Türkmenistanda ýaşlaryň ýaşaýşa ukyplylygyny ýokarlandyrmak: ÝUNISEF we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler

25 Awgust 2023
Strengthening Youth Resilience in Turkmenistan: UNICEF and the National Red Crescent Society of Turkmenistan Join Efforts for Enhanced Emergency Preparedness Participation
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 25-nji awgusty – Türkmenistanyň ýaş nesliniň ýaşaýşa ukyplylygyny we taýynlygyny ýokarlandyrmak babatda wajyp ädim hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olara täsir ediş çäreleri üpjün etmek boýunça işlere ýaşlary işeňňir çekmeklige bagyşlanan çäre gurady. 2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Gökderedäki "Ýaşlyk" çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bu çäre diňe bir has howpsuz gurşaw döretmekde däl, eýsem ýaşlara ýaşaýşy halas etmek endiklerini öwretmekde-de möhüm ädim boldy.

Ýaş nesliň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olara täsir ediş çäreleri üpjün etmeklige işjeň gatnaşmagy juda möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, TGÝMJ ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda "Deň-deňe" modelini ulanýan ýörite tälimçiler toparyny taýýarlamak boýunça bilelikde tagallalar etdiler. Okuwlar tamamlanandan soňra, tutuş Türkmenistan boýunça adatdan daşary ýagdaýlar we howpsuzlyk meseleleri babatda çalt täsir ediş, hem-de olardan soňra dikeldiş boýunça bu toparyň ähmiýeti uly bolar.

Geçirilen çärä dürli meýletinçilik merkezlerinden 80-den gowrak meýletinçi, şeýle hem amaly sapaklara we immersiw simulýasiýalara bilelikde gatnaşan höwesjeň ýaşlar ýygnandy. Bu sapaklar diňe bir amaly endikleri öwretmek bilen çäklenmän, eýsem adatdan daşary ýagdaýlarda öz bileleşiklerine ýolbaşçylyk etmek we goldaw bermek ukybyny güýçlendirip, gatnaşyjylarda ynam, hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň artýandygy baradaky duýgyny döretdi.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän hanym Sofiýa Ýuwşanowa başlangyç görkezýän we kynçylyklara garşy durmagy başarýan nesli terbiýeläp ýetişdirmekligiň möhümdigini belledi. "Biziň TGÝMJ bilen hyzmatdaşlygymyz ýaşlary öz bileleşiklerini goramak we tebigy betbagtçylyklara garşy göreşde hem-de dikeldiş işinde möhüm bolan zerur gurallar we tejribe bilen üpjün etmek babatdaky umumy ygrarlylygymyzy görkezýär".

Bu okuw maslahaty hyzmatdaşlygyň we ýaşlaryň gatnaşygynyň ýaşaýşa ukyply jemgyýeti gurmaga ýetirýän täsiriniň subutnamasydyr. Bu tagallalaryň netijesinde, ÝUNISEF we TGÝMJ ýaşlaryň güýç-kuwwaty we hyjuwy bilen öňe barýan has howpsuz we taýýarlykly Türkmenistany döretmegi maksat edýärler.

Bu çäre USAID-iň Ynsanperwer kömek býurosy (BHA) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýer titremeleriniň ýokary töwekgelçiligi we betbagtçylyklara sezewar bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olara täsir ediş çärelerini üpjün etmek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.