Türkmenistan çagalar we maşgalalar üçin durmuş hyzmatlaryny ösdürýär

26 Aprel 2018
tuk-CWD
UNICEF

ÝUNISEF we saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan goraýyş ulgamlaryndan bolan hyzmatdaşlar, Mejlis, Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli instituty, raýat jemgyýetçilik guramalary, ylmy jemgyýet we “Her bir çaga üçin hyzmatdaşlyk” atly maslahat beriş toparynyň bilermenleri tarapyndan guralan seminarda Türkmenistanda durmuş hyzmatlaryny we durmuş hyzmatlary boýunça hünärmen hünärini ösdürmek barada maslahat edildi.

2016-njy ýyldan bäri ÝUNISEF Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we beýleki hyzmatdaşlary bilen durmuş taýdan goramak hyzmatlary boýunça hünärmeniniň wezipesini we çagaly maşgalalary goldamak hyzmatlaryny girizmek ugrunda hyzmatdaşlyk saklaýar. “Ideg ediş edaralaryndaky 3 ýaşdan kiçi çagalaryň ýagdaýynyň syny” (2013 ý.), “Durmuş hyzmatlaryna baha berlişi” (2015 ý.), “Maýyplygy bolan oglanlaryň we gyzlaryň ýagdaýynyň seljermesi” (2015 ý.) ýaly ýyllaryň dowamynda toplanan dürs maglumatlar maşgalalaryň we çagalaryň durmuşda ýüzleşýän meselelerine has içgin düşünmäge ýardam berdi we milli goldaw ulgamlarynyň çäklerindäki serişdeleri kesgitledi. Hökümetiň çagalaryň abadançylygyna degişli milli kanunçylygy we kadalaşdyryjy binýadyny halkara ölçeglere laýyk etmek boýunça tagallalary ýurtda durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak üçin oňaýly esas bolup hyzmat edýär. Syýasy özgertmelerden daşary, aýry synag meýdançalarynda maýyplygy bolan çagaly maşgalalar üçin ýerli derejede saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda işler ornaşdyryldy.

BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyşynda: “Biz Birleşen milletler guramasynda durmuş hyzmatlary boýunça hünärmenleriň işi ýurtda, hiç kimi çetde goýmazdan, ykdysadyýeti ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gysgamöhletleýin maksatlara ýetmäge ýardam berjekdigine ynanýarys. Durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegi ejiz, maýyplygy bolan we beýleki çagalar bilen bagly Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ählisine ýetmekde wajyp orny eýeleýär” diýdi.

Halkara bilermenler topary seminara gatnaşyjylary durmuş hyzmatlary boýunça özgerýän halkara tejribesi, gözükdiriji ýörelgeler we öwrenilenler bilen tanyşdyrdy. Gatnaşyjylar durmuş hyzmatlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak üçin 10 ýyla golaý bolan uzak wagtyň gerekdigini we onuň yzygiderli maliýeleşdirilmelidigini, hünärmenleriň berk taýýarlygyny we ölçegleriň we tejribäniň ulgamlarda institusionalizasiýalaşdyrylmagyny talap edýändigini ýüze çykardylar. Türkmenistan durmuş hyzmatlary we maşgalalary goldamak bilen meşgullanýan gulluklary döretmegiň irki tapgyrynda ýerleşýär. Bu ýurduň zerurlyklaryna, maşgala üçin oňaýly adatlara we orta girdejili döwlet şertlerine esaslanan ýörite durmuş hyzmatlary ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu öz gezeginde deňsizligi azaltmaga we hemmeleriň, şol sanda has ejiz çagalaryň we maşgalalaryň, durmuş ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Şahin Nilofer: “Bu günki seminar ähli ejiz maşgalalar üçin inklýuziw we ýörite durmuş hyzmatlaryny ýerli derejede ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary görkezdi. Döwlet eýeçiliginiň mümkinçilikleri örän ýokary bolup, Türkmenistanda ähli çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolup hyzmat edýär” diýdi.

Indiki ýerine ýetirilmeli işlere ýokary okuw jaýlarynda durmuş hyzmatlary boýunça okuw maksatnamasyny girizmek, durmuş hyzmatlary boýunça geljekki hünärmenler üçin ölçegleri işläp taýýarlamak, “Çagalar we maşgalalar üçin durmuş hyzmatlaryny işläp taýýarlamak boýunça 2018-2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny” tassyklamak degişlidir.

Habarlaşmak üçin salgylar

Gülälek Soltanowa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 65 716045

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.