Göwreli we kiçi ýaşly çagaly eneler üçin maslahatlar

Eneler we olaryň bäbekleri üçin ýönekeý ideg maslahatlary

Sülgün Berdiyewa, Çaganyň irki ösüşi boýunça ÝUNISEF-iň milli maslahatçysy
Mother holding a child
UNICEF Turkmenistan
04 Sentýabr 2025

Ene süýdüniň ähmiýeti

Ene süýdi çaganyň dogry ösüp ulalmagy, sagdyn bolmagy üçin gerek bolan ähli ýokumly maddalaryny düzüminde saklaýar, olar bäbejigiň bedeninde ýeňil siňýär we doly özleşýär.Ene süýdüniň düzüminde ýeterlikli derejede suw hem saklanýandyr, çaga 6 aýlyk bolynça, ene süýdi çagany ýokumly iýmit maddalary we suw bilen hem doly üpjün edýändir. 

Diňe ene süýdünde çagany keselden goraýan gorag faktorlary saklanýar, olar çagany dürli kesellerden, şol sanda ýiti respirator, iç geçme we beýleki ýokançlardan goraýar. Şonuň üçin ene süýdüne “janly” süýt diýilýär. Ene süýdi çaganyň immunitetini berkitýär. Ene süýdi çagada allergiki keselleriň, gelejekde süýjüli diabetiň, semizligiň, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. 

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çaganyň akyl ýetirmek ukyplarynyň ösmegine, gözleriniň görüşiniň ýitiligine we aňynyň, hereketleriniň ösmegine, dişleriniň dogry ösmegine we gürleýşiniň ösmegine oňat täsir edýär. Ene süýdi arassa, hemişe gerekli ýylylykda saklanýar, ony taýýarlajak bolup wagt sarp etmeli däl, satyn almaly däl. Çaga üçin ene süýdüniň ornuny tutup biljek iýmit ýokdur.

Emdirmeklik ene üçin hem peýdaly, emdirýän pursatynda  ene bilen çaganyň arasynda guňňur mähirli  duýgusy ýüze çykýar we bu mähirli gatnaşyk olaryň arasynda ömürlik saklanýar. Emdirmeklik aýaly tiz göwreli bolmakdan goraýar, aýalda gan azlygyň öňüni alýar. Dowamly wagt göwsünden emdirmeklik, aýallarda göwüs mäziniň we ýumurtgalyklaryň howply täze döremeleriniň öňüni alýar.

Owuz süýdi

Çaga doglandan soň, birinji 3 gün enede owuz süýdi emele gelýär. Owuz süýdi az mukdarda emele gelsede, ol örän ýokumlydyr we bäbegiň iýmite, suwa bolan talaplaryny doly üpjün edýär. Ondan başga-da owuz süýdünde örän köp mukdarda immunoglobulinler saklanýar, olar bäbegi ýokançlyklardan goraýar. Şeýle-de owuz süýt bäbegiň aşgazan-içege ýollaryny peýdaly mikrofloralar (bifidumbakterin) bilen üpjün edýär we saglygyny berkidýär. Owus süýdüne taý gelip biljek iýmit ýokdur.

Wagtyndan öň, pes agramly doglan bäbekler üçin, öz ejesiniň süýdüniň aýratyn artykmaçlygyny belläp geçmelidir, ýagny bu eneleriň süýdüniň düzümi tapawutlanýar. Wagtyndan öň doglan ejizje bäbegiň talaplaryna laýyklykda, bu eneleriň süýdüniň düzümiň ýokumlylygy we çagany keselden goraýan immunoglobulinleriň derejesi has ýokary bolýar.  Şeýlelik-de, bäbek dünýä inen pursatyndan, diňe ejesiniň owuz süýdi bilen iýmitlenmelidir.

Emdirmekde berilýän maslahatlar

  1. Çaga doglan soň birinji 30 minudyň içinde ejesiniň owuz süýdünden emdirip başlamaly we çaganyň talabyna görä gije-gündiziň dowamynda ýygy -ýygydan emdirmeli. Çaga uzak ýatsa, 3 sagatdan oýaryp emdirmeli. Aýal ýygy-ýygydan emdirse, şonça-da köp süýt emele gelýär.
  2. Birinji 6 aýynda çagany diňe ene süýdi bilen emdirmeli, hatda suw bermegiň zerurlygy ýokdur. Ene süýdünde çaga üçin ýeterlik derejede ýokumly iýmit maddalary we suw saklanýar.
  3. Çaganyň 6 aýy dolan soň, ene süýdünden daşary goşmaça naharlar berip başlamaly.
  4. Çaga 3 ýaşaýança we ondan uly ýaşlarda hem ene süýdi bilen emdirmegi dowam etmeli. 

Emeli süýtler bilen çüýşelerden iýmitlendirmegiň, rezin emzikleri ulanmagyň howply taraplary

  1. Çüýşe bilen iýmitlenýän çagalar köp keselleýärler! Olarda içgeçme, öýken ýokançlygy ýaly keseller we beýleki ýokançly keseller ýygy duşýar hem-de gaýtalap durýar. Emeli süýtlerde çagany keselden goraýan immunoglobulinler ýok, ýokumly maddalar ýeterlikli däl, gowy siňmeýär, çagada allergiýa keselleri köp ýüze çykýar. Ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşyga ýardam bermeýär. Çaganyň uly ýaşlarynda semizlik, süýjüli diabet, allergiýa keselleri we beýleki birnäçe dowamly keseller köp ýüze çykýar.
  2. Rezin emzikler bilen çüýşelerden iýmitlendirilse, çaga enesiniň göwsüni emmekden ýüz öwürip bilýär. Rezin emzikler arkaly çaga ýokançlyklar ýokuşyp bilýär, rezinde zyýanly himiki jisimler saklanýar. Çaganyň dişleriniň nädogry ösmegine getirýär, gürleýşini yza galdyryp bilýär.