Mekdebe çenli ýaşdaky çagalar üçin klimatyň üýtgemegi boýunça bilim: Terbiýeçiler üçin usuly gollanma
About
Bu gollanma çagalar baglarynyň we mekdebe çenli bilim edaralarynyň terbiýeçilerine ýaş çagalary tebigat we klimatyň üýtgemegi bilen oýun arkaly tanyşdyrmaga ýardam berýär. Gollanma üç esasy maksada gönükdirilendir: çagalarda tebigata bolan söýgini we oňa aýawly çemeleşmek endiklerini ösdürmek; durnukly durmuş ýörelgesine laýyk gelýän ýönekeý gündelik hereketleri öwretmek; şeýle hem parnik täsiri we çölleşme ýaly klimata degişli esasy düşünjeler barada başlangyç düşünje döretmek.
Maksatnama üç bölümden ybarat bolup, olaryň her biri çagalaryň belli bir ýaş toparyna laýyklykda taýýarlanyldy:
- Klimatyň üýtgemegi bilen baglylykda tebigat bilen tanyşlyk (3–4 ýaş): her biri 15 minutlyk alty okuw sapagy.
- Durnukly durmuş ýörelgesi: klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini gowşatmak (4–5 ýaş): her biri 20 minutlyk bäş okuw sapagy.
- Klimatyň üýtgemegi nähili bolup geçýär? (5–6 ýaş): her biri 20–25 minut dowam edýän alty okuw sapagy.
Gollanmada oýun arkaly öwretmek usuly ulanylýar we ol irki çagalyk döwrüniň ösüşi baradaky häzirki zaman ylmy barlaglara esaslanýar. Oýunlar, amaly işler we ýönekeý toparlaýyn pikir alyşmalar arkaly çagalaryň beden, durmuş, emosional we aň-bilim taýdan ösüşi goldanylýar. Nazary leksiýalar we okamak talap edilmeýär.
Terbiýeçilerden bu ugurda ýöriteleşdirilen bilimleriň bolmagy talap edilmeýär; tema barada gündelik durmuş derejesinde umumy düşünjäniň bolmagy ýeterlikdir. Gollanmany Türkmenistanyň ähli çagalar baglarynda, şeýle hem ýarym günlük mekdebe çenli taýýarlyk toparlary işleýän umumy bilim berýän mekdeplerde ulanmak maslahat berilýär.