Bütindünýä çagalar gününde Berkarar söwda-dynç alyş merkezi mawy reňke beslendi
Bu hepde Bütindünýä çagalar gününde Aşgabat şäherinde ýerleşýän Berkarar söwda-dynç alyş merkezi mawy reňke beslendi. ÝUNISEF bilen Berkarar SDM-niň bilelikde işlemeginiň netijesinde, söwda merkeziň maglumat ekranlarynda we mahabat panellerinde ÇHK boýunça ýüzlenmeler ýerleşdirildi.
ÝUNISEF-iň adam hukuklary boýunça giňden tassyklanan resminama bolan Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň 30 ýyllygyny belleýändigi we Bütindünýä çagalar güni mynasybetli, dünýäniň nyşanly ýerleri mawy reňke boýaldy.
2019-njy ýylyň mart aýynda Täze Zelandiýanyň Kraýstçörç şäherinde musulman jemgyýetine edilen hüjümiň netijesinde 51 adamyň heläk bolan ýeri bolan Al-Nur metjidi hem bitewiligiň nyşany hökmünde mawy reňke beslendi.
Gresiýada Afina Akropoly hem mawy reňkde öwüşgin atdy. Bu ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen desganyň we dünýäniň iň gadymy taryhy ýadygärlikleriniň biriniň ilkinji gezek reňke boýalyşy boldy.
Nýu-Ýorkda, ÝUNISEF-iň Hytaý Halk Respublikasynyň wekili Wan Ýuan Empaýr Steýt Bildiň binasyny mawy reňk bilen ýagtylandyrdy. Dünýä belli bina eýýäm ikinji ýyl mawy reňkdäki yşyklara beslenip, Bütindünýä çagalar gününi belleýär.
Mawy yşykda lowurdan beýleki binalaryň arasynda Belgiýada Ýewropa parlamenti, Hytaýda Şanhaý diňi, Efiopiýada halklaryň wekilleriniň palatasy, Fransiýada Panteon, Hindistanda Raştrapati Bhawan, Iordaniýada Petru, Meksikada Frida Kalonyň öýi, Niderlandlaryň Gaaga şäherinde Parahatçylyk köşgi, Panamada Panama kanaly, Senegalda Afrikan galkynyşy ýadygärligi, Timor-Leştide Kristo Reýiň ýadygärligi we Türkiýede Galat diňi we Bosfor köprüleri bar.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.