Türkmenistanda aýallaryň we çagalaryň arasynda mikronutriýentler boýunça milli ylmy-barlaglary geçirmek üçin maglumatlary toplamak işi badalga aldy

22 Dekabr 2022
Data Collection Launched for the National Micronutrient Survey among Women and Children in Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

2022-nji ýylyň 22-nji dekabry: Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli dowam etjek aýallaryň we çagalaryň arasynda mikronutriýentler boýunça milli ylmy-barlaglary geçirmek üçin maglumatlary toplamak işine badalga berildi. Türkmenistanda aýallaryň we çagalaryň iýmitlenişini gowulandyrmakda wajyp ädim hökmünde, bu ylmy-barlag işi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF tarapyndan bilelikde geçirilýär we ol Türkmenistanda mikronutriýentleriň ýetmezçiliginiň dürli görnüşlerini ýaýranlygynyň hemmetaraplaýyn bahalandyrmasyny (demir, folik kislotasy, witaminler А we D) we çagalaryň we aýallaryň arasynda aşa horlugyň töwekgelçiliginiň käbir faktorlaryny üpjün eder. Maglumatlar dört maksatlaýyn toparlar boýunça ýygnalar: 1) öý hojalyklary, 2) 6-59 aý aralygyndaky mekdebe çenli ýaşly çagalar, 3) göwreli däl çaga dogurmaga ukyply aýallar (15-49 ýaş) we 4) göwreli aýallar.

Maglumatlar 12 topardan ybarat we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň halkara ylmy-okuw merkezinde maglumatlary toplamak boýunça iki hepdelik tizleşdirilen okuw geçen 60 meýdan işgärleri tarapyndan ýygnalar.

Bu ylmy-barlag işi Türkmenistanyň bäş welaýatynda we paýtagtynda geçiriler.  Ylmy-barlag işgärleriň toparlary öý hojalyklarynda maglumatlary, her etrapdaky saglyk öýlerinde bolsa gan we peşew ýaly biologik  nusgalary toplarlar.

Türkmenistanda aýallaryň we çagalaryň arasynda mikronutriýentler boýunça milli ylmy-barlaglaryň netijeleri çagalaryň we aýallaryň arasynda gany azlygyň ýaýramasyna düşünmäge kömek eder we şunuň bilen birlidke, gany azlygy azaltmak boýunça maksatnamalar üçin hakyky maglumatlara esaslanýan çözgütleri goldamaga ýardam eder diýip garaşylýar. Habarlylygy ýokarlandyrmak we maglumatlary üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň toplumyny geçirmek arkaly ylmy-barlag işleri çagalaryň we aýallaryň arasynda talabalaýyk iýmitlenmäniň usullaryny öňe sürmek boýunça işler üçin esas bolup hyzmat eder. Welaýatlar boýunça mikronutriýentleriň ýagdaýy barada maglumatlarda geografiki tapawutlanmalara düşünmek çözgütleri kabul edýän şahslara her bir etrabyň zerurlyklaryna görä laýyk çözgüdi kabul etmäge kömek eder.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ÝUNISEF ýurtda her bir çaganyň abadançylygy barada pikir soramalara hojalyklaryň gatnaşmagyny işjeň höweslendirýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 48-83-52/55/57/58

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.