Türkmenistanda Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça sebitleýin platformasy geçirildi
Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça sebitleýin platformasynyň maksady ýaramaz iýmitlenmegiň iki emgegini aradan aýyrmakdan durýar
Şu gün ÝUNISEF-iň, BSGG-nyň, Azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) we Bütindünýa Azyk maksatnamasynyň (WFP) goldaw bermeginde, Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň sekiz agza döwleti Iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça sebitleýin platformasyny resmi taýdan işe girizmek bilen, sebitiň has ejiz ýaşaýjylary üçin azyk we iýmit howpsuzlygy meseleleri boýunça mümkinçilikleri we işi dolandyrmagy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
Bu platforma agza döwletlere we BMG-nyň sebitdäki edaralaryna Durnukly ösüş maksatlary boýunça borçlary ýerine ýetirmekde hökümetlere goldaw berýän iýmit üpjünçiliginiň gün tertibine laýyklykda degişli hereketleri ýerine ýetirmäge çagyrmak üçin birleşmäge mümkinçilik berýär.
Iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça platformanyň agzalary Durnukly ösüş maksatlaryny, BMG-nyň iýmit üpjünçiligi boýunça 2025-nji ýyla çenli onýyllyk maksatnamasynyň iýmit üpjünçiligi boýunça bütindünýä wezipelerini, şeýle-de Ýokanç däl keselleriň bütindünýä gözegçiligini amala aşyrmak boýunça çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda öňegidişlikleri giňeltmäge borçlandy.
“Sebitiň çagalary semizlikden ýa-da ösüş togtamasynda ejir çekýär. Men Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň hökümetlerini ösüş boýunça gün tertibinde iýmit howpsuzlygyny we iýmit üpjünçiligini öňe sürmäge, maýa goýumlaryň artdyrylmagyny üpjün etmäge hem-de aşa semizlik we ýaramaz iýmitlenmek bilen baglanyşykly iki emgegi ýok etmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga çagyrýaryn. Çagalaryň iýmit bilen üpjün edilmegine maýa goýum goýmak ýurduň iň netijeli maýa goýumlarynyň biri bolup, ol ýurduň durnukly ösmegine goşant goşup biler” diýip, ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiriniň orunbasary Filip Kori belledi.
Platformanyň maksady nädogry iýmitlenmegiň ähli görnüşlerini, şol sanda ýeterliksiz iýmitlenmegi, aşa semizligi, şeýle-de mikroelementleriň ýetmezçiligini aradan aýyrmakdan ybarat. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa çagalaryň arasynda semizligiň ýaýramagy boýunça tutuş dünýäde ikinji orunda durýar (10.7%), bu ýerde bäş ýaşdan kiçi çagalaryň arasynda semizligiň derejesi 2000-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli 1,6 milliondan 3,2 milliona çenli artdy.
Iýmitiň pes hilliligi we ýaşaýşyň ilkinji ýyllarynda ýaramaz iýmitlenme zerarly, sebitde ene süýdi bilen iýmitlendirilýän we ýaş çagalaryň iýmiti bilen bagly meselelere hem garamaly.
Bu başlangyç sebitde aşakdaky ugurlar boýunça mümkinçilikleri giňelder:
- iýmitleniş boýunça bilim, syýasat we maksatnama, şeýle-de hyzmatlary üpjün ediş derejelerinde taýýarlanylan we ýöriteleşdirilen iş güýji;
- iýmitleniş we azyk howpsuzlygy ugurlarynda ýolbaşçylyk we dolandyryş mümkinçiliklerini güýçlendirmek;
- milli ösüş maksatlarynyň düzüm bölegi hökmünde azyk howpsuzlygyna we iýmit üpjünçiligine tizleşdirilen we giňeldilen maýa goýumlar;
- nädogry iýmitlenmegiň iki emgegine garşy göreşmek üçin maksatlaýyn we sebitleýin derejede hakyky maglumatlary almak we subutnamalara esaslanan maksatnama işläp düzmek;
- iýmitlenişiň kämilleşdirilmegini gazanmak üçin pudagara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmek;
- iýmitleniş boýunça güýçli maglumat beriş ulgamlarynyň hem-de sazlaşykly gözegçilik ediş, hasabat beriş we toparlara bölünen degişli maglumatlary ulanyş ulgamy arkaly netijeleriň hasabat ulgamyny kämilleşdirmek;
- ýeterlik derejede hyzmat edilmeýän ilaty hyzmatlar bilen üpjün etmek işine hyzmatdaşlaryň we jemgyýetiň gatnaşmagyny gazanmak we durmuş mobilizasiýasyny üpjün etmek;
- zenanlaryň hem-de çagalaryň mynasyp we adalatly durmuşda ýaşamagyny gazanmak üçin olaryň hukuklaryny giňeltmek;
- köppudakly çemeleşmäniň üsti bilen sagdyn iýmitlenme, şol sanda iýmitiň kabul edilmegi, durmuş-ykdysady ýagdaý, bilim (esasan hem, gyzlar üçin); suw, arassaçylyk we gigiýena; zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek we gender deňligi boýunça işjeňligi wagyz etmek.
Iki gün dowam eden duşuşyk Gazagystan Respublikasy bilen bilelikdäki tassyknamany kabul etmek arkaly, platformanyň resmi ýagdaýda işe girizilmegi bilen tamamlandy. Tassyknama laýyklykda, Gazagystan Respublikasy iki ýylyň dowamynda platforma baştutanlyk eder.
Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň wekilleri, şeýle-de Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Bütindünýa azyk maksatnamasynyň, BSGG-nyň we ÝUNISEF-iň wekilleri BMG bilen Hökümetiň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde gazanylýan öňegidişlikler barada maslahatlaşmak boýunça ilkinji duşuşygy üstünlikli geçirendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdiler.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.