Sergi

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen mekdepleriň arasyndaky “Kim meniň gahrymanym?” atly plakatlaryň çeper-döredijilik bäsleşigine tabşyrylan platkalaryň onlaýn sergisine hoş geldiňiz!

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy
28 Maý 2022

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda “Kim meniň gahrymanym?” atly çeper-döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň maksady – çagalaryň gatnaşygyny we döredijilikli şöhlelendirmelerini görkezmek, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň, şahsy arassaçylyk düzgünleriniň ähmiýeti we wezipesi, ýiti respirator kesellerinden goranmagyň we öňüni almagyň düzgünleriniň we maslahat berilýän çäreleriniň berjaý edilmegi baradaky maglumaty ýaýbaňlandyrmak we ýaýratmak.

Bu çäre, Türkmenistan hökümetiniň, şeýle-hem Bütindünýä bankynyň 2021-2023-nji ýyllar üçin Türkmenistanda COVID-19 keseline garşy göreşmek taslamasynyň maliýeleşdirmegi netijesinde amala aşyryldy.

Bäsleşigiň ýeňiji plakatlary:

UNICEF
Durdymuhammedowa Altynaý
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 33-nji mekdebi
UNICEF
Ýollyýewa Merjen, Ýollyýew Muhammet, Semenowa Medine, Ýolamanowa Aýjemal
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň 2-nji mekdebi
UNICEF
Rejepow Söhbetgeldi
Aşgabat şäheriniň 20-nji mekdebi
UNICEF
Matkarimow Umit, Haýtbaýewa Dinara
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 27-nji mekdebi
UNICEF
Annakuliýewa Merjen, Rozyýewa Gülşen, Hallyýewa Tawus
Aşgabat şäheriniň saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynyň ker we çala eşidýän mekdep ýaşly çagalar bölümi
UNICEF
Babamuradowa Täjinar, Altybaýewa Arzuw
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 41-nji mekdebi
UNICEF
Rejepowa Aýgül
Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň 27-nji mekdebi

Sanly görnüşinde sergi şu ýerde elýeterlidir: