ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliýeti ýurduň taýýarlyk we jogap beriş meýilnamasyna laýyklykda, COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin USAID bilen hyzmatdaşlyk edýär

14 Iýun 2020
UNICEF  and USAID partnership 2020
UNICEF/Dankov

BMG-nyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen COVID-19-yň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda kabul eden Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümeti USAID-iň üsti bilen çagalara we maşgalalara, göwreli we ene süýdi bilen iýmitlendirýän zenanlara, maýyplygy bolan çagalara, şol sanda ideg edaralarynda bolýanlara COVID-19-yň ýokuşmagynyň öňüni alyş we ýaýramagy barada habar beriş işlerini geçirmegi üçin, ÝUNISEF-e 500 000 ABŞ dollaryny berdi. COVID-19 barada, şol sanda ýiti dem alyş ýokançlary, öňüni alyş çäreleri, alamatlar we bejeriş nokatlary barada maksatlaýyn habarlary we maglumatlary ilata giňden ýaýratmak maksady bilen, ÝUNISEF Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Telewideniýe, radio we kinematografiýa boýunça döwlet komiteti hem-de Zenanlar bileleşigi we Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýeti ýaly jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk eder. Mundan başga-da, telewideniýede sosial mahabatlar, animasiýa wideolary ýaýlyma berler, onlaýn makalalar we sosial torlarda bildirişler ýerleşdiriler.

Hyzmatdaşlygyň çäginde ÝUNISEF BSGG bilen bilelikde, ýurt boýunça saglygy goraýşyň birinji halkasynyň işgärlerini ýokanç keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek ugrunda taýýarlamagy we saglyk ulgamynyň taýýarlyk işlerine goldaw bermek üçin dermanlary we enjamlary satyn almagy meýilleşdirýär. ÝUNISEF ýerli derejedäki hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýokary howp astyndaky jemgyýetler, mekdepler we lukmançylyk edaralary üçin suw üpjünçiligi, arassaçylyk we gigiýena hyzmatlarynyň elýeterliligini artdyrmakda goldaw berer.   

ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň we maşgalalaryň arasynda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa taýýarlyk görmek ugrunda edilýän tagallalary goldaýandygy üçin ABŞ-nyň Hökümetine minnetdarlygyny bildirdi. 

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.