ÝUNISEF iýmitleniş meselelerini üns merkezine almak bilen, dünýä çagalarynyň ýagdaýy barada hasabaty taýýarlaýar

16 Oktýabr 2019
tuk-pressrelease-SOWC-nutrition
UNICEF

Şu gün, bütindünýä azyk gününde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliýeti 2019-njy ýyl boýunça dünýäde çagalaryň ýagdaýy baradaky esasy hasabatyň taýýarlanylyp başlanandygyny yglan etdi. “Çagalar, azyk önümleri we iýmitleniş: özgerýän dünýäde kadaly ösüş” atly hasabatda ýurtlaryň hökümeti, hususy sektor we beýleki degişli taraplar çagalaryň iýmitini bütindünýä gün tertibinde ilkinji orunda goýmaga we azyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge çagyrylýar.

Yglan ediş çäresinde çaganyň irki ýaşda, başlangyç mekdep we ýetginjeklik ýyllarynda iýmitlenişi barada pikir alşyldy. Çärä gatnaşyjylar çagalaryň iýmitde halaýan zatlary barada diňlediler, ýokary hilli azyk önümçiligi barada hususy sektoryň wekilleri bilen gürrüňdeş boldular we Türkmenistanda azyk we iýmitleniş ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça çözgütleri teklip etdiler.

Çagalaryň ýagdaýy baradaky hasabatda 5 ýaşdan kiçi çagalaryň üçden biriniň ýa-da 200 milliondan gowrak adamyň ýeterliksiz iýmitlenýändigi ýa-da artykmaç beden agramyndan ejir çekýändigi beýan edilýär. 6 aýlyk ýaşdan 2 ýaşa çenli çagalaryň üçden ikisi olaryň tiz ösýän beýnisini we bedenini iýmitlendirýän ýokumlary alyp bilmeýär. Bu olaryň beýnisiniň talabalaýyk ösmegine, bilim almagyna böwet bolýar, bedeniniň kesellere garşy göreşmeginiň peselmegine, ýokanç keselleriň artmagyna we köplenç halatda, ölmegine sebäp bolýar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand: “Iýmitlenişe maýa goýum goýmak, esasan hem çaganyň ömrüniň ilkinji 1000 gününde, ýagny göwrelilikden başlap 2 ýaşa çenli döwürde we ýetginjeklik ýyllarynda muňa üns bermek zerur, sebäbi bu çagalaryň akyl we beden taýdan ösmegi üçin iň amatly wagtdyr” diýdi.

Hasabatda 21-nji asyryň çagalarynyň kem iýmitlenişiniň ähli görnüşlerine doly baha berilýär. Onda 5 ýaşdan kiçi çagalarda ýaramaz iýmitlenmegiň 3 emgegi, ýagny ýeterliksiz iýmitlenmek, ýokumly serişdeleriň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan gizlin açlyk we artykmaç beden agramy barada beýan edilýär.

Hasabatda ýaramaz iýmitleniş we iýmitlendiriş çaga ömrüniň ilkinji günlerinden başlanýandygy barada aýdylýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çaganyň janyny halas edýän hem bolsa, mysal üçin 6 aýlyk ýaşdan kiçi çagalaryň bary-ýogy 42 göterimi diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilýär, süýt erginleri bilen iýmitlendirilýän çagalaryň sany bolsa barha artýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijisi Türkmenistanda 58% bolup, bu sebitde iň ýokary görkezijidir. Ortadan ýokary girdejili ýurtlar bolan Braziliýada, Hytaýda we Türkiýede süýt garyndylarynyň satuwy 2008-2013-nji ýyllar aralygynda 72 göterim ýokarlandy. Munuň esasy sebäpleri ýaramaz marketing we ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak, öňe sürmek we goldamak boýunça alnyp barylýan syýasatyň gowşaklygydyr.

Hasabata laýyklykda, 6 aýlyga golaý ýaşda çagalar ýumşak iýmitden gaty iýmite geçýän wagty, adamlaryň köpüsi nädogry iýmitlenişe geçýär. Dünýäde 6 aýlyk ýaşdan 2 ýaşa çenli çagalaryň 45 göterimine hiç hili ir-iýmiş ýa-da gök önüm berilmeýär. Çagalaryň 60%-den gowragy ýumurtga, süýt önümlerini, balyk we et iýmeýär.

