Täze ýyl gününiň öňüsyrasynda maýyplygy bolan çagalara eşidiş gurallary gowşuryldy
Bu gün Türkmenistanyň dürli ýerlerinden gelen 0-6 ýaş aralygyndaky 20 sany çaga häzirkizaman eşidiş gurallary berildi. Eşidiş gurallaryny gowşuryş çäresini Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ÝUNISEF we “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy bilelikde gurady.
Bu başlangyç Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Bilim ministrliginiň maýyplygy bolan çagalara doly ösmäge kömek etjek goşmaça tehnologiýalary işläp taýýarlamak boýunça milli tagallalaryny goldaýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sowgat berlen eşidiş gurallary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň audiolog hünärmeni bilen ýakyndan işleşmek arkaly saýlanyldy. Bu eşidiş gurallarynyň kömegi bilen bejermek mümkin bolan çagalar “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy we saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan kesgitlenildi.
Eşidiş gurallary berlen çagalara saglygy goraýyş we bilim ulgamynda ýörite taýýarlanylan hünärmenler tarapyndan gözegçilik ediler. Häzirkizaman goşmaça tehnologiýalaryň kömegi bilen her bir çaganyň ösmegine we jemgyýete goşulmagyna ýardam bermek üçin ýörite maksatnamalar işlenip taýýarlanylar.
“Şu gün agtygym Welmyrat täze ýyl sowgadyny aldy, bu geljekde onuň özüne bolan ynamyny güýçlendirer. Ol indi öz çagalygyndan lezzet alyp biler” diýip Daşoguz welaýatyndan gelen 4 ýaşly Welmyradyň enesi aýtdy.
Çagalara we olaryň maşgalalaryna sowgatlary gowşurmak dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisi: “Geografiki ýerleşişimize garamazdan, biziň hemmämiz bir öýi – bir Ýeri – paýlaşýarys, geljegimiz üçin edip biljek ýeke-täk zadymyz çagalarymyza we ýaşlarymyza maýa goýum goýmak” diýdi.
ÝUNISEF täze doglan bäbekleriň eşidişiniň umumy barlagyny geçirmäge ýardam bermek we kömekçi tehnologiýalary ulanmak arkaly köpugurly hyzmatlary nazara almak bilen maýyplygy bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin goşmaça gurallaryň ulgamyny işläp taýýarlamakda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlyk saklamagyny dowam edýär.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.