýerine ýetirmek üçin örän wajypdyr. ÝUNISEF mundan beýläk hem sanjym senenamasy üçin immunizasiýa gerekli ýaşaýyş ähmiýetli serişdeleri satyn almak hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde we milli sanjym senenamasyna täze sanjymlary girizmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berer” diýip, Bütindünýä waksinasiýa hepdeligine bagyşlanan çykyşynda aýtdy.
2015-nji ýylda geçirilen Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagyň netijelerine laýyklykda, çagalaryň 95%-den gowragy waksinasiýa bilen doly gurşalyp alyndy we çagalar üçin beýleki zerur abadançylyk görkezijilerinde ösüş gazanyldy. Bu berk syýasy tutanýerliligiň we döwlet serişdeleriniň immunizasiýa, şeýle-de saglygy goraýyş, bilim we enäni we çagany durmuş taýdan goraýyş maksatnamalaryna gönükdirilmeginiň netijesidir. Immunizasiýa diňe ölümden halas etmän, eýsem ilatyň durmuş-ykdysady abadançylygyna goldaw berýär we kesel sebäpli çekilýän saglygy goraýyş, maliýe we zähmet öndürijilik ýitgileriniň öňüni almagyň hasabyna maýa goýlan her 1 ABŞ dollarynyň 16 ABŞ dollary bolup gaýdyp gelmegine getirýär.
2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNISEF 5 ýyllyk möhlet bilen bahasy 40 million ABŞ dollaryna barabar bolan ýaşaýyş ähmiýetli sanjymlary satyn almak boýunça Özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekdiler. Bu Ähtnama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine çagalaryň ýaşaýşy we saglygy üçin zerur bolan derman serişdelerini we enjamlary satyn almaga mümkinçilik berýär. Öň 6 ýyl möhlet bilen baglaşylan resminama bilen deňeşdirilende, bu Ähtnamanyň umumy bahasy iki esse artdy. Bu bolsa ýurduň Hökümetiniň sanjymlaryň kömegi bilen öňüni almak mümkin bolan dürli kesellerden çagalary goramaga jogapkärli garaýandygyny aňladýar.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky immunizasiýa boýunça hyzmatdaşlyk 1994-nji ýylda ýurduň Hökümeti “Sanjym garaşsyzlygynyň başlangyjy” atly ylalaşyga gol çeken pursatyndan başlap ýola goýuldy. Şondan bäri Türkmenistan sanjymlary satyn almakda özbaşdak bolup, immunizasiýanyň ýokary derejesini saklap gelýär. ÝUNISEF we BSGG Türkmenistanyň Hökümetine poliomiýeliti ýok etmekde, immunizasiýa maksatnamalaryny dolandyryş boýunça okatmakda, immunizasiýanyň howpsuz usullaryny girizmekde, bar bolan sowuklyk zynjyr desgalaryny döwrebaplaşdyrmakda we sanjymlary paýlamagyň we ulanmagyň kompýuterleşdirilen gözegçilik ulgamyny işläp taýýarlamakda goldaw berdi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Hökümeti ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän edaralaryň ählisiniň sowuklyk zynjyry enjamlaryny täzeledi, şeýle-de ýurduň çäginde 9 ýaşly gyzlar we oglanlar üçin adamyň papilloma wirusyna garşy täze sanjym girizdi.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.