Türkmenistan Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça sebitleýin platformanyň başlyklygyna saýlanylýar
2021-nji ýylyň 15-nji apreli, Aşgabat - Şu gün Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça sebitleýin platforma boýunça Özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi we bu ýurduň geljek iki ýylyň dowamynda platforma başlylyk etmegine badalga berdi. Ähtnama Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan parahatçylyk we ynanyşmak meselesi boýunça geçirilen ýokary derejedäki halkara maslahatyň dowamynda gol çekildi.
Bu sebitleýin başlangyç özüniň gözbaşyny 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Iýmit baradaky Ikinji Halkara Maslahatynyň (ICN2) agza-döwletleri iýmit ýetmezçiliginiň ähli görnüşlerini we sebäplerini aradan aýyrmaga borçlanan we Durnukly Ösüşiň 2-nji (açlygyň soňuna çykmak we azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak) we 3-nji maksatlarynda (saglygy gowulandyrmak we ýokanç däl keselleriň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmek) öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça toparlaýyn hereketleriň umumy çemeleşmeleriniň işlenip düzülen döwründen alyp gaýdýar. BMG-niň Baş Assambleýasy Iýmit baradaky Ikinji Halkara Maslahatyň (ICN2) çagyryşyny degişli rezolýusiýalar arkaly tassyklady we 2016-2025-nji ýyllary BMG-niň iýmitlenme boýunça herketleriniň Onýyllygy diýip yglan etdi we şol bir wagtda, bütin dünýäde iýmit ýetmezçiliginiň ähli görnüşleri bilen baglanşykly meseleleri çözmek üçin wagt çäklerini kesgitledi.
BSGG-niň, Azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) we Bütindünýa Azyk maksatnamasynyň (WFP) herekede geçmek boýunça sebitleýin çagyryşlaryna Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitleriniň ýurtlary hem goşuldy we ÝUNISEF-ň ýolbaşçylygynda iýmitlenme boýunça esasy gatnaşyjylaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin sebit mehanizmi işlenilip düzüldi. Aşgabatda 2018-nji ýylyň 20-21-nji iýulynda geçen ilkinji duşuşykda Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça sebitleýin platforma işe girizildi. Bu platforma Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň 8 ýurdunda (Ermenistan, Azerbaýjan, Gürjüstan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) iýmiti we azyk ulgamynyň mümkinçiliklerini dolandyrmagy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen ulgamlaýyn serişdedir. Bu başlangyç esasy ünsi has gowşak toparlara gönükdirmek arkaly ýurtlara sebitiň içindäki ýeterliksiz iýmitlenme bilen baglanşykly köp sanly meseleleri has oňyn çözmek üçin mümkinçilik bermäge gönükdirilendir.
“ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümetine çaga iýmiti we sebitde azyk howpsuzlygy meselesine aýratyn ähmiýet berýänligi üçin minnetdarlygyny bildirýär”, diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand aýtdy. “Iýmitlenme boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin platforma uly möçberli üstünlikleri gazanmagyň mümkinligini, onuň ösüşiň yza galýan has pes görkezijilerinde ýüze çykýanlygyny we ene süýdi bilen iýmitlendirmäniň artýanlygyny görkezdi. Sebitleýin çemeleşme galan meseleleri hem çözmäge, çagalar üçin iýmitlenmäni gowulandyrmaga, saglygy goraýyş we iýmit boýunça ýokary hilli hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga kömek eder”.
Iýmit ulgamy boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin platformasynyň ileri tutýan ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:
- Iýmitlenme boýunça ýolbaşçylyk we dolandyryş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak.
- Iýmitlenme boýunça alnan netijeleriň maliýeleşdirilmegini gowulandyrmak üçin sebitleýin syýasaty wagyz etmegi güýçlendirmek.
- Ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegi ulgamynda iýmitlenme hyzmatlaryny we zerur işçi güýjüni has gowy kesgitlemek we ýerleşdirmek.
- Bilimleri, endikleri we başarnyklary dogry saýlamak arkaly iýmitlenme pudagy boýunça işgärleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak.
- Ýeterliksiz iýmitlenmäniň iki esse artyk kynçylygyny aradan aýyrmak üçin saglygy goraýyş, iýmitlenme, bilim, durmuş goragy, suw üpjünçiligi we arassaçylyk ulgamlaryny ulanmak arkaly ýurt derejesinde köp ulgamly çemeleşmäni güýçlendirmek.
- Tejribe maglumatlaryny ýygnamak we toplanan tejribäni, hakyky maglumatlaryň esasynda syýasaty işläp düzmegiň we programmalaşdyrmagyň öňdebaryjy usullaryny paýlaşmak üçin sebit derejesinde hyzmatdaşlyk etmek.
- Iýmitlenme boýunça maglumatlar ulgamlaryny, sebitde we goňşy sebitlerde bilimleri yzygiderli alyş-çalyş etmegi gowulandyrmak.
ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümetine iki ýyllap onuň bu Platforma başlyklyk etmegine ýardam bermegini dowam eder hem-de BSGG, Azyk we oba-hojalyk guramasy (FAO) we Bütindünýa Azyk maksatnamasy (WFP) bilen birlikde Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bilen azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ýeterliksiz iýmitlenmäni aradan aýyrmak, şol bir wagtda-da çaga iýmitine möhüm maýa goýumlaryny goýmak boýunça DÖM-ne degişli borçlaryň ýerine ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlyk eder.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.