Durnukly nysak – ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýörelgäni ýola goýýar

Her ýyl ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Ýer togalagynyň halkara gününde daşky gurşawa hoşniýetli bolmak we täze “ýaşyl” başlangyjy girizmek adata öwrüldi.

Radina Kemalowa
tuk-sustainable-fashion
UNICEF
24 Aprel 2019

Her ýyl ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliýetinde Ýer togalagynyň halkara gününde daşky gurşawa hoşniýetli bolmak we täze “ýaşyl” başlangyjy girizmek adata öwrüldi. Bu ýyl Durnukly nysak (moda) ýörgünli boldy.

NYSAK bilen ÝUNISEF-iň arasynda näme baglanyşyk bar? Bu günki gün nysak howa şertleriniň üýtgemegine getirýän esasy sebäpleriň biridir. Dokma senagaty ýa-da yzygiderli geýim önümçiligi planeta ýaramaz täsir edýär. Dokma senagatynda geýim önümçiligi üçin zyýanly himiki maddalar ulanylýar. Bu öz gezeginde parnik gazlarynyň bölünip çykmagyna getirýär. Bu gazlar daşky gurşawa ýaramaz täsir edýär, biologiki dargama sezewar bolmaýan mata önümleri bolsa ýüzlerçe ýyllap zibil dökülýän ýerlerde ýatýar we topragy zaýalaýar. Pagtany ösdürmek üçin tonnalap derman serişdeleri ulanylýar, bu hem golaýda ýaşaýan ilata täsirini ýetirýär. Bir nah köýnegi öndürmek üçin 2700 litr suw harçlanylýar. Bu möçber adamyň 2,5 ýyllap suwa bolan ortaça zerurlygyny kanagatlandyrmaga ýetýär.

Şeýle hala getiren planetamyzy çagalarymyza goýmak isleýärismi?!

Bagtyýar çagalygy üpjün etmek boýunça öňdebaryjy gurama hökmünde, ÝUNISEF dokma pudagynyň ýaramaz durmuş-ykdysady we ekologiki täsirini azaltmagy gönükdirilen işjeňligi öňe sürýär.

Şonuň üçin hem bu ýyl Ýer