Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmqge bolan uýgunlaşma boýunça okuw maksatnamasy hem-de usuly gollanma
«Ilkinji ýaşyl ädimler»: Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar bilim edaralary üçin klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça maksatnama
About
Klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça okuw maksatnamasy we usuly görkezmeler Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilerine çagalaryň irki ýaşlardan başlap klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak ukyplaryny we durnukly durmuş ýörelgelerine degişli endiklerini kemala getirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama üç ýaş toparyna — 3–4, 4–5 we 5–6 ýaşly çagalara niýetlenendir we oýun arkaly, çaganyň ösüş aýratynlyklaryna gönükdirilen okuw usullaryna esaslanýar. Çagalar parnik täsiri we çölleşme ýaly esasy düşünjeler bilen ýaşlaryna laýyk we düşnükli görnüşde tanyşdyrylýar, şol bir wagtyň özünde tebigata ünsli we aýawly garamak endikleri ösdürilýär.
Amaly işler we ýönekeý söhbetdeşlikler bilen utgaşdyrylan maksatnama terbiýeçilere çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän gyzykly we täsirli sapaklary geçirmek üçin zerur bolan ähli usuly serişdeleri hödürleýär. Sapaklary geçirmek üçin çylşyrymly nazary düşündirişlere ýa-da ylmy düşünjeleri çuňňur öwretmäge zerurlyk ýok. Tebigat bilen gönüden-göni aragatnaşyk we ony duýmak arkaly öwrenmek çagalaryň durnukly durmuş ýörelgeleriniň esasy endiklerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär: suwy tygşytly peýdalanmak, serişdeleri aýawly ulanmak we galyndylary azaltmak. Şeýlelikde, maksatnama çagalykdan başlap daşky gurşawa jogapkärçilikli garamagyň, ekologik düşünjäniň we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin zerur bolan başarnyklaryň uzak möhletleýin binýadyny döredýär.