Türkmenistan “Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany” tassyklaýar
ÝUNISEF Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna we Durnukly ösüş maksatlaryň (DÖM) durmuşa geçirilmegine oňaýly täsirini ýetirjek “Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” we onuň iş meýilnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlaýar. ÝUNISEF-iň we BSGG-nyň ýardam bermeginde işlenip taýýarlanylan Milli maksatnama ilatyň saglygyny berkitmäge we iýmit bilen bagly ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir.
Milli maksatnama ilatyň sagdyn iýmitlenişine degişli meseleleri çözmek üçin saglygy goraýyş ulgamyny öňüni alyşa, durmuş mobilizasiýasyna we ýakyn pudagara hyzmatdaşlyga gönükdirmekde Türkmenistanyň edýän tagallalaryny goldaýar. Saglygy goraýyş, bilim, durmuş taýdan goldaw, oba hojalyk, azyk senagaty, iýmit howpsuzlygy we beýleki degişli pudaklar boýunça syýasatyň we strategiýanyň utgaşykly bolmagy maksatnamanyň esasy özenini düzýär.
Sagdyn iýmitleniş boýunça maksatnama DÖM maksatlaryna gözegçilik etmek üçin ulanylýan ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň, ganazlygyň, ýokumly mikroelementleriň ýetmezçiliginiň, aşa semizligiň, ösüş togtamasynyň we aşa horlugyň ýaýraýşynyň görkezijileri ýaly iýmitleniş we saglyk bilen bagly esasy alamatlara aýratyn orun berip, çagalaryň we ulularyň iýmitleniş ýagdaýyny seljerýär. Maksatnama Hökümet we degişli taraplar üçin ilatyň iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitleýär. Olaryň arasynda ilatyň sagdyn iýmitleniş barada düşünjesini artdyrmagy we wagyz-nesihat işlerini, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň öňüni almak üçin saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegi, göwreli zenanlary we çagalary kadaly iýmit bilen üpjün etmegi, iýmit sebäpli ýüze çykýan aşa semizligiň we ýokanç däl keselleriň öňüni almagy we howpsuz we sagdyn azyk önümler bilen yzygiderli üpjün etmegi bellemek bolar.
Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnama öňki 2013-2017-nji ýyllarda ýerine ýetirilen maksatnamanyň netijelerine esaslanýar. Oňa laýyklykda maksatnamany durmuşa geçirmek üçin ähli derejelerde hyzmatdaşlygy berkitmek, hemmeler üçin, şol sanda çagalar we eneler üçin azyk we iýmitleniş hyzmatlarynyň elýeterliligini artdyrmak, azyk önümleriniň hil we howpsuzlyk boýunça berk gözegçiligini üpjün etmek, azyk önümçiliginiň ölçeglere laýyk bolmagyny goldamak, sagdyn iýmitleniş boýunça ýurt möçberinde barlaglaryň geçirilmegini we hünärmenleri taýýarlamagy dowam etdirmek teklip edilýär.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.