Türkmenistanda "Ýaşyl Mekdep" maksatnamasy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki klimat üýtgemelerine garşy çäreleri görmäge, daşky gurşawy goramaga we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmaga gönükdirilen maksatnamasy.

A classroom of children
UNICEF Turkmenistan

About

"Ýaşyl mekdep" maksatnamasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyjy bolup, bilim ulgamynyň klimat üýtgemeleri, daşky gurşawy goramak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak bilen bagly meseleleri çözmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň klimat, bilim we ösüş boýunça milli strategiýalaryna esaslanýan maksatnama innowasion okatmagyň usullary, energiýany we suwy tygşytly peýdalanmak, şeýle hem ekologiýa taýdan jogapkärçilikli endikleri ösdürmek arkaly mekdeplerde durnukly tejribeleri ornaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle çemeleşmeler okuwçylary, mugallymlary we jemgyýetçiligi daşky gurşawy goramaga işjeň gatnaşmaga höweslendirýär.

Daşky gurşaw boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak, amaly okuw mümkinçiliklerini döretmek we ýaşlaryň gatnaşygyny güýçlendirmek arkaly "Ýaşyl mekdep" maksatnamasy Türkmenistanda howpsuz, inklýuziw we daşky gurşawyň täsirlerine durnukly okuw gurşawyny döretmäge goşant goşýar. Maksatnama gatnaşýan mekdepler bilim we innowasiýa merkezleri hökmünde çykyş edýär. Bu ýerde okuwçylar tebigy baýlyklary jogapkärçilikli peýdalanmagy, döredijilikli pikirlenmegi we has ýaşyl hem-de sagdyn geljegiň kemala gelmegine öz goşantlaryny goşmagy öwrenýärler.

Yashyl mekdep