ÝUNISEF bilen USAID döwletiň we raýat jemgyýeti guramalarynyň hyzmatlary üpjün edijileriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga goldaw bermek üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar

23 Ýanwar 2023
ЮНИСЕФ и USAID НАЛАЖИВАЮТ ПАРТНЕРСКИЕ ОТНОШЕНИЯ ДЛЯ СОДЕЙСТВИЯ СОТРУДНИЧЕСТВУ МЕЖДУ ГОСУДАРСТВОМ И ПОСТАВЩИКАМИ УСЛУГ ОГО
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 18-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan – BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy we ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda ejiz maşgalalara hem çagalara pudagara goldawy bermek we hukuk goraýjy çemeleşmelerden peýdalanmak boýunça döwlet we döwlete dahylly däl durmuş hyzmatlaryny üpjün edijileriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga döwlet edaralarynyň wekilleri, durmuş hyzmatlary boýunça hünärmenler, raýat jemgyýetiniň guramalary we Adalatçynyň Diwany gatnaşdylar. Bu duşuşyk ýurduň sebitlerinde häzirki wagtda elýeter däl dürli ýöriteleşdirilen hyzmatlary mundan beýläk durmuşa girizmek we giňeltmek maksady bilen ara alyp maslahatlaşmaga we hyzmatdaşlyk üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanyň hökümete dahylly däl jemgyýetçilik guramasy “Ýeňmäniň” tälimçileri adam hukuklaryna esaslanýan adam söwdasynyň pidalary üçin we adam söwdasyna garşy göremek boýunça hyzmatlary girizmek boýunça okuwlaryň tapgyryny geçirdiler. Durmuş işi boýunça hünärmenler öňüni alyş meseleleri we migrantlaryň maşgalalary hem-de adam söwdasynyň pidalary bilen işlemegiň usullary boýunça amaly bilimleri aldylar.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň Jemgyýetçilik gatnaşyklary bölümi tarapyndan çagyrylan wekil, Sirakýus uniwersitetiniň professory Stiwen Kuusisto (Nýu-Ýork, ABŞ) öz wideo ýüzlenmesinde maýyplygy bolan adamlaryň anyk zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin durmuş hyzmatlarynyň wajyplygy barada gürrüň berdi. Şahyr, ýazyjy we mugallym professor Kuusistonyň gözi görmeýär we ol her bir adamyň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekde, olaryň zähmete girişmeginde, hünär taýýarlygynda, bilim almagynda we öz bileleşiklerinde özbaşdak durmuş üçin hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri döretmekde durmuş işgärleriniň ähmiýeti hakynda öz garaýyşyny paýlaşmak isledi.

Maýyplygy bolan çagalaryň maşgalalarynyň mysalynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň durmuş hyzmatlaryny üpjün edýän edaralary ÝUNISEF tarapyndan goldaw berilýän çaganyň bähbitlerini göz öňünde tutýan durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek ulgamynda işi dolandyrmaga bolan çemeleşme we ýöriteleşdirilen gulluklar bilen tanyşdyrdylar. Goldaw bermegiň toplumlaýyn çäreleriniň biri hökmünde durmuş hyzmatlaryny üpjün etmegiň pudagara çemeleşmesiniň we çagaly maşgalara psihologik goldaw bermegiň usullarynyň wajyplygy nygtaldy.

Mundan başga-da, gatnaşyjylara ilatyň ejiz toparynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we olar üçin bu hyzmatlary almaga ýüz tutmagyň usullary boýunça Adalatçynyň Diwanynyň alyp barýan işi barada birnäçe meseleleri öwrenmäge mümkinçilik döredildi.

“Durmuş goragy boýunça özgertmeleriň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, has ynjyk toparlara bu hyzmatlaryň elýeter bolmagy we hiç kimiň gözden salynmazlygy üçin ÝUNISEF BMG-niň beýleki agentlikleri bilen birlikde köp pudaklaýyn çemeleşme we ýurduň her bir etrabynda hemmetaraplaýyn durmuş hyzmatlarynyň öz wagtynda giňeldilmegi arkaly Türkmenistanyň hökümetine strategik goldawy bermegini dowam etdirer” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi öz çykyşynda belledi.

Duşuşyk ÝUNISEF we “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly maksatnamasy bilen bilelikde gurnaldy. “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy USAID tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.