Waksinasiýalar we COVID-19: ene-atalara nämeleri bilmek zerur

COVID-19 pandemiýasy döwründe çagaňyz üçin meýilnama boýunça sanjymlary howpsuz ýagdaýda nähili almaly.

ÝUNISEF
Waksinasiýalar we COVID-19: ene-atalara nämeleri bilmek zerur
ÝUNISEF
05 Oktýabr 2020

Koronowirus keseli 2019-ň (COVID-19) ýaýramagy özi bilen gorky we nämälimlik hem alyp geldi. Köp ene-atalar haçan COVID-19-ň garşysyna sanjym taýýar bolar we bu pandemiýa döwründe çagalara meýilnama boýunça sanjymlary almalymy diýen soraglary berýärler. Hut şunuň üçin, bu ýerde has köp ýüze çykýan soraglaryňyza jogap bermekçi bolýarys.

Koronowirus keseline (COVID-19) garşy sanjym haçan elýeter bolar?

Häzirki wagta (8-nji sentýabra) çenli COVID-19-ň garşysyna hiç hili anyk sanjym ýa-da bejergi ýok. Dünýäniň dürli ýerlerinde bilermenler bu keseliň garşysyna sanjymy döretmek üçin uly tagalla edýärler. Dogrusy, bir wagtda dürli sanjymlary döretmegiň üstünde işleýärler. Sanjymy döretmekde täzeçil, az-kem Ebola we SARS (agyr ýity dem alyş ýollarynyň sindromy) ýaly kesellere garşy ulanylan çemeleşmelerden peýdalanylýar. Eger şowly bolsa, bu taryhda iň çalt döredilen we barlagdan geçen sanjym bolar.

Ylmy-barlag işgärler hem bu wirusyň bedende ýaýrama tizligini haýallandyrmak we onuň näsag adamlarda döredip biljek agyr netijelerini  azaltmak üçin dermanlary ýasamagyň üstünde işleýärler. Emma hatda iň çalt usullar ulanylsa-da, täze bir kesele garşy derman serişdelerini adamlarda ulanmagyň howpsuzlygyny we netijeliligini barlamak zerur bolup durýar.  

 

COVID-19 pandemiýasy döwründe hem çagam meýilnama boýunça sanjymlary almalymyka?

COVID-19 pandemiýasy döwründe hem çagam meýilnama boýunça sanjymlary almalymyka?

COVID-19-ň gündelik durmuşymyzy bozýan döwründe, muňa “hawa” diýip, gysgaça jogap berýäris. Nirede lukmançylyk hyzmatlary elýeter bolsa, şol ýerde çagaňyza sanjym etdirmäge synanşyň. Çagalaryň we bäbekleriň sanjymlaryny wagtly-wagtynda almagy wajypdyr, çünki olar çagalary agyr kesellerden goraýarlar. Bu çagalaryňyz beýleki çagalar bilen gatnaşyga girenlerinde, olaryň hem käbir beýleki kesellerden goranyp biljekdigini aňladýar.

Eger immunizasiýa hyzmatlary ozalkysy ýaly entek hem hereket edýärmikä ýa-da ýok diýip ikirjeňlenseňiz, bu barada öz lukmanyňyz bilen habarlaşyň, sebäbi COVID-19 bilen baglanşykly ýagdaý günde üýtgäp dur we siziň lukmanlaryňyzyň ýagdaýlaryň üýtgeýişine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlaryny sazlaýan bolmagy mümkindir. Çagaňyzyň indiki sanjymlary wagtynda saglyk öýi bilen habarlaşyp bilmeseňiz, hyzmatlar ýola goýulan dessine habarlaşar ýaly özüňiz üçin ýatdan çykmaz ýaly bir ýere bellik edip goýuň.

Bu keseliň ýaýramagyndan biz nähili sapak alyp bileris diýip pikir edýärsiňiz? Ol beýleki keseller we waksinasiýa geçmek çözgüdi barada bize nämeleri öwredip biler?

Bu keseliň ýaýramagy bize sanjymlaryň nähili ähmiýetlidigini ýatladýar. Bu bize haýsydyr bir keseliň garşysyna sanjym elýeter bolanda, biziň çagalarymyzy we özümizi wagtynda sanjym etdirmegimiziň hökmanlygyny görkezýär.   Sanjymlary goragy bolmasa, keseller elhenç netijeleri bilen çalt ýaýrap bilýär. Mysal üçin,  gyzamyk we beýleki keseller hemişelik töwekgelçilik bolmagynda galýar. Bu keselleriň garşysyna sanjymlaryň bizi goraýanlygyna biz diýseň bagtlydyrys.

Sanjymlar nähili täsir edýär?

mikroorganizmiň işjeňligi togtadylan görnüşini (bakteriýa ýa-da wirus) bedenimize girizmek arkaly ýokançlara garşy göreşmegi öwrenmäge kömek edýärler. Onuň işjeňliginiň togtadylanlygy sebäpli, ol bizi keselledip bilmeýär. Muňa garamazdan, ol biziň bedenimiziň immun ulgamyna antibedenjikler diýip atlandyrylýan goragçylary döretmäge itergi berýär. Soňra,  haçan hem bolsa bu mikrob size ýokuşaýsa, bedeniňiziň immun ulgamy eýýäm onuň bilen nähili göreşmelidigini bilýär. 

 

Sanjymlar hakyndaky iň soňky maslahatlary nireden tapyp bilerin?

Lukmanyňyz bilen habarlaşyň, ýerli we milli saglygy goraýyş edaralarynyň websaýtlaryna salgylanyň we BSGG-ň we ÝUNISEF-iň maslahatlaryna eýeriň.

Özümi we beýlekileri COVID-19-dan nähili gorap bilerin?

Ýokançdan gaça durmakda size we maşgalaňyza kömek edip biljek käbir seresaplylyk çäreleri şulardan ybaratdyr:

  • Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak ýa-da el üçin antiseptik ulanmak.
  • Ýüzüňizi, hususan-da gözleriňizi, burnuňyzy we agzyňyzy ellemekden gaça durmak.
  • Asgyrýan ýa-da üsgürýän bolsaňyz, agzyňyzy we burnuňyzy tirsegiňiziň epini ýa-da kagyz süpürgiç bilen ýapyň. Ulanylan kagyz süpürgiji derrew zibil gabyna zyňyň.
  • Köp adamly ýerlere barmakdan we adamlara has ýakyn durmakdan gaça duruň. Islendik sowuklan ýa-da dümewe çalyşdaş alamatlary bolan adam bilen howpsuz araçägi saklaň.
  • Adamlar bilen elleşmekden, gujaklaşmakdan we ogşaşmakdan gaça duruň. Nahary, gap-gaçlary , käseleri we el süpürgiçleri paýlaşmakdan gaça duruň.
  • Köp ellenilýän ýerleriniň, şol sanda, telefonlaryň, gapylaryň tutawaçlarynyň, çyra öçürijileriň, uzakdan dolandyrýan enjamlaryň we iş tagtalarynyň ýüzlerini arassalaň we dezinfisirläň.
  • Özüňizi ýarawsyz duýsaňyz, hatda sähelçe gyzgynyňyz we üsgülewigiňiz bolsa-da, öýde galyň.
  • Üsgürýän ýa-da asgyrýan bolsaňyz ýa-da COVID-19 bilen kesellän bolmagy güman edilýän kimdir birine äňedýän bolsaňyz, agyz-burun örtügini dakynyň. Saglygy goraýyş işgärleri hökman lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmalydyrlar.

Heniz 1 ýaşyna ýetmedik bäbegim bar. Çagamy COVID-19-dan nähili gorap bilerin?

Elleriňizi ýuwmak, howpsuz araçägi saklamak we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ýaly ene-atalara eýýäm berilen maslahatlaryň ählisinden başga-da, olar körpeleri ýokançdan goramak üçin goşmaça çäreleri görmelidirler. Mümkin bolsa, bäbegiňizi ene süýdi bilen iýmitlendiriň. Häzirki wagtda bu wirusyň ene süýdi arkaly geçip bilýänligi hakynda anyk subut edilmedik ylmy maglumatlar bar, emma siz howa arkaly keseliň geçmezligi üçin adaty arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli we dem alyş ýollaryny goramaly (emdirýän, şeýle-de beýleki wagtlarda-da). Bar bolsa, günde bir gezek iş tagtalarynyň we arlyk çalyşylýan ýerleriň ýüzüni antibakterial süpürgiçler bilen süpüriň.

Olar bilen görüşýän adamlaryň sanyny azaltmak üçin çagalaryňyzyň hemmesine şol bir enekeleriň äňetmegini üpjün etjek boluň. Şol enekeler olary yzygider ellerini ýuwmaga, käseler ýaly içilýän zatlaryny paýlaşmakdan gaça durmaga we özlerini näsag duýsalar, onda bir-biriniň ýanyna gelmezlige ruhlandyrmalydyrlar.

Çagamda COVID-19-ň alamatlary ýüze çyksa näme etmeli? Ony lukmana görkezmäge alyp gitse bolarmy?

Çagaňyzyň bokurdagy agyrsa, üsgürse ýa-da gyzgyny bar bolsa, ony alyp gitmezden ozal lukmanyňyza ýa-da saglygy goraýyş işgärine jaň edip, maslahat alyň. Hassahanada ýokanjyň beýlekilere ýaýramgynyň öňüni almak üçin ýörite düzgüni hereket edýän bolmagy mümkindir. Eger çagaňyzda, dem gysma, ýa-da adatdan daşary ýarawsyzlyk ýaly has ýiti alamatlar ýüze çyksa, tiz kömek gullygyna jaň ediň, ýa-da ony iň golaýdaky tiz kömek bölümine alyp gidiň.

COVID-19 bilen keselläň köp çagalarda keseliň alamatlary ýiti bolmaýar ýa-da hiç hili alamat bolman hem bilýär. Emma bu keseliň agyr degiş biljek ýaşululary we beýlekileri agyr ýokançlardan goramak wajypdyr. Şonuň üçin, eger COVID-19 ýokuşar ýa-da ýokuşandyr diýip pikir etseňiz, çagaňyzy öýde saklaň, emma maslahat almak üçin lukmanyňyza ýa-da saglygy goraýyş işgärine jaň ediň.

Dümew ýaly beýleki dem alyş ýollarynyň ýokançlarynda boluşy ýaly, eger sizde ýa-da çagaňyzda keseliň alamatlary ýüze çyksa, irgözinden lukmançylyk kömegini alyň. Köpçülik ýerlerine barmakdan (iş ýerine, mekdeplere, ýa-da jemgyýetçilik ulaglaryna ýaly) gaça duruň we maşgalanyň ýaşuly ýa-da immuniteti gowşak agzalaryň golaýyna barmaň. Eger ýaşuly adam bilen ýaşaýan bolsaňyz, onda hojalykda ýaşuly nesiliň wekilleri bilen beýleki nesilleriň aýratynlykda saklanmagy malahat berilýär.

 

Koronowirus keseli-2019 (COVID-19) üçin çagamy barlagdan geçirmek hökmanmy?  

Eger çagaňyz sagdyn bolsa we onda hiç hili keseliň alamatlary bolmasa (gyzdyrma, üsgürme ýa-da demgysma ýaly), onda çagaňyzy barlatmagyň zerurlygy ýok. COVID-19-dan maşgalaňyzy goramak üçin ähli esasy çäreleri görüň.