Bütindünýä çagalar gününde Türkmenistanyň çagalary milli futbol ýygyndysynyň oýnuna gatnaşýar

22 Noýabr 2019
tuk-pressrelease-FIFA-match-UNICEF
UNICEF

Bu hepdäniň başynda Aşgabat şäherinde geçirilen FIFA-nyň dünýä çempionatynyň Türkmenistan-Şri-Lanka saýlama oýnunda Bütindünýä çagalar güni we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň 30 ýyllygy mynasybetli çagalar futbol oýunçylary bilen meýdança çykdy.

22 sany oglan we gyz, şol sanda maýyplygy bolan çagalar futbol oýunçylary we oýna tomaşa etmäge gelen 26000 janköýer bilen salamlaşdylar. Bütindünýä çagalar güni mynasybetli ýörite gutlag edildi we ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň çagalaryny bu baýram bilen gutlaýan bildirişleri meýdançanyň gapdal bannerlerinde tölegsiz ýerleşdirildi.

Dawn sindromy bolan 8 ýaşly Mähek Aýazowa: “Bu meniň stadiona birinji gezek geldim. Men bu ýerde örän köp şähdaçyk adamlar bilen görüşdim we olar bilen öz begenjimi paýlaşýaryn” diýdi.

6 ýaşly Wlad Abaseýew: “Men futbol oýunçysynyň öňünde durdum. Ol meni elimden saklap durdy. Men hem onuň ýaly türgen bolasym gelýär” diýdi.

ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek üçin bileleşmekde sportuň ähmiýetini alamatlandyrmak maksady bilen, bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen hyzmatdaşlykda işledi. Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ÝUNISEF-iň goldaw bermegi bilen 2019-njy ýylyň Aziýa konfederasiýasynyň Grassruts festiwalynyň dowamynda çagalar üçin futbol festiwalyny gurady. Bu festiwala Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 6-12 ýaş aralygynda 300-e golaý çaga, şol sanda maýyplygy bolan çagalar gatnaşdy.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand: “Sportuň kömegi bilen çagalaryň ösüşini gazanmakda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýandygymyz bizi begendirýär we bu hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňelderis diýip umyt edýäris” diýdi.

Habarlaşmak üçin salgylar

Gülälek Soltanowa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 65 716045

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.