ÝUNISEF, Bilim ministrligi we ýaşlar bilimi özgertmek boýunça bilelikde hereket edýärler

05 Aprel 2023
UNICEF, Ministry of Education and Youth take joint action to transform education
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 5-nji apreli  – halkara bilimiň gün tertibine Türkmenistan işjeň gatnaşýar we hemmeler üçin ýokary hilli bilimiň doly elýeter bolmagyny üpjün etmek üçin kanunçylyk we guramaçylyk çärelerini görýär. 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan bilimi özgertmek boýunça Sammite işjeň gatnaşdy we bilimiň hili boýunça Durnukly ösüşiň 4-nji maksadyny durmuşa geçirmäge ygrarlylygy hakynda Milli beýannamany kabul etdi.

Borçnamalaryny durmuşa geçirmek üçin, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda 4-5-nji aprelde “Ýaşlar we Durnukly ösüşiň 4-nji maksady: mümkinçilikler we başarnyklar”atly maslahaty geçirdi. “Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar” ýylyna bagyşlanan bu çärä Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, Durnukly Ösüş Maskasatlarynyň (DÖM) ilçileri hem-de Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlar gatnaşyjylar bilen bilim pudagynda hyzmatdaşlyk,  ýaşlar üçin maksatnamalar we Türkmenistanda bilim pudagyny özgertmek boýunça indiki edilmeli işler barada maglumatlary paýlaşdylar. Hususan-da, ýaşlar  netijeli aragatnaşyk, öz-özüňi kämilleşdirme, okuwy we käri meýilleşdirme ýaly okuw we hünär endiklerini pugtalandyrmak boýunça mowzuklary has zerur we peýdaly hasapladylar.

Şeýle hem, bu maslahat ýaşlara bilim pudagynda tejribe, pikir we teklipleri  alyşmakda we Durnukly ösüşiň 4-nji maksadyny durmuşa geçirmek üçin ýaşlary çekmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakda gowy mümkinçilik döretdi.

“Bilimi özgertmek üçin ýaşlaryň gatnaşmagy esasy faktor bolup durýar. Global, milli we ýerli derejelerde syýasaty işläp düzmekde bütin dünýäde ýaşlar esasy orny eýeleýär we olaryň ähmiýeti uludyr. Ýaşlaryň işjeňligi özgertmelere öň görülip-eşidilmedik derejede täsir edýär. Bu gün geljekki bilimi kemala getirmekde esasy hyzmatdaşlarymyz bolup durýan Türkmenistanyň şeýle sowatly hem işjeň ýaşlary bilen görüşýänligimize hoşal” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary jenap Aleksandr Nartea özüniň giriş sözünde belledi.

April 5, 2023 – Turkmenistan actively participates in the international education agenda and takes legislative and organizational measures to ensure full access to quality education for all . In September 2022, Turkmenistan actively participated in Transforming Education Summit and adopted a National Statement of Commitment  for the achievement of SDG 4 on Quality Education. To turn the commitments into action, UNICEF in Turkmenistan in partnership with the Ministry of Education organized the Conference “Y
UNICEF Turkmenistan
April 5, 2023 – Turkmenistan actively participates in the international education agenda and takes legislative and organizational measures to ensure full access to quality education for all . In September 2022, Turkmenistan actively participated in Transforming Education Summit and adopted a National Statement of Commitment  for the achievement of SDG 4 on Quality Education. To turn the commitments into action, UNICEF in Turkmenistan in partnership with the Ministry of Education organized the Conference “
UNICEF Turkmenistan
April 5, 2023 – Turkmenistan actively participates in the international education agenda and takes legislative and organizational measures to ensure full access to quality education for all . In September 2022, Turkmenistan actively participated in Transforming Education Summit and adopted a National Statement of Commitment  for the achievement of SDG 4 on Quality Education. To turn the commitments into action, UNICEF in Turkmenistan in partnership with the Ministry of Education organized the Conference
UNICEF Turkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.