ÝUNISEF Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda milli hyzmatdaşlar bilen 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna gol çekýär

14 Dekabr 2020
UNICEF signs work plans
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 14-nji dekabry - Geçen hepde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ÝUNISEF 2021-nji ýyl üçin on üç sany milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde on iki sany iş meýilnamalaryna gol çekdi. Bu, 2021-2025-nji ýyllar üçin ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda täze hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň güýje girendigini alamatlandyrýar.

ÝUNISEF birnäçe döwlet edaralary bilen iş meýilnamalaryna gol çekdi. Olaryň arasynda: Türkmenistanyň Mejlisi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Adalat ministrligi, Içeri işler ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Ombudsmeniň edarasy, Döwlet statistika komiteti, Telewideniýe, radiogepleşikler, we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty we Zenanlar birleşigi.

Möhleti dolan ýurt maksatnamasynyň netijelerine esaslanyp, 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamalary, ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň hökümeti bilen 2021-2025-nji ýyllar üçin täze maksatnama boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilendigini görkezýär. ÝUNISEF bu täze maksatnama boýunça bilelikdäki ylalaşylan netijeleri gazanmak üçin birnäçe edaralar bilen hyzmatdaşlygy ösdürer we dürli ugurlarda öz işini alyp barar. Ol ugurlaryň arasynda çaganyň ýokary berk saglygy, iýmitlenişi, irki ösüş hyzmatlaryna deň hukukly elýeterligi bolmagy, çaga zorluga, erbet garaýşa garşy goragy, durmuşy we ykdysady tarapdan goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň çagalary we ýaşlary üçin ýokary hilli inklýuziw bilim we okuw mümkinçiliklerine elýeterliligi artdyrmak.

Iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan ugurlary, ýagny ÝUNISEF-iň we hyzmatdaşlaryň mätäç çagalara we maşgalalara kömek etmek, şeýlelik bilen “hiç kimi ünsden düşürmezlik”, çagalaryň we ýaşlaryň işjeňligini, gender deňligini we daşky gurşawy goramak meselelerini öz içine alýar.

Mundan başga-da, iş meýilnamalary ÝUNISEF-iň pandemiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, şeýle hem pandemiýanyň durmuşy we ykdysady täsirine garşy milli meýilnamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlara berýän goldawyny aýdyň görkezýär.

ÝUNISEF geljekgi bäş ýylda we ondan soňky ýyllarda Türkmenistanda ähli çagalar üçin ýokary sepgitler ýetmek üçin hökümet, raýat jemgyýeti, hususy pudak, halkara ösüş edaralary we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen täze hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryny dowam etdirer.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Seýtliýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 63 932346

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.