Türkmenistanda maglumat kuwwatyny ulanmak
Türkmenistan Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagyň täze tapgyryna başlaýar.
Daşoguz welaýatynyň oba ýerlerinde ýaşaýan beýleki etniki özbek zenanlar ýaly, 63 ýaşly Zulfiýa Orazowa hem öý hojalyk işleri bilen meşgullanýar. Zulfiýa we onuň ýoldaşy Hudaýýar ene-atasynyň daýhançylyk işini goldaýan 4 ogly kemala getirdi. Olar ýerli bazary üpjün etmek üçin, ýylboýy ekologiki taýdan arassa miweleriň we gök önümleriň hasylyny ýetişdirýär.
– Biziň maşgalamyz uly. Dört oglumyz öýli-işikli. Alty agtygymyz bar. Hemmämiz bile şu öýde ýaşaýarys. Biz giňden ýazylan saçagyň başynda bile ýygnanýarys.
Zulfiýa şeýle-de ýüpek gurçugynyň pile önümçiligi boýunça meşhur daýhanlaryň biri. Ol irginsiz zähmeti we üstünlikleri üçin welaýat derejesindäki baýraga mynasyp boldy. Häzirki wagtda Zulfiýa wagtynyň köp bölegini agtyklary bilen geçirýär, ol Internet ulanmagy öwrenesi gelýär.
Zulfiýanyň ýaşaýan “Bossan” geňeşligi Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagyň täze tapgyrynyň çäklerinde maglumat toplan 44 geňeşliginiň biri. Zulfiýanyň ýaşaýan obasynda 4 köçe, 1 mekdep we çagalar bagy, şeýle-de ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän edara bar.
Ýaş wagtym çagalarymy dümewden bejermek ýa-da ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça soragym bolsa ejeme sala salýardym. Saglygy goraýyş edaralary uzakdady. Wagtymyzyň köp bölegini öýde geçirýärdik. Indi durmuş özgerdi: biz indi diňe lukmanyň maslahatyna eýerýäris. Maşgala lukmanymyz we şepagat uýasy yzygiderli öýe gelýär. Çagalar mekdebe gitmek üçin uzak ýol geçmeli däl. Her obada mekdep we çagalar bagy bar
Öňki Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlaga (2016 ý.) laýyklykda, barlag geçirilmezden üç gün öň 3-4 ýaşly çagalara bilim bermäge we olary mekdebe taýýarlamaga gatnaşýan kakalar boýunça görkeziji 14 göterime deň boldy. Kakalaryň çaga terbiýesine pes gatnaşmagy bilen bagly meseläni çözmek üçin, ÝUNISEF 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde 4 ýyllyk kampaniýa badalga berdi. Kampaniýanyň maksady çaganyň irki ösüşini üpjün etmekden we ömrüniň ilkinji 1000 gününde çaga bilen kakanyň arasyndaky baglanyşygy has berkitmegi gazanmakdan ybarat. Şeýle-de öňki Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlag türkmenistanly çagalaryň ýarysyndan hem az böleginiň mekdebe çenli bilim berýän edaralara gatnaýandygyny görkezdi. Şeýle-de barlag bu görkeziji boýunça şäher (70%) we oba (29%) ilatynyň arasyndaky tapawudy ýüze çykardy. Munuň netijesinde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň talaplaryna laýyklykda, ähli çagalaryň mekdebe çenli bilim bilen üpjün edilmegi baradaky mesele gozgaldy.
64 ýaşly Rustam Bazarbaýew we onuň ýaşdaş aýaly Merýem soňky geçirilen Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlag üçin soraglara jogap berdiler. Olaryň ikisi hem bir geňeşlikde mugallym bolup işleýär. Olar 2 çaganyň we 6 agtygyň ene-atasy. Türkmenistandaky adamlaryň köpüsinde bolşy ýaly, olar hem Internet aragatnaşygyny ykjam telefon arkaly ulanýar.
– Agtyklarymyz ýokary okuw jaýlarynda bilim alar diýip umyt edýäris. Ýakyn geljekde ýokary bilimli hünärmenleriň gerek boljagyna gözümiz ýetýär. Men çagalaryň bilimli bolmaga çalyşýandygyny görýärin. Olar irki ýaşdan çagalar bagynda ýa-da öýde bilim almaga başlaýar
2016-njy ýylyň Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagynyň dowamynda maglumat toplamak üçin, Türkmenistan sebitde ilkinji bolup planşet enjamlaryny ulandy. Barlagyň bu tapgyrynda bolsa, Türkmenistan dünýäde ilkinji bolup ýaş zenanlaryň arasynda NEET (ne bilim, ne-de okuw) barada maglumat toplady.
– Biz welaýatda tötänleýin tertipde saýlanan 800-e golaý öýe baryp gördük. Men adamlaryň jogaplarynda mälim üýtgeşmeleriň bardygyny görýärin. Indi olar hünärmeniň maslahatyny sorap ýüz tutýarlar, çagalarynyň bilim almagyny isleýärler, öz meseleleri barada açyk aýdýarlar – diýip, Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlag toparynyň ýolbaşçysy we Statistika baradaky döwlet komitetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy Gözel Omarowa aýdýar.
Barlagyň geçirilýän wagtynda howanyň temperaturasy 40 gradusdan ýokary bolandygy sebäpli, gürrüňdeş bolýan hünärmenler çagalar, ene süýdi bilen iýmitlendirmek we iýmitleniş tertibi, çaganyň kadaly ösüşi, binýatlaýyn bilim, durmuş taýdan gorag we antropometriýa bilen bagly görkezijiler baradaky zerur maglumatlary almak üçin 6000-den gowrak hojalyga bardylar. Awgust aýynyň ahyrynda, Statistika baradaky döwlet komiteti we ÝUNISEF Köp görkezijileri boýunça klasterleýin barlagy geçiren hünärmenleri bir ýere jemlediler. Bu duşuşygyň maksady barlagyň dowamynda toplanan tejribe bilen paýlaşmakdan, ýokary hilli maglumaty ulanmakdan we indiki barlagy has netijeli geçirmegiň ýollary barada maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş barada maglumat toplamagyny dowam etmeli. Ygtybarly we halkara derejesindäki maglumatlar ýurduň umumy we durnukly ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir. Bu şeýle-de milli we aýratynlyklary boýunça toparlara bölünen derejede DÖM görkezijilerine gözegçilik etmek üçin binýatlaýyn görkezijileri ornaşdyrmak üçin möhümdir. 2019-njy ýylyň Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagyna gatnaşan maşgalalara olaryň berýän jogaplary ýurtda çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýy barada esasy maglumatlary toplamaga ýardam berýändigi we netijede, syýasy çözgütleri kabul etmekde ulanyljakdygy barada aýdyldy.