Ene süýdi bilen iýmitlendiriş: Milli adat

2006-njy ýyldan bäri, Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijisi 11%-den 59%-e çenli artdy.

Juli Pudlowski
Mother breastfeeds her first born
UNICEF/Julie Pudlowski
12 Aprel 2018

“Balasyny ilkinji gezek eline alan enäniň gözýaşy – bagt gözýaşydyr. Muny görmek tolgundyrýar.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek diňe çaga üçin däl, eýsem ene üçin hem peýdalydyr”.

Lukman Gülýaram Joraýewa

Soňky 29 ýylyň dowamynda lukman Gülýaram Joraýewa zenanlary ene süýdi bilen iýmitlendirmäge iterdi. Onuň işine başlan ýyllarynda Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň tejribesi dürli-dürlüdi. 20 ýyl mundan öň täze dogran enä dynç bermek üçin, çaga doglan dessine enesinden aýry ýere geçirilýärdi. Bäbek doglan güni ýörite erginler bilen iýmitlendirilip, diňe 24 sagat geçenden soň oňa ene süýdi berilýärdi.

Gülýaram lukmanyň zähmet çeken ýyllarynyň dowamynda ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň tejribesi üýtgedi. Häzirki wagtda çaganyň sagdyn durmuşyna badalga bermek we ene süýdüniň inmegi üçin, ony doglan badyna enesiniň döşüne goýýarlar.

Dogrumdan öň we soň, enelere çagany ilkinji 6 aýyň dowamynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň zerurlygy barada okuw geçilýär.

UNICEF
UNICEF/Gulyalek Soltanova

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, hassahana syýasatyndaky özgertmeler ýola goýuldy. Diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýetini öwrenmek üçin, 3 sany türkmenistanly bilermen 1993-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugradyldy. Olar dolanyp gelenden soň, dogrumdan soň birnäçe wagtyň dowamynda ene we çaga bir ýerde saklanylýan ilkinji bölümler açyldy.

1998-nji ýyla çenli ýurduň 64 dogrum öýünde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bu usulyýeti ornaşdyryldy we gazanylan netijeler “çaga hoşniýetli” diýlip yglan edildi.

Häzirki wagtda ene süýdi bilen iýmitlendirmek tutuş ýurtda umumy kabul edilen tejribe bolup, maşgalalar ýaşlara çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýärler. 2009-njy ýylda “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda” kanun kabul edildi. 2016-njy ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň maslahatlaryna laýyklykda bu kanuna üýtgeşmeler girizildi. 2006-njy ýyldan bäri, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň derejesi 11%-den 59%-e çenli artdy.

tuk-summary-CRC
UNICEF

Biz döwlet tarapyndan berilýän goldawy görýäris. “Ene süýdi bilen iýmitlendirmek hakyndaky” kanunyň ýardamy bilen, şeýle-de bäbekleri we çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça ÝUNISEF-iň alyp barýan işleriniň saýasynda, biz 3 ýaşdan kiçi çagalaryň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini gazanyp bileris. Bu biziň çagalarymyzyň sagdynlygy üçin örän zerur.