Maýyplygy bolan okuwçylary toplumlaýyn goldaw bilen gurşap almak

ÝUNISEF maýyplygy bolan çagaly maşgalalar üçin irki goşulyşma we goldaw gulluklaryny döretmäge ýardam berýär

Juli Pudlowski
Pupil at ECD Center in class
UNICEF/Julie Pudlowski
23 Maý 2018

Maýyplygy bolan çagalara sözleýiş terapiýasyny geçmek boýunça 40 ýyl tejribesiniň bardygyna garamazdan, Zöhre Tursunowa öz işini lezzetli hasaplaýar. Eşidiş nogsanlyklary bolan çagalara dodakdan okamagy we ene-atalara yşaratly hereketler bilen gürleşmegi öwretmek arkaly, ol çaga bilen ene-atanyň arasyndaky “sözleýşi” ýola goýmaga kömek edýär.

Zöhre häzirki wagtda Türkmenabat şäherindäki köpugurly merkezde işlemegini dowam edýär. Ol bu ýerde maýyplygy bolan çagalara logoped, ruhy keseller, irki bilim we bedenterbiýe hünärmeniniň ýardamyny berýär. Bu Zöhre üçin uly üstünlik –maýyplygy bolan çagalar we olaryň maşgalalarynyň jemgyýete goşulmagyny ýeňilleşdirmek üçin olara ilkinji gezek goldaw berilýär.

Pupil at ECD Center in class
UNICEF/Julie Pudlowski
Agyr eşidiş nogsanlyklary bolan çagalar maýyplygy bolan çagalar üçin Okuw-bilim merkezine gatnaýarlar. Okuw otagy ýörite eşidiş gurallary, gulaklyk enjamlar we ekranlar bilen abzallaşdyrylyp, eşidiş nogsanlyklary bolan çagalaryň 10 sanysyna hyzmat edýär.

ÝUNISEF dikeldiş merkezleriniň zynjyrynda maýyplygy bolan çagaly maşgalalar üçin irki goşulyşma we goldaw merkezlerini esaslandyrmaga ýardam berýär. Şeýle etmek bilen, maýyplygy bolan çagalaryň jemgyýete goşulmagyna gönükdirilen maşgala goldaw merkezleri we serişde merkezleri hökmünde bu hyzmatlary artdyrmagy maksat edinýär.