Türkmenistanda ýaşlaryň maslahat beriş forumy

Türkmenistanda ýaşlaryň maslahat beriş forumy çaganyň hukuklary boýunça ýaşlaryň maslahat beriş toparyny döretmäge ýol açýar

24 Iýun 2019
tuk-youth-consultative-forum
UNICEF Turkmenistan

“Biz, çagalar, özümize degişli meselelere belet we çagalara we ýaşlara gönükdirilen maksatnamalary işläp taýýarlamakda Hökümete ýardam bermäge mydam taýýar” diýip, Türkmenistanyň Mejlisi we ÝUNISEF tarapyndan guralan Ýaşlaryň maslahat beriş forumynyň ýaş gatnaşyjysy Diýar Lomanow aýtdy.

Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli geçirilen forumyň esasy maksady çagalaryň we ýaşlaryň Çagalaryň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň we Milli meýilnamanyň durmuşa geçirilişine we oňa gözegçilik edilişine gatnaşygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa her bir çaganyň ýaşyny we ösüş aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, olaryň garaýyşlaryny beýan etmäge bolan hukugyny ykrar edýär. Çaganyň öz pikirini beýan etmäge bolan hukugy özbaşdak hukuk bolmak bilen bir wagtda, ähli beýleki hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin hem örän möhüm bolup durýar. Mundan başga-da, Milli meýilnamada çagalaryň gyzyklanýan ähli meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmek erkinligi we medeni, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak hukugy göz öňünde tutulýar.

“Syýasy isleg we zerur serişdeler elýeterli bolanda, çagalar we ýaşlar biziň dünýämizi oňat tarapa üýtgedip bilýär. Forumy guramak bilen, biz Hökümetiň çagalaryň hukuklary boýunça ýaşlaryň maslahat beriş toparyny döretmek baradaky meselä garar diýip umyt edýäris” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Siraj Mahmudlu forumyň gatnaşyjylarynyň öňünde eden çykyşynda belledi.

Interaktiw görnüşli okuwyň dowamynda, ýaşlaryň syýasatçylaryň öňünde Milli meýilnamanyň 6 maksady boýunça, ýagny Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň durmuşa geçirilişi, saglygy goraýyş, bilim, ykdysady abadançylyk, zorlukdan goranmak, çagalaryň gatnaşygy we çagalaryň Milli meýilnamany durmuşa geçirmäge goşup biljek goşandy babatda öz maslahatlaryny beýan etmäge mümkinçiligi boldy.

“Ýurdumyzda çagalaryň gatnaşmagy üçin amatly şertleri hasaba alyp, biz durmuşymyz bilen baglanyşykly kanunlary we jemgyýetçilik syýasatyny işläp taýýarlamaga ýardam bermäge taýýar. Biziň öýde, mekdepde, jemgyýetde pikirimizi beýan etmek hukugyna hem-de ýaşlar tarapyndan dolandyrylýan guramalara ýolbaşçylyk etmek mümkinçiligine eýe bolasymyz gelýär. Biziň durmuşymyza täsir edýän dürli çözgütleri kabul etmäge gatnaşasymyz gelýär» diýip, ýaşlaryň adyndan çykyş eden Jennet Şatowa we Agageldi Döwletow dagylar aýtdy.

Ýurtda ýaşlaryň maslahat beriş topary döredilse, bu topar Milli meýilnamany, ÝUNISEF bilen Hökümetiň bilelikdäki iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek we olara gözegçilik etmek, şeýle-de ýaşlar bilen baglanyşykly syýasatlary we kanunlary işläp düzmek we olary ara alyp maslahatlaşmak işine gatnaşyp bilerdi. Mundan başga-da, topar Adam hukuklary boýunça komitete hasabatlaryň berilmegine we Adalatçynyň diwany bilen gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna ýardam bererdi.

Habarlaşmak üçin salgylar

Gülälek Soltanowa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 65 716045

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.