Ynsanlaryň janyny bilelikde halas etmek: ÝUNISEF, BSGG we KHBS saglyk üçin töwekgelçilikleri peseltmek üçin takyk, aýdyň we ygtybarly maglumatlary bermegi dowam etdirýärler.

18 Iýun 2021
Media briefing
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 6-njy maýy - Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ÝUNISEF bilen bilelikde şu gün Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri  üçin guran pandemiýanyň öňüni almak boýunça dördünji brifingi Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygynyň we olara garşy göreş alyp barmagyň meýilnamasynyň bir bölegidir we ol žurnalistleriň arasynda pandemiýanyň öňüni almak baradaky maglumatlary jemgyýetçilige ýetirmegiň netijeli usullary barada habardarlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen öňki üç brifinge esaslanýar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bütin dünýädäki we sebitleýin COVID-19 ýagdaýy barada täzelenen maglumatlary, sanjymlar we immunizasiýa bilen baglanyşykly iň täze habarlary almaga mümkinçilige eýe boldular. ÝUNISEF sebitdäki öňdebaryjy tejribelerden alnan iň naýbaşy tejribeler bilen tanyşdyrdy we sanjym boýunça aragatnaşygyň mysallaryny getirip görkezdi, metbugat wekilleri bolsa myş-myşlara we nädogry maglumatlara nähili garşy durmalydygy barada, şeýle hem COVID-19 barada hasabat berýän hünärmenler üçin şahsy gorag çäreleriniň görüp bolýandygy hakynda peýdaly maslahatlary aldylar.

Bu webinar tele- we radioýaýlymlardan, metbugat serişdelerinden (gazetler we žurnallar), sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden, şeýle hem ýurduň dürli sebitlerinden wekillerden, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglyk maglumat merkeziniň işgärlerinden bolan 20-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady. Brifing KHBS-niň wekilleri üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ÝUNISEF-iň hünärmenleri bilen COVID-19 garşysyna göreşmegiň çäginde jemgyýetçilik saglygy goraýyşyň çygrynda aragatnaşygy has-da gowulandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.

“Bütin dünýäde COVID-19 pandemiýasy we onuň bilen göreş çäreleri  köpçülikleýin “infodemiýa” - maglumatlaryň aşa köp bolmagy bilen utgaşdy, olaryň käbirleri - takyk, käbirleri bolsa asla hakykata laýyk gelmeýär, bu bolsa adamlara zerur bolanda ygtybarly çeşmeleri we ygtybarly maslahatlary tapmagy juda kynlaşdyrýar. Biz her bir ýurtda, şol sanda Türkmenistanda ahlakly, ygtybarly we takyk maglumatlaryň berilmegini güýçlendirmek üçin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin işleýäris " –diýip Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň taslamasynyň menejeri jenap Alişer Makhamow belledi.

 “ÝUNISEF habar beriş serişdeleriniň ýaşaýyş bilen ölümiň arasyndaky meseleleri çözýän möhüm ornuna ýokary baha berýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kämil derejedäki işgärleriniň töwekgelçilikler barada  düşünjelerini kemala getirmek hem-de saglygy goramak maksady bilen köpçülik üçin ugur almak bilen saglygy goraýyşda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandyrlar diýip hasaplaýarys. Webinaryň tapgyrlary pandemiýanyň göze görünmeýän, ýöne onuň çynlakaý howpuna garşy göreşi güýçlendirmek maksady bilen göz öňünde tutulypdy" – diýip ÝUNISEF-iň wekili Kristin Weýgand aýtdy.

Brifinge gatnaşyjylar bu pandemiýany ýok etmek üçin bilelikde işlemekde, esasanam, dogry çeşmelerden halka ygtybarly we takyk maglumatlary bermekde hyzmatdaşlyk etmekde köpçülikleýin jogapkärçiligi ykrar etdiler.

Sanjym etmek çäresiniň ýaýramagy dünýä derejesinde we sebitde dowam edýändigini nazara alyp, ÝUNISEF we BSGG köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin brifingler tapgyrlaryny geçirmek arkaly bu proses bilen baglanyşykly täsirli we strategiki aragatnaşyga goşant goşmaklyga, pandemiýa wagtynda ýokaşma töwekgelçilikler barada halky habarly etmek, hem-de sanjymlaryň we öňüni alyş saglygy goramak boýunça çäreleriň artykmaçlyklary hakynda, şeýle hem zerur bolan habarlaryň işläp taýýarlamakda we ýaýratmakda ýerli habar beriş serişdeleriniň mümkinçiligini has-da güýçlendirmeklige ymtylýar, bu bolsa žurnalistleriň we habar beriş serişdeleriniň jemgyýetiň saglygy goraýşyna goşýan goşandyny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Bilim bermek boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.