ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine deksametazon derman serişdelerini gowşurdy

15 Mart 2022
UNICEF
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 15-nji mart – Bahasy 413 000 ABŞ dollaryna barabar bolan deksametazon derman serişdeleri, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan tutuş Türkmenistan boýunça, degişli saglygy goraýyş edaralaryň arasynda paýlamak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine gowşuryldy.

Agramy 4,4 tonna girdejiklerden we ampulalardan ybarat bolan, ÝUNISEF tarapyndan maliýeleşdirilýän deksametazon dermanlary, dowam edýän pandemiýanyň şertlerinde, ýiti ýokanç kesellere garşy göreşe taýýarlyk we zerur çäreleri görmek boýunça milli meýilnamanyň durmuşa geçirilmegine goşant goşar we dem alyş ýollarynyň ýokanjy bolan agyr hassalary bejermekde örän wajyp derman bolup hyzmat eder. Deksametazon derman serişdeleri, çagalaryň we uly ýaşly hassalaryň bejergilerine ýardam beriji usul hökmünde giňden ulanylýar.

«Bütin dünýäde pandemiýanyň ýüze çykan döwründen bäri, ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine yzygiderli goldaw berip gelýär we synagdan geçen, şeýle hem dem alyş ýollarynyň keseli bar bolan näsaglaryň saglygy üçin öz ýokary netijeliligini subut eden deksametazon dermanynyň şu gowşurylan tapgyry, her bir çaganyň sagdyn durmuşyny üpjün etmekdäki biziň ysnyşykly hyzmatdaşlygymyzy aýdyň görkezýär» - diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea gürrüň berýär.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda ÝUNISEF, çagalar we maşgalalar üçin zerur bolan dermanlary, keselleriň öňüni almak üçin waksina sanjymlaryny we arassaçylyk enjamlary bilen bagly satyn alyş we gowşuryş hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen Türkmenistanyň hökümetine yzygiderli goldaw berip gelýändigini aýratyn bellemek gerek.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.