Çagalar ulaldygyça olaryň nädogry iýmitlenişe sezewar bolmagy has hem artýar. Bu belli bir derejede şäherlerde we şäherden uzakda ýerleşýän ýerlerde aşa gaýtadan işlenen azyk önümleriň ýerliksiz marketingi we mahabaty we fast-fud we düzüminde şeker köp bolan içgi önümleriň artmagy bilen baglydyr.

Netijede, dünýäde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda aşa semizlik we artykmaç beden agramyndan ejir çekýänleriň sany artýar. 2000-nji ýylda 5-19 ýaşly çagalaryň 10-dan 1-i artykmaç beden agramyndan ejir çeken bolsa, 2016-njy ýylda bu görkeziji iki esse, ýagny takmynan 5-den 1 çaga çenli artdy. 1975-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu ýaş toparyna degişli artykmaç beden agramly gyzlaryň sany häzirki wagtda 10 esse, oglanlaryň sany bolsa 12 esse artdy. Bu görkeziji Türkmenistanda hem ýokarlanmagyny dowam edýär, ýagny bäş ýaşdan kiçi çagalaryň 6%-i bu emgekden ejir çekýär.

Şeýle-de hasabatda howa şertleri bilen bagly tebigy betbagtçylyklaryň azyk ulgamyna agramly zyýanyny ýetirýändigi bellenilýär. Mysal üçin, oba hojalyk ulgamyna ýetýän zeleliň çekilýän ýitgileriň 80%-ine gurakçylyk sebäp bolýar we çagalaryň we maşgalalaryň iýmitlenişine we iýmitiň hiline we elýeterliligine täsirini ýetirýär.

Ýeterliksiz iýmitlenmek bilen bagly meseläni çözmek üçin, hasabatda ÝUNISEF ýurtlaryň hökümetlerini, hususy sektory, hemaýatçylary, ene-atalary, maşgalalary we kärhanalary çagalaryň sagdyn ösmegine ýardam bermeklige çagyrýar, ýagny:

  1. Maşgalalaryň, çagalaryň we ýaşlaryň ýokumly önümler bilen iýmitlenmek hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak, şol sanda iýmitleniş gurşawynda bilimi kämilleşdirmek we zyýanly iýmite bolan talaby azaltmak üçin şekere salgyt salmak ýaly tejribä esaslanan kanunçylygy ulanmak arkaly iýmitlenişi gowulandyrmak.
  2. Sagdyn, amatly we elýeterli azyk önümleri bilen üpjün etmäge itermek bilen, azyk üpjünçileriň çagalar üçin bähbitli işjeňligi alyp barmagyny gazanmak.
  3. Takyk we düşnükli markalama we zyýanly iýmitiň marketingine berk gözegçiligi amala aşyrmak ýaly barlanan usullary ulanmak arkaly, çagalar we ýetginjekler üçin sagdyn iýmit gurşawyny döretmek.
  4. Iýmitleniş gurşawynda gazanylýan netijeleriň ähli çagalar üçin ýaýbaňlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, kömekçi ulgamlaryň, ýagny saglygy goraýyş, suw üpjünçilik we arassaçylyk, bilim we durmuş taýdan gorag ulgamlaryny gönükdirmek.
  5. Alnyp barylýan işleri ugrukdyrmak we işiň gidişine gözegçilik etmek üçin ýokary hilli we hakyky maglumatlary toplamak, seljermek we ulanmak.

Kristin Weýgand: “Ähli çagalaryň we ýaşlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini üpjün etmek üçin jebislikde hereket etmegimiz gerek. Bu saglygy goraýyş, oba hojalyk, suw üpjünçilik we arassaçylyk, bilim we durmuş taýdan gorag gurşawlaryndan bolan hyzmatdaşlarymyzyň bu işe goşant goşmagyny talap edýär. Bu hususy sektoryň ýokumly, zyýansyz we elýeterli azyk önümlerine maýa goýmagyna iterýän syýasatyň bolmagyny talap edýär. Bu jemgyýetiň bileleşmegini we sagdyn iýmitlenmegi goldamagyny talap edýär” diýdi.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.