ÝUNISEF Türkmenistanda köp platformaly sanly kyssaçylyk boýunça okuw maslahatyny gurady

Özüňi alyp barşyňy üýtgetmek üçin hekaýalary döretmek

Şasenem Sopyýewa, Sanly aragatnaşyk boýunça konsultant
Crafting a Narrative for Behaviour Change: UNICEF organizes a multiplatform digital storytelling workshop in Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan
25 Awgust 2023
Crafting a Narrative for Behaviour Change: UNICEF organizes a multiplatform digital storytelling workshop in Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

Maglumatyň, daş-töweregimiziň sesleriniň we ünsi yzygiderli peselýän adamlaryň aşa köp bolan dünýäsinde öz sesiňizi nädip eşitdirip bilersiňiz? Diňe bir ünsüňizi özüne çekmän, eýsem Sizi durmaga, pikirlenmäge mejbur etjek, Sizi ruhlandyrjak we durmuşyňyza wajyp üýtgeşmeleri girizmekligiň zerurdygyna ynadyrjak hekaýany nädip gürrüň bermeli? Bu soragy biz Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bilermenlerine berdik. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hünärmenleriniň we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň topary bu soraga jogaby sanly tehnologiýalaryň döwründe beýan etme sungatyna bagyşlanyp geçirilen gyzykly, özüne çekiji we täze çemeleşmelere ruhlandyrýan okuw maslahatynda tapdy.

16–18-nji awgust aralygynda dürli hünärmenleri, şol sanda milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, ýaş frilanser žurnalistleri we sosial torlarda garaýyşlaryny beýan edýän öňdeberyjylary öz içine alýan topar ÝUNISEF-iň Türkmenistanda ýerleşýän wekilhanasy tarapyndan guralan köp platformaly sanly beýan etme boýunça üç günlük okuw maslahatyna ýygnandy. ÝUNISEF bu okuw maslahatyny Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy jogap çäreleri” taslamasynyň çäginde geçirdi.

Dünýäde, Afrikada, Ýewropada, Amerikada we Türkmenistanda hem tanalýan, ady mediýa önümçiliginde, bilim we halypaçylyk ugrunda tejribäni şöhlelendirýän Akim Mogaji olary bu syýahata alyp gitdi. Innowasion mediýa mazmunyny döretmekde ýyllar boýy toplanan bilimler, Akimiň köpçülik bilen aragatnaşyk saklamagyň haýran galdyryjy başarnygy ajaýyp we özüne çekiji tejribe üçin esas döretdi.

Guiding them on this journey was Akim Mogaji, a name that echoes expertise in media production, training, and mentoring, across the globe, from Africa, Europe, the America’s, and no stranger to Turkmenistan. With an aura of knowledge built over years in crafting innovative media content, Akim's phenomenal stage presence set the stage for a wonderful and immersive experience.
UNICEF Turkmenistan

Birinji gün: Hekaýanyň beýanyny açyp görkezmek

Birinji gün gatnaşyjylar sanly kyssaçylygyň inçe tilsimlerini resmi däl, gyzykly we erkin ýagdaýda öwrendiler. Gatnaşyjylar ýumoryň, duýgynyň we ygtybarlylygyň üsti bilen adamlara täsir edip biljek zatlary has düýpli öwrenip, täsirli hekaýalaryň manysyna düşünmek üçin syýahata ugradylar. Kofe içmek üçin arakesmä çykylan wagty hem, gülki we çuňňur pikir bir-biri bilen utgaşyp, hat-da iň gysga wagt çäklerinde-de gatnaşyjylaryň bu sungat babatda çekeleşikli ara alyp maslahatlaşmalaryna getirdi.

Bu döredijilik bäsleşiginde gatnaşyjylar jemgyýete täsir etmekligiň we töwekgelçilikler barada habardarlylygyň çeşmesi bolan köp platformaly beýan etmäniň düýbüni tutdular.

Ikinji gün: Bilelikdäki döredijiligi emele getirmek

Ikinji gün ssenariýa üýtgedi: gatnaşyjylar şägirtden döredijä öwrüldi. Okuw maslahatynyň gurşawy zehinleriň we platforma bilen işlemek tejribeleriniň düregeýliginiň sazlaşýan hyzmatdaşlygynyň bileleşen güýji bilen möwç urýardy. Sebäbi, gatnaşyjylar üç topara bölünip, olaryň her birine sanly raskadrowkany we mazmun taslamasyny döretmeklik tabşyryldy. Dürli pudaklarda zähmet çekýän bilimli we başarnykly adamlaryň, ýagny Saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleriniň, Telewideniýe boýunça Döwlet komitetiniň agzalarynyň, sanly ulgamyň ýazyjylarynyň, kopiraýterleriň, illýustratorlaryň, sosial torlarda pikirleriň öňdebaryjylarynyň, fotosuratçylaryň, web-dizaýnerleriň birleşmesi dürli nukdaýnazarlary, garaýyşlary, pikirleri wada beren, ýöne, umumy maksady, tutanýerliligi we gyzyklanmasy bolan toparlary döretdi.

Akim Mogaji sanly ulgamyň auditoriýasyna täsir etjek köp platformaly mazmuny döretmek üçin zerur maslahatlary, pikirleri we wezipeleri beýan etdi. Öz pikirlerini iş ýüzüne geçirmek üçin gatnaşyjylaryň 24 sagat wagty boldy. Işiň dowamynda olar ýatdan çykmajak duýguny galdyrjak hekaýany döretmek üçin pikirlerini, sözlerini we wizual täsirleri birleşdirdiler.

“Bu gün biz sanly illýustrasiýalaryň sesler bilen utgaşyp, emosional wakany beýan edip bilýändiginiň ajaýyp mysallaryny gördük. Men diňe bir bilim däl, eýsem ylham hem tapdym. Hekaýanyň düýp mazmunyna aralaşanymyzda her bir ştrihiň, her bir sözüň dünýäni emele getirmekde güýjüniň bardygyna düşündim"– diýip, Aşgabatly illýustrator Şirin Begmyradowa gürrüň berdi.

 

Crafting a Narrative for Behaviour Change: UNICEF organizes a multiplatform digital storytelling workshop in Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

Üçünji gün: Ajaýyp sanly eserleriň tanyşdyrylyşy

On the final day, the three groups unveiled their digital product - narratives that transcended screens, ready to make their mark on diverse platforms and communities. One showed an incredible new concept in design and art form, another an exceptional ability to captivate a storyline across all separate platforms of print, video, post, and radio, and the other an incredible approach worthy of a private sector start up candidate.  Each of the presentations was unique and impressive. From the pixelated dance
UNICEF Turkmenistan

Iň soňky gün toparlaryň üçüsi özleriniň sanly eserini – ekranlaryň çäginden çykýan, dürli platformalarda we jemgyýetlerde yz galdyrmaga taýyn hekaýasyny görkezdiler. Bir topar adaty bolmadyk dizaýnyň we sungat görnüşiniň täze konsepsiýasyny, beýlekisi – çap etme, wideo, poçta we radio ýaly dürli platformalarda sýužet yzygiderliligini ulanmak üçin aýratyn ukybyny, üçünjisi bolsa – hususy bölümde başlangyç üçin dalaşgäre mynasyp bolan ajaýyp çemeleşmäni görkezdi.

Çykyşlaryň her biri özboluşly we täsirli boldy. Illýustrasiýalaryň piksel tans suratlaryndan başlap, liriki hekaýalara çenli her bir eser gatnaşyjylaryň täze başarnyklaryna we ylhamyna şaýatlyk etdi. Okuw maslahatynyň taglymatynyň düýp mazmunyny özüne siňdiren bu sanly eserler ilatyň ýüregine we aňyna aralaşmaga taýýardy.

Bahar Begniyazova, Freelance Photographer from Lebap velayat
UNICEF Turkmenistan

“Hekaýa aýdylan mahaly meniň fotosuratlarymyň eýýäm uly täsir edip biljek sanly önüm bolmagy geň zat. 24 sagadyň dowamynda ýerli ýaşaýjylary egin-eşikleriň az mukdaryny sarp edip, onuň deregine ekologiki geljek üçin wintaž ýa-da ene-mamalarymyzyň eşiklerini täzeden biçip geýmäge höweslendirmek üçin ekologiki moda pikirini oýlap tapdyk. Biz taslamamyzy hödürledik we biziň toparymyz iň oňat telekeçilik pikiri öňe süren hökmünde teklip edildi” diýip, Lebap welaýatyndan frilanser fotosuratçy Bahar Begniýazowa aýtdy.

Day Three: Unveiling of Digital Masterpieces
UNICEF Turkmenistan

ÝUNISEF-iň ýolbaşçylygynda geçirilen bu başlangyç köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hünärmenlerine diňe bir täze başarnyklar bermän, eýsem, ol möhüm üýtgeşmeleriň syryny ele alan gürrüňçiler bileleşigini kemala getirdi.