ÝUNISEF COVID-19 pandemiýasynyň täsiri ýetýän çagalaryň artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin 1.6 milliard ABŞ dollaryny bölüp bermäge çagyrýar
COVID-19 pandemiýasynyň ýurtlara ýaramaz durmuş-ykdysady täsirini ýetirýändigi sebäpli, mart aýynda maliýeleşdirmek barada berlen haýyşnama bilen deňeşdirilende, täze haýyşnamada 1 milliard ABŞ dollaryndan geçýän serişdeler soralýar

ÝUNISEF COVID-19 pandemiýasyndan ejir çeken çagalara degişlilikde ýerine ýetirilýän ynsanperwerlik çärelerine goldaw bermek üçin, 1.6 milliard ABŞ dollaryny bölüp bermäge çagyrýar, bu möçber ÝUNISEF-iň mart aýynyň soňunda beren haýyşnamasynda görkezilýän 651.6 million ABŞ dollaryndan köpdür. Talap edilýän serişdeleriň artmagy keselleriň ýaramaz durmuş-ykdysady täsirini we maşgalalaryň barha artýan zerurlyklaryny görkezýär. Keseliň ýaýrap başlamagyna bäş aýyň dolmagy bilen, harytlary satyn almak, daşamak we howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetirmek üçin çykdajylar ep-esli ýokarlandy.
ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genriýetta For: “Pandemiýa saglygy goraýyş ulgamyny agyr synaglardan geçirýär, bu çagalaryň hukuklary boýunça ýagdaýa hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Ýiti ýokanç sebäpli mekdepler ýapyldy, ene-atalar işsiz galdy we maşgalalar ruhy çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýärler. Dünýäniň COVID-den soňky ýagdaýyny nazara alsak, bu serişdeler dartgynly ýagdaýa garşy durmaga, onuň netijelerinden gutulmaga we çagalary onuň zyýanly täsirlerinden goramaga kömek eder” diýdi.
Eýýäm ýüzlerçe million çaga üçin saglygy goraýyş we meýilnamalaýyn immunizasiýa ýaly esasy hyzmatlaryň elýeterli boljagy gümana, bu çaga ölümçiliginiň derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyna getirip biler. Şol bir wagtyň özünde, işjeňligiň çäklendirilmegi, mekdepleriň ýapylmagy we bularyň netijesinde ýüze çykýan çetleşme sebäpli adamyň ruhy saglygyna we psihososial ýagdaýyna ýetýän täsir, esasan hem, ejiz çagalar üçin ruhy çökgünlik derejesini öňküden hem ýokarlanyp biler.
ÝUNISEF-iň geçiren derňewine görä, dünýä boýunça 18 ýaşdan kiçi çagalaryň takmynan 77%-i ýa-da 1.8 milliard çaga COVID-19 zerarly işjeňligiň çäklendirilmeleri girizilen 132 ýurduň birinde ýaşaýar.
Işjeňligiň çäklendirilen we durmuş-ykdysady mümkinçilikleriniň pese gaçýan şertlerinde ýaşaýan çagalar üçin zorluk, sütem we idegsizlik boýunça töwekgelçilik faktorlary artýar. Gyzlara we zenanlara jyns we gender taýdan zorluk babatda abanýan howp ýokarlanýar. Köp halatlarda, bosgun, immigrant we ýurduň çäginde göçürilen çagalar, şeýle hem watanyna gaýdyp gelen çagalar üçin hyzmatlar we gorag ygtyýarlyklary çäkli bolýar, şeýle hem olar milletçilik we hukuk kemsitme bilen baglanyşykly ýagdaýlara duçar bolýarlar.
Genriýetta For: “Pandemiýa sebäpli saglyk ulgamy ösen ýurtlarda bolup geçýänleri görüp, keseliň saglyk ulgamy has gowşak we serişdeleri çäkli ýurtlara ýetirjek täsiri bizi aladalandyrýar” diýdi.
Pandemiýa garşy alnyp barýan çäreleriň bir bölegi hökmünde, ÝUNISEF ynsanperwer çökgünligi başdan geçirýän ýurtlarda öz ünsüni jemleýär we keseliň ýokuşmagynyň öňüni almak, şeýle-de saglygy goraýyş, iýmitleniş, suw üpjünçiligi we arassaçylyk, bilim we gorag babatda çagalara, zenanlara hem-de ejiz toparlara ýetirilýän täsirleri azaltmak ugrunda işleýär.
ÝUNISEF-e şu güne çenli pandemiýa bilen baglanyşykly göreş çärelerini durmuşa geçirmek üçin 215 million ABŞ dollary berildi. Goşmaça maliýe serişdeleri ÝUNISEF-e eýýäm ýetilen netijeleri, şol sanda aşakdaky netijeleri berkitmäge ýardam berer:
- COVID-19 öňüni almak üçin, 1.67 milliarddan gowrak adama el ýuwmagyň, üsgürmegiň we asgyrmagyň arassaçylyk düzgünleri barada maglumat berildi.
- 12 milliondan gowrak adam möhüm suw we arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün edildi.
- ÝUNISEF pandemiýa garşy göreş bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreleri goldamak üçin, 52 ýurdy 6.6 milliondan gowrak ellik, 1.3 million lukmançylyk maskasy, 428 000 sany N95 respiratorlary, 291 000 halat, 13 000 äýnek, 63 500 gorag maskasy, 200 kislorod konsentratory we 34 500 anyklaýyş testleri bilen üpjün etdi.
- 80 milliona golaý çaga uzakdan ýa-da öýde bilim alýar.
- ÝUNISEF-iň goldaw berýän saglygy goraýyş edaralarynda 10.9 milliondan gowrak çaga we zenan esasy lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edildi.
- 830 000-den gowrak çaga, ene-ata we hossarlara ýerli derejede ruhy we psihososial goldaw berilýär.
###
ÝUNISEF-iň COVID-19 haýyşnamasy barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz: https://www.unicef.org/appeals/covid-2019.html
Multimedia materiallaryny indirmek üçin aşakdaky salga geçiň: https://uni.cf/2Lh9u8a
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.