Milli ene süýdi hepdeligi

Ene süýdi bilen iýmitlenmegi ileri tutmak: durnukly goldaw ulgamlaryny gurmak

Sülgün Berdiýewa, Çaganyň irki ösüşi boýunça ÝUNISEF-iň milli maslahatçysy
Çagasyny elinde saklap duran zenan
UNICEF Turkmenistan
02 Sentýabr 2025

Her ýyl sentýabr aýynyň 1-7 nji günleri aralygynda  Türkmenistanda milli ene süýdi hepdeligini bellenilýär. 2025-nji ýyldaky hepdelik  Bütindünýä ene süýdi hepdeligi - “Ene süýdi bilen iýmitlenmegi ileri tutmak: durnukly goldaw ulgamlaryny gurmak” şygary bilen geçirilýär. Bu hemme ýerde ene süýdi bilen emdirýän enelere dowamly we deň hukukly goldaw döretmek üçin çagyryşdyr. Bu hepdelik diňe bir saglygy goraýyş ulgamyndaky wagyz-nesihat çäreleri dälde, eýsem çagalaryň, maşgalalaryň we ýurduň geljegine maýa goýmak üçin möhüm hereketdir.

Bu hepdelik ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramaga, ösdürmäge we goldamaga bagyşlanýar. Bu hepde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdalary barada habarlylygy ýokarlandyrmak we enelere çagalaryny üstünlikli emdirmäge mümkinçilik berýän amatly gurşawy ösdürmek üçin platforma bolup hyzmat edýär. Milli ene süýdi hepdeliginde, jemgyýetçilik tarapyndan ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýetine we eneler üçin goldaw gurşawyny döretmek üçin ädim ätmäge aýratyn üns berilýän pursatdyr.

Milli ene süýdi hepdeligi näme üçin möhüm?

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çaganyň ýaşamagynyň, iýmitlenmeginiň we ösüşiniň esasydyr. Bu hadysa cagany zerur bolan ýokumly iýmit maddalary bilen üpjün edýär, immunitetini güýçlendirýär we ene bilen çaganyň arasynda güýçli mähirli baglanyşyk döredýär. Eneler üçin çagasyny öz ene süýdi bilen iýmitlendirmek, käbir howply täze emele gelmeleriň döremek howpuny peseldýär we çaga doglandan soň enäniň dikelmegine kömek edýär. Görnüp duran  peýdalara garamazdan, aýallaryň köpüsi kynçylyklara duş gelýärler: daş töweregindäki adamlardan goldawyň bolmazlygy, nädogry maglumat almagy we jemgyýetçilik tarapyndan dartgynlygyň bolmagy. Milli ene süýdi hepdeligi bu meseleleri ýüze çykarmaga we çözgütleri öňe sürmäge kömek edýär, her bir çaganyň durmuşda iň gowy başlangyjyny üpjün edýär.

Milli ene süýdi hepdeligi nädip gatnaşyp bolar?

Bu dabara gatnaşmaklyk aýratynlykda ýa-da köpçülikleýin bolup biler. Goşant goşmagyň ynha birnäçe usullary:

  • Maglumatlary öwreniň we ýaýradyň: Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdalary barada has giňişleýin öwreniň we bilimleriňizi daş töweregiňizdäki beýleki adamlar bilen paýlaşyň.
  • Eneleri goldaň: Maşgalaňyzda ýa-da jemgyýetiňizde ene süýdi bilen emdirýän aýallara kömek ediň we höweslendiriň.
  • Ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin hoşniýetli syýasatlary goldaň: Iş ýerlerinde we köpçülik ýerlerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldaýan başlangyçlary we gurşawy höweslendiriň.
  • Çäreleri gurnag: Ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin seminarlar, ýygnaklar, goldaw toparlary we beýleki çäreleri geçiriň.
  • Sosial Internet torlary ulanyň: Resmi kampaniýa hastaglaryny ulanyp,mowzuk boýunça hakykaty, hekaýalary we materiallary paýlaşyň. 

Milli ene süýdi hepdeligi hakda gyzykly maglumatlar:

  • Milli ene süýdi hepdeligi  köpçülik ýerlerinde we iş ýerlerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldaýan syýasatlary öňe sürmäge kömek edýär.
  • Bu hepdelik her ýyl ene süýdi bilen iýmitlenmegiň goldawynyň möhüm taraplaryny açyp görkezýän belli bir wajyp mowzuga ünsi jemleýär.
  • Kampaniýa, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bäbekler we eneler üçin peýdalary barada global düşünjäni ep-esli ýokarlandyrdy.
  • Milli ene süýdi hepdeligi  ene süýdi bilen emdirýän eneler üçin jemgyýetiň gatnaşmagyny we durnukly goldaw ulgamlaryny döretmegi höweslendirýär.