ÝUNISEF: sanly dünýäni çagalar üçin has howpsuz ýere öwürmek bilen bir wagtda, has ejiz çagalara kömek etmek üçin onlaýn serişdeleriň elýeterliligini artdyrmaly

18 Dekabr 2017

ÝUNISEF-iň “Dünýä çagalarynyň ýagdaýy – 2017” bütindünýä hasabatynyň tanyşdyrylyşynda çagalary we ýaşlary elýeterli we ýokary hilli onlaýn serişdeler bilen üpjün etmek esasy wezipe hökmünde bellenildi.

“Çagalar sanly dünýäde” atly hasabatda sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri we howpy kesgitlenilýär we çagalaryň mümkinçiliklerine ýetirýän täsiri barada ÝUNISEF-iň köptaraplaýyn garaýşy beýan edilýär. Hasabatda hökümetleriň we hususy sektoryň ösüş depgininden yza galyp, çagalary täze howplara sezewar edýändigi we has ejiz çagalaryň millionlarçasynyň üns merkezinden düşürilýändigi bellenilýär.

Ýerli hökümet edaralaryndan bolan hyzmatdaşlaryň, habar beriş serişdeleriniň, ýaşlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy jemgyýetiň, diplomatik korpusyň wekilleriniň we halkara guramalaryň gatnaşan çäresinde bütindünýä hasabaty ÝUNISEF we Daşary işler ministrligi tarapyndan köpçülige hödürlenildi.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer: “Biz Türkmenistanyň Hökümetiniň Internediň ählumumy elýeterliligini üpjün etmäge taýýardygyny makullaýarys. Bu ýakyn ýyllarda sanly özgertmelere we umumy ösüşe getirer, şeýle-de ykdysady bilimi artdyrmaga mümkinçilik berer. Biziň sanly dünýäde iki wezipämiz bar, ol hem her bir çaga üçin Internediň howpuny azaltmak we ony jogapkärçilikli ulanmagyň mümkinçiliklerinden mümkin boldugyndan peýdalanmakdyr” diýdi.

Hasabatda sanly tehnologiýalaryň has ejiz çagalar, şol sanda garyplyk we adatdan daşary ynsanperwerlik ýagdaýlarynda ýaşaýan çagalar üçin peýdaly artykmaçlyklary seljerilýär. Olaryň arasynda maglumat elýeterliliginiň ýokarlanmagy, sanly tehnologiýalarda işlemek ukybynyň kämilleşmegi we olar üçin aragatnaşyk etmek we pikir alyşmak üçin platformanyň döredilmegi bellenilýär.

Emma hasabatda millionlarça çaganyň Internet çäklerinden daşardadygyny görkezýär. Dünýä boýunça ýaşlaryň üçden bir bölegi ýa-da 346 milliona golaýy Internede birikmedik bolup, bu deňsizligi artdyrýar we çagalaryň sanly ykdysadyýete gatnaşmak mümkinçiliklerini azaldýar.

Hasabatda Internediň çagalaryň ejizligini artdyrmagy we howplary boýunça meselelere seredilýär, şol sanda olaryň şahsy maglumatlarynyň bikanun ulanylmagy, zyýanly materiallaryň elýeterliligi we kiberhaýbatlar barada beýan edilýär. Hasabata görä, ykjam enjamlaryň hemme ýerde ulanylmagy çagalaryň Internetden peýdalanyşyna gözegçilik etmek mümkinçiligini azaltdy we onuň howpuny ýokarlandyrdy.

Hasabatda çagalaryň Internetden peýdalanyşy barada maglumatlar we sanly tehnologiýalaryň olaryň abadançylygyna ýetirýän täsiriniň seljermesi berilýär, sanly “garaşlylyk” we ekran wagtynyň beýni ösüşine ýetirip biljek täsiri barada pikirler beýan edilýär.

Hasabatda hökümetleriň, hususy sektoryň, çagalar guramalarynyň, ylmy jemgyýetiň, maşgalalaryň we çagalaryň bilelikde hereket edip, sanly oýun meýdanyny deňagramlaşdyryp biljekdigi we Internedi çagalar üçin has howpsuz we elýeterli edip biljekdigi aýdylýar.

Çagalar üçin bähbitli işewürligi alyp barmagyň netijeli syýasatyny we jogapkärçilikli usullaryny işläp taýýarlamaga ýardam berýän usuly maslahatlar indikilerden durýar:

  • Ýokary hilli onlaýn çeşmeleriň ähli çagalar üçin elýeter bolmagyny üpjün etmek.
  • Çagalary Internet bilen bagly howplardan, şol sanda zulumdan, ekspluatasiýadan, adam söwdasyndan, kiberhaýbatdan we nälaýyk materiallardan goramak.
  • Internetde çagalaryň şahsy maglumatlaryny we şahsyýetini goramak.
  • Çagalaryň Internet arkaly wakalardan habarly bolmagy, işjeňligi we howpsuzlygy üçin sanly sowatlylygy ýola goýmak.
  • Çagalara Internetde peýda getirýän we olary goraýan ahlak ölçeglerini we amallaryny ýaýratmak üçin hususy sektoryň mümkinçiliklerini ulanmak.
  • Çagalary sanly syýasatyň özenine öwürmek.

Hasabatyň tanyşdyrylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ýaşlary: “Internet häzirki döwrüň ýaşlaryny hemme ýerde, ýagny aragatnaşykda, dynç alyşda, okuwda, gündelik durmuşda gurşap alýar. Biz ýaş nesil hökmünde ýurdumyzda Internediň ösmegine mynasyp goşandymyzy goşmak isleýäris” diýdiler.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.