ÝUNISEF we Bilim ministrligi mekdep mugallymlary üçin klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usulyýet gollanmalary bilen tanyşdyrdylar

30 Ýanwar 2023
UNICEF and Ministry of Education Introduce Methodological Manuals for schoolteachers on Climate Change Adaptation
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 30-njy ýanwary, Aşgabat: Şu gün ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Bilim ministrligi bilen bilelikde mekdep mugallymlary üçin klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usulyýet gollanmalaryny ulanyşa girizdiler we paýladylar. Bu gollanmalar Merkezi Aziýada ilkinji gezek tanyşdyryldy. Bu gollanmalar klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagy tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa, ýaşaýyş durmuş esaslary we oba hojalygy ýaly daşky gurşaw bilen baglanyşykly 5 başlangyç we orta bilim derslerini birleşdirmek arkaly bilim bermegi ýeňilleşdirmek üçin niýetlenendir.

Usulyýet gollanmalary iň gowy halkara tejribesi bilen tanyşdyrýar we mekdep okuwçylarynyň hem-de ýetginjekleriň klimatyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça düşünjesini hem-de başarnyklaryny giňelder. Gollanmalar Türkmenistanyň Hökümetiniň klimatyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça gün tertibini durmuşa geçirmekde edýän tagallalaryna mundan beýläk hem goldaw bermek maksady bilen, Bilim ministrligi, Milli bilim instituty we ÝUNISEF tarapyndan bilelikde taýýarlanyldy.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar 5 gollanma bilen tanyşdyryldy we gollanmalaryň 8000-den gowrak nusgasy Türkmenistandaky mekdeplere paýlamak üçin ÝUNISEF tarapyndan Bilim ministrligine gowşuryldy. Bu çärä ýurduň Hökümetiniň, bilim müdirlikleriniň, ylmy edaralarynyň, ýurduň ähli künjegindäki kitaphanalarynyň 70 gowrak wekili, şeýle-de Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2
UNICEF Turkmenistan

“Gollanmalar bilim ulgamynyň we mekdep okuwçylarynyň klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere durnuklylygyna goşant goşar. Bu klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak, daşky gurşawyň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak ugrunda ýurt boýunça edilýän tagallalary goldamak, Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň habarlylygyny ýokarlandyrmak we özüňi alyp barmagyň üýtgetmäge goldaw bermek üçin uly mümkinçilikdir” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi özüniň giriş çykyşynda aýtdy.

1
UNICEF Turkmenistan
Blocks
3
UNICEF Turkmenistan

Türkmenistan DÖM-i hem-de 2030-njy ýyl üçin Klimatyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň gün tertibini milli meýilnamalaryna we maksatnamalaryna ilkinji ýurtlaryň biri bolup girizdi. DÖM-iň gün tertibine görä, esasan-da, DÖM 4 we 13-e laýyklykda, Türkmenistan Klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça gün tertibini bilim pudagyna girizmäge hem-de Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň we ýetginjekleriň klimatyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygynyň ýokarlanmagyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýar.

4
UNICEF Turkmenistan
6
UNICEF Turkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.