ÝUNISEF we hyzmatdaşlar maýyplygy bolan çagalar üçin inklýuziw bilim we durmuş inklýuziýasy boýunça tälimçiler üçin gollanmany ulanyşa girizdiler
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry, Aşgabat – 16-njy sentýabrda ÝUNISEF Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, şeýle-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda “Maýyplygy bolan şahslar üçin durmuş inklýuziýasy” atly okuw üçin okuw materiallary bilen tanyşdyrdylar. Bu okuw degişli ýokary okuw jaýlarynyň okuw maksatnamalaryna girizmek we hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirmek üçin niýetlenendir.
Okuw 15 moduldan ybarat bolup, ol durmuş inklýuziýasy, hünär taýdan goşulyşmanyň ýörelgeleri we maýyplygy bolan şahslara goldaw bermäge döwrebap çemeleşmeler ýaly düşünjeleri öz içine alýan esasy mowzuklardan düzülendir. Bu okuw kömekçi tehnologiýalardan peýdalanma, kiçi ýaşly çagalaryň ruhy taýdan sagdyn bolmagyna goldaw berme, aragatnaşyk endiklerini ösdürme, şeýle-de maýyplygyň dürli görnüşleri bolan adamlar üçin fiziki we ergoterapiýa ýaly meselelere hem seredip geçýär.
Okuw materiallary bilim, saglygy goraýyş we durmuş goragy boýunça hünärmenlere, şol sanda, çärä gatnaşan mekdep mugallymlaryna, çagalar baglarynyň terbiýeçilerine, durmuş we saglygy goraýyş işgärlerine, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryna niýetlenýär. Gatnaşyjylar bilim almaga we jemgyýetçilik durmuşyna olaryň doly gatnaşygyny üpjün etmek üçin durmuş inklýuziýasy konsepsiýasy we maýyplygy bolan çagalara we olaryň maşgalalaryna üpjün edilýän hyzmatlaryň toplumy bilen tanyşdylar.
Maksatnamanyň esasy düzüm bölegi durmuş inklýuziýasyna tarap barýan ýolda ilkinji ädim hasaplanylýan maýyplygy bolan we ösüşden yza galýan çagalar üçin irki döwürde goşulyşma hyzmatlaryny ýola goýmagy öz içine alýar. Durmuş inklýuziýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde, inklýuziw bilim bu okuwyň esasy özenini düzýär. Okuw maksatnamasy maýyplygy bolan şahslary kabul etmek we olara goldaw bermek üçin maýyplygyň öňüni alma we ýerli bileleşikler bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleleri hem öz içine alýar.
«Biz maýyplygy bolan şahslaryň durmuş inklýuziýasy boýunça bu täze okuw maksatnamasynyň işlenip düzülmegine goldaw berýänligimize örän hoşal. ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde Bilim ministrliginiň Aşgabadyň iki çagalar bagynda we mekdeplerde inklýuziw bilimiň esasy düzüm böleklerini ulanyşa girizmegi synag edýän döwründe bu has-da wajypdyr. Maýyplygy bolan çagalara ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň we bilimiň elýeter bolmagy üçin ÝUNISEF tutuş ýurtda inklýuziw başlangyçlary işe girizmäge goldaw bermegini dowam etdirer», — diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekiliniň orunbasary Aleksandr Nartea aýtdy.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.