Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň Bütindünýä hepdeligi mynasybetli ÝUNISEF-ň ýerine ýetiriji müdiri Genrietta Foruň we BSGG-niň baş müdiri Dok.Tedros Adhanom Gebreýesusyň bilelikdäki beýannamasy

2021-nji ýylyň 2-nji awgusty, Nýu-Ýork / Ženewa – “Bu ýylyň başynda hökümetler, donarlar, raýat jemgyýeti we hususy pudak “Ösüş üçin iýmit” atly hereketleriň ýylyna badalga bermek üçin ýygnanyşdylar. Hereketleriň bu ýyly çagalaryň ýeterlik iýmitlenmezligini aradan aýyrmak üçin ähliumumy borçnama dünýäniň çemeleşiş ýoluny üýtgetmek üçin taryhy mümkinçilikdir.
“Ene süýdi bilen iýmitlendirme bu borçnama üçin wajypdyr.
“Dogumyň ilkinji sagadyndan ene süýdi bilen iýmitlendirmä girişme, alty aýlap diňe ene süýdi bilen iýmitlendirme we ene süýdi bilen iýmitlendirmäni iki ýyla ýa-da ondan hem köp wagta çenli dowam etme çagada ýeterlik iýmitlenmezligiň, şol sanda, ysgyndan düşmäniň we aşa semizligiň dürli görnüşlerine garşy güýçli goranyş ulgamyny emele getirýär. Ene süýdi bilen iýmitlendirme şeýle-de bäbekler üçin olary köp adaty çaga kesellerinden goraýan ilkinji sanjym hökmünde çykyş edýär.
“Soňky dört onýyllygyň içinde ene süýdi bilen iýmitlendirmäniň görkezijilerinde ösüş gazanylsa-da, bütin dünýä boýunça diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmäniň derejesi 50 göterim bolsa-da, COVID-19 pandemiýasy bu ösüşleriň entek asgynlygyny görkezýär.
“Köp ýurtlarda, pandemiýa ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça goldaw hyzmatlarynyň işinde düýpli bökdençlikler döretdi we şol bir wagtda, iýmit howpsuzlygy we ýeterlik iýmitlenmezlik töwekgelçiligini ýokarlandyrdy. Birnäçe ýurtlar çaga iýmit önümlerini öndürijileriň esassyz howatyrlanmalary dörenligi we ene süýdi bilen COVID-19 ýokuşyp bilýänligini we öz önümleriniň ene süýdüniň deregine has howpsuz önümler diýip mahabatlandyrmak arkaly bu töwekgelçilikleri ýokarlandyrandyklaryny habar berdiler.
«Bu ýyl Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň Bütindünýä hepdeligi «Ene süýdi bilen iýmitlendirmäni gorama: umumy jogapkärçilik» atly mowzuga bagyşlanandyr, - bu eneler we bäbekler üçin ene süýdi bilen iýmitlendirmäge oňaýly gurşawy ileri tutumak arkaly bu ýylyň başynda üstümize alan borçnamalarymyza ýaňadan seretmegiň wagtydyr:
- Eneleri çaga iýmit önümlerini öndürijileriniň agressiw marketing usullaryndan goramak üçin döredilen ene süýdüniň deregine ulanylýan emeli iýmit önümlerini ýerlemegiň Halkara düzgünleriniň ýygyndysynyň hökümetler, saglygy goraýyş işgärleri we önümçilikleri tarapyndan doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek.
- Eneleriň çagalaryny göwüs süýdi bilen iýmitlendirmegini, şol sanda, Çagalara hoşniýetli garamagyň hassahanasy, we ene süýdi bilen iýmitlendirme boýunça maslahat bermek üçin ugrukdyryjy ýörelgeler ýaly ähliumumy tagallalar arkaly netijeli goldamak üçin saglygy goraýyş işgärlerini serişdeler we maglumatlar bilen üpjün etmek.
- Iş berijileriň enelere çagalaryny ene süýdi bilen iýmitlendirmegi üçin wagt we ýer bermegini; şol sanda, has dowamly wagt üçin göwrelilik rugsady bilen tölegli zähmet rugsadyny bermegini; iş ýerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin howpsuz ýeri; çagalara seretmek üçin arzan we ýokary hilli hyzmatlaryň elýeterliligini; we ähliumumy çaga kömek pullaryny we deň zähmet haky üpjün etmek.
«BMG-niň azyk ulgamlary boýunça sentýabrda geçjek Ýokary derejedäki maslahaty we dekabrda Tokioda geçjek «Ösüş üçin iýmit» atly ýokary derejedäki maslahaty golaýlaşdygyça hökümetler, donarlar, raýat jemgyýeti we hususy pudak - hemmesiniň göwnejaý maýa goýumlaryny goýmaga we has aýgytly syýasat, maksatnamalar we hereketler arkaly iýmit ýetmezçiliginiň global kynçylygyny ýeňip geçmek, şol sanda, ene süýdi bilen iýmitlendirmäni goramak, wagyz etmek we goldamak boýunça borçnamalary öz üstlerine almaga mümkinçilik alýarlar.
«Häzir bize depginimizi gowşatmagyň wagty däl. Uly maksatlary tutmagyň wagty ýetdi. Her bir çaganyň talaba laýyk, howpsuz we elýeter iýmite we talaba laýyk iýmitlenmäge bolan hukugynyň durmuşyň ilkinji gününden, ene süýdi bilen iýmitlenip başlanýan wagtyndan berjaý edilmegini kepillendirmek bilen biz “Ösüş üçin iýmit” atly Hereketleriň ýylynyň şowly bolmagy üçin jan ederis».
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.