Koronowirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy döwründe göwreliligi ugrykdyrma
Tejribeli akuşeriň özüňizi we çagaňyzy goramagyň iň gowy usullary hakynda maslahatlary

Göwrelilik tolgunmalardan we umytlardan doly aýratyn bir döwürdir. Emma geljekki eneler üçin koronowirus keseliniň (COVID-19) ýaýramagy bilen bu bagtly döwri gorky, alada we nämälimlik gurşap alýar. Eneleriň özlerini we balalaryny nähili gorap biljekdikleri hakynda has köp zatlary öwrenmegi üçin biz Akuşerleriň halkara konfederasiýasynyň prezidenti Franka Kade bilen söhbetdeş bolduk.
COVID-19 täze wirus we ony öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri dowam edýär. Täze maglumatlar elýeter bolan badyna biz bu makalanyň üstüni olar bilen ýetireris.
Çaga dogmazdan öňki lukmançylyk barlaglaryny dowam etdirmek howpsuzmy?
Öýde galmak, daşarda howpsuz araçägi saklamak ýaly seresaplylyk çäreleri görülýän döwürde köp göwreli eneler lukmana görünmäge gitmekden howatyrlanýarlar. “Bu pursatda dünýäde hünärmenleriň emele gelen ýagdaýa nähili uýgunlaşýanlygyny synlamak mümkin. Mysal üçin, akuşerler telefon arkaly maslahat berýär ýa-da käbir duşuşyklary guraýar, şonuň üçin çagalary we olaryň ösüşini fiziki taýdan barlamak az wagty alýar, diýip Kade aýdýar. “Men göwreli eneleriň özlerini we saglygy goraýyş işgärlerini ýokanjyň geçmeginden goramak üçin lukmanlary bilen seýrek görüşmegi we diňe zerur wagty saglyk öýüne gelmegi maslahat berýärin”.
Ýagdaýlaryna laýyklykda şeýle üýtgeşmeler aýry-aýry näsaglar üçin hem ýola goýulmagy mümkin, mysal üçin pes töwekgelçilikli göwrelilere garanda ýokary töwekgelçilikli göwreliler.
Kade enelere lukmanlaryndan we ýaşaýan ýerlerinde nähili goşmaça mümkinçilikleriň barlygyny öwrenmegi maslahat berýär. “Siz hakynda alada edýän adam siz we siziň zerurlyklaryňyz barada has gowy bilýär, şeýlelikde, göbek ene ýa-da aýal lukmany size has gowy düşüner”. Çagaňyz doglandan soň hem terjibeli lukmanyň goldawyny we maslahatyny almagy, sanjymlary dowam etmek wajypdyr. Özüňiz we çagaňyz üçin şeýle çäreleri görmegiň iň howpsuz ýoly hakynda lukmanyňyz bilen gürleşiň.
Mende koronowirus keseli (COVID-19) bar bolsa, ol meniň çagama ýokuşarmy?
Göwrelilik döwründe bu wirusyň enesinden onuň çagasyna geçip bilýänligi hakynda heniz hiç zat bilmeýäris. Bu meseläniň entek hem ýüze çykýanlygyna garamazdan, Kade “COVID-19 wirusy waginal suwuklykda, göbek ganynda ýa-da göwüs süýdünde tapylmady”, diýýär. Häzirki güne çenli çagaýan suwunda ýa-da çaga ýoldaşynda COVID-19 tapylmady.
Siziň edip biljek iň gowy zadyňyz COVID-19 wirusynyň ýokuşmazlygy üçin ähli zerur seresaplylyk çärelerini görmek bolup durýar. Muňa garamazdan, eger göwreli bolsaňyz ýa-da ýaňy çaga dogran we ýarawsyzlyk duýýan bolsaňyz, onda haýal etmän lukmana ýüz tutuň we lukmanyňyzyň görkezmelerine eýeriň.
Hassahanada ýa-da saglyk klinikasynda dogurmagy meýilleşdirýärdim. Bu häzir hem gowy pikir bolup bilermi?
“Eneler göbek enelerden [ýa-da lukmandan] özleri üçin haýsy ýeriň howpsuz boljakdygy we nähili seresaplylyk çäreleriniň görülýänligini soramalydyrlar”, diýip Kade maslahat berýär. “Bu bolsa enä, onuň ýagdaýyna we saglygy goraýyş ulgamyna bagly”.
“Siz köp saglygy bejeriş edaralarynda dürli mümkinçilikler bardyr we ol ýerde COVID-19 wirusy bilen kesellänler bir girelgeden, beýlekiler bolsa başga girelgeden girýändir diýip umyt edip bilersiňiz. Emma käbir ýagdaýlarda bu asla mümkin däl”, diýip Kade aýdýar. “Meniň dogduk mekanym Gollandiýa ýaly girdejisi ýokary ýurtlarda, çagany öýde dogruma ýaly usul hereket edýär we ol saglygy goraýyş ulgamy bilen integrirlenendir. Şonuň üçin, bu ýagdaýda öýde dogurma howpsuz we köp eneleriň öýde dogurýanlygynyň şaýady bolarsyňyz [emma bu hemme ýurtlarda beýle däl]. Hatda Niderlandlarda belli bir myhmanhalary hem akuşerler eneleriň çaga dogurmagy üçin howpsuz ýer hökmünde ulanýarlar, şeýlelikde enä hassahana gitmäge zerurlyk ýok. Emma bularyň ählisi diňe şol ýerde şeýle”.
Has howpsuz ýol hökmünde, sizi göwrelilik we dogrum döwründe goldajak lukman bilen gürleşmek wajypdyr.
Ýoldaşym ýa-da maşgala agzam dogurýan wagtym meniň ýanymda bolup bilermi?
Her ýurtda dürli syýasat hereket edýär, emma çaga dogrulýan bölümde agyz-burun örtügini dakynma we ellerini ýuwma ýaly talabalaýyk seresaplyk çäreleri görülýän bolsa, Kade aýallaryň dogurýan wagty ýanlarynda olara goldaw berjek kimdir biriniň bolmagy hökman hasaplaýar. “Käbir ýurtlarda adamlaryň aýallaryň ýanynda bolmaga rugsat berilmeýänliginiň şaýady bolýarys we bu meni aladalandyrýar. Çaga dogurýan wagty enäniň ýanynda adamlaryň sanynyň az bolmagyny isleýänligiňize, sebäbi galtaşmanyň az bolmagy üçin jan edýänligiňize düşünýärin we bu juda göwnejaý, emma goý enäniň ýanynda dogurýan wagty kimdir biri, bir adam –ýoldaşy, aýal dogany, ejesi, [ýa-da onuň özüniň isleýän iň ýakyn biri] bolsun. Şeýle-de, haýyş edýärin, goý bäbejikler öz eneleriniň ýanynda bolsunlar”.
“Biz rehimdar bolmaly we her bir ýagdaýa bolşy ýaly düşünmeli, saglygy goraýyş işgärleri hem maşgala agzalary bilen birlikde sagdyn pikirlenip we bir-birine gulak salyp, uly tagalla edýärler. Meniň pikirimçe, biziň köpçülik bolup hyzmatdaşlyk etmek üçin dyrjaşmagymyz bu juda wajyp zat”.
Geljekki çaga dogurma hakynda diýseň köp ynjalyksyzlanýan. Muny ýeňip geçmek üçin men näme etmeli?
Çaga dogurjak ýeriňizi meýilleşdirme siziň ynjalyksyzlanmaňyzy ýeňleder we özüňize ynamyňyzy artdyrar, emma ýaşaýan ýeriňize laýyklykda, häzirki ýagdaýy öňünden kesgitleme mümkinçiligi az bolar. “Bu çaga dogurma işjeňligi başlanda kime jaň etmeli, dogurma wagtynda kim we nirede goldaw berer diýen zatlary öz içine alýar. Hassahanada adamlaryň we maşgala agzalaryňyzyň size goldaw bermegine degişli nähili çäklendirmeleriň boljakdygyny anyklaň” diýip Kade maslahat berýär.
Ol öýde rahatlanmak üçin “[elleri we aýaklary ýazma], dem alma boýunça maşklar we zerur bolsa akuşeriňize jaň etmek” ýaly ýönekeý zatlary hem maslahat berýär. “Özüňiz hakynda mümkin boldugyça köp alada ediň. “Gowy iýip-içiň, elleriňizi garnyňyzyň üstüne goýuň we göwreli bolmaklygyň bagtyny duýuň”.
Lukmanyma men nähili soraglary bermeli?
Kade siziň lukmanyňyz bilen gatnaşygyňyzyň bir-biriňize ynanyşmaga esaslanmagynyň wajyplygyny nygtaýar. “Siziň we siziň saglygyňyz bilen baglanşykly soraglaryň ählisini barada men ýaşyrman sorag bererdim. Lukmanyňyz, göbek eneňiz, aýal lukamny bilen araňyzda erkin gatnaşyk bolsa, olar hem bu zatlary siziň bilen açyk ara alyp maslahatlaşar we size hiç zady gizlemän jogap berer. Bu zatlary bilmäge siziň doly hukugyňyz bar, sebäbi saglygam, çagada siziňki”.
“Göbek eneler hem edil lukmanlar we şepagat uýalary ýaly işiň dowamynda barha artýan talaplara jogap bermeli bolýarlar we şonuň üçin, käwagt olara jogap bermek üçin biraz köp wagt gerek bolmagy mümkin”, diýip Kade belleýär. Ol lukmanyňyz bilen nähili we haçan habarlaşmagyň usulyny kesgitlemegi teklip edýär. Mysal üçin, lukman bilen görüşmegiň we gaýragoýulmasyz hyzmat üçin nähili habarlaşmagyň umumy tertibini düzüň. Hyzmatlaryň arasy kesilen ýa-da üýtgän ýagdaýynda, keseliň taryhy, şol sanda dogurymdan öňki barlaglar hakynda ýazgylaryň nusgasyny almak üçin lukmanlaryňyz bilen öňünden gürleşmek hem peýdaly bolup biler.
Çaga dogurymyny meýilleşdirmäge gezek gelende, sizi aladalandyrýan ähli soraglara jogap almak wajypdyr. Kade aşakdaky soraglary bermegi teklip edýär:
- Bu ýerde maňa koronowirus keseliniň ýokuşma (COVID-19) töwekgelçiligi barmy? Bu ýerde COVID-19 wirusy bilen kesellän kimdir başga biri boldumy?
- COVID-19 wirusy bilen kesellän adamlary beýleki kesellemedik adamlardan aýry nähili saklaýarsyňyz?
- Saglygy goraýyş işgärleri üçin ýeterlik gorag geýimleri barmy?
- Ýanym bilen kimdir birini alyp gelmäge maňa rugsat edýärlermi? Eger rugsat etmeýän bolsalar, näme üçin?
- Maňa bäbegimiň ýanymda bolmagyna rugsat edýärlermi? Eger rugsat etmeýän bolsalar, näme üçin?
- Men bäbegimi emdirip bilerinmi? Eger bilmeýän bolsa, näme üçin?
- Çagamy tebigy ýagdaýda doguryp bilerinmi ýa-da ony Kesar kesimi arkaly alarlarmy? Eger, şeýle bolsa, näme üçin kesip almaly?
Koronowirus keseli ýaýran ýagdaýynda (COVID-19), eneler hassahana gidenlerinde ýany bilen nämeleri alyp gitmeli?
“Eneriň ýany bilen hiç hili goşmaça zat alyp gitmeklerine zerurlyk ýok diýip pikir edýärin, emma olar öňünde ähli seresaplylyk çärelerini görmelidirler”, diýip Kade maslahat berýär.
Eger sagdyn bolsalar, käbir hassahanalaryň eneleri adatkydan ir öýlerine goýbermekleri mümkindir diýip pikir edýär. “Bu hem ýaşaýan ýerlerine , enelere we hassahanalara baglylykda, dürli bolup biler” diýip ol aýdýar we göwreli enelere “öz göbek enelerinden ýa-da ginekologdan şeýle ýagdaýda näme etmeliligi hakynda maslahat almagy” teklip edýär.
Doglandan soň, täze doglan çagamy COVID-19 wirusyndan goramak üçin men näme edip bilerin?
Edip biljek iň gowy zadyňyz ýagdaýy çylşyrymlaşdyrmazlykdyr: maşgalaňyz bilen boluň we häzirlikçe myhman kabul etmäň. “Çagalaryňyzyň (eger başga çagalaryňyz bar bolsa) beýleki çagalar bilen görüşmeýänligine göz ýetiriň. Maşgala agzalaryňyzyň ellerini ýuwýanlygyna we özleri hakynda ýeterlik alada edýänligine gözegçilik ediň”, diýip Kade aýdýar.
Kyn döwür bolsa-da, Kade maşgala bolup bu döwrüň oňyn tarapyny görmäge dyrjaşmagymyzy maslahat berýär. “Şeýle köp myhmany kabul etmek ýaş eneler we atalar üçin käwagt örän kyn bolup biler. Bu gezek [diňe] öz maşgalaňyzyň asudalygynyň lezzetini duýuň. Diňe öz çagaň bilen bolmaga, şol täze bir ynsany öwrenmäge we ol bagtdan lezzet almaga mümkinçilik juda özboluşly”.
Men göwreli ene. COVID-19 wirusynyň ýaýran döwründe özümi goramak üçin men näme etmeli?
Ylmy-barlaglara görä, adamlaryň beýleki toparyna garanda, göwreli enelere COVID-19 wirusynyň ýokuşma töwekgelçiligi ýokary däldir. Emma, şeýle-de bolsa, olaryň bedenlerinde we immun ulgamlarynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglanşyklylykda, göwreli eneler özleriniň göwreliliginiň soňky aýlarynda käbir öýken ýokançlary bilen agyr kesellemegi mümkindir we, şonuň üçin, seresaplylyk çärelerini görmek wajypdyr. Munuň göwreli eneler we olaryň bäbekleri üçin juda agyr boljakdygyny bilýärin, elbetde, olar özleri we bäbekleri hakynda alada edýärler we käwagt beýleki çagalar hakynda hem alada edýärler, emma biziň bilşimize görä, beýleki adamlar bilen deňeşdirende, göwreli enerleriň töwekgelçiligi ýokary däldir we şol sebäpden, olaryň hem edil islendik beýleki biriniň görýän çärelerini görmegi zerurdyr”, diýip Kade düşündirýär. Ol aşakdaky howpsuz araçägi saklama boýunça çäreleri görmegi maslahat berýär:
- Koronowirus keseliniň (COVID-19) alamatlary bolan islendik adamdan gaça duruň
- Mümkin bolsa, jemgyýetçilik ulaglaryna münmäň
- Mümkin bolsa, işiňizde öýden alyp baryň
- Köpçülik ýerlerinde adamlaryň uly we kiçi toplarlamalaryndan, hususan-da, üsti ýapyk ýa-da petiş ýerlerden gaça duruň
- Dostlaryňyz we maşgalaňyz bilen duşuşyklary çäklendiriň
- Akuşeriňiz, ginekologyňyz we beýleki zerur hyzmatlar bilen telefon, tekst habarlary ýa-da on-laýn hyzmatlar arkaly habarlaşyň
Goşmaça goranyş çärelere ýygy-ýygydan elleriňizi sabynlap ýuwmak, köp ellenilýän ýerleriň ýüzüni yzygiderli arassalamak we zyýansyzlandyrmak, COVID-19 bilen baglanşykly islendik alamatlara dykgatly bolmak we olar ýüze çykan ýagdaýynda, haýal etmän lukmana ýüz tutmak ýaly zatlar degişli bolup durýar.
Çagamy emdirmek howpsuzmy?
“Biziň bilşimize görä, göwüs arkaly iýmitlendirme doly howpsuz. Bu bäbegi üçin enäniň edip biljek iň gowy zadydyr”, diýip Kade aýdýar. Ylmy-barlaglar COVID-19-ň (ýokanjy döredip biljek wirusyň) ene süýdi ýa-da emdirme arkaly geçip bilmeýänligini görkezdi.
Eger özüňizde COVID-19 bardyr diýip sübhelenýän bolsaňyz, onda haýal etmän lukmançylyk kömegini almagyňyz we lukmanyň görkezmelerini berjaý etmegiňiz wajypdyr. Özüni ýeterlik derejede gowy duýýan eneler çagalaryny emdirmezden ozal agyz-burun örtüklerini dakynma, çagany ellerine almazdan öň we soň ellerini ýuwma, şeýle-de predmetleriň üstüni arassalama/zyýansyzlandyrma ýaly howpsuzlyk çärelerini görmelidirler. Eger özüňizi ýarawsyz duýsaňyz, süýdi süzüň we käse ýa-da çemçe ulanmak arkaly onuň bilen çagany iýmitlendiriň, we şol bir wagtda, howpsuzlyk çärelerini berjaý ediň.
Eger köp adamly ýerde ýaşaýan bolsam, näme etmeli?
Dünýäniň köp ýerlerinde aýallar birnäçe beýleki adamlar bilen ýakyn aralykda ýaşaýarlar we bu howpsuz araçägi saklamagy has kynlaşdyrýar. Şeýle ýerlerde «men dogrusy ähli köpçüligi göwreli eneler hakynda alada etmäge çagyrardym», - diýip Kade aýdýar. Ol adamlara mümkin boldugyça göwreli eneler bilen howpsuz araçägi saklamagy maslahat berýär. Şeýle-de olar üçin aýratyn hajathanalaryň göz öňünde tutulmagy hökmandyr.
«Elleriňizi ýuwmagyň wajyplygyny hem ýatdan çykarmaň. Biz ýöne ýere bu barada yzygiderli gaýtalamaýarys. COVID-19 we sabyn bir-birini halamaýarlar. Bu ýönekeý endik bize juda bähbitli bolup biler», - diýip, ol aýdýar. – Men hakykatdan-da islendik ýagdaýda-da, köpçüligiň we saglygy goraýyş işgärleriniň göwreli eneler üçin howpsuz we ähtibarly şeýle ulgamy we şertleri döretmäge ýardam etjekdiklerine ynanýaryn, sebäbi olar biziň geljegimize badalga berýärler ahyryn. Munuň bolsa gadyryny bilmegimiz gerek!»
Makalanyň üsti soňky gezek 2020-nji ýylyň 11-nji maýynda ýetirildi.
Söhbetdeşligi we makalany taýýarlan: Mendi Riç, Sanly kontentiň ýazary, ÝUNISEF.
[Bellik: Bu faýl surat] 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Spaniýada doglan gyz bäbek Sofiýa Karapetýan öz ejesi Lilit Grigorýan bilen Barselonadaky “Vall d’Hebron” hassahanasynda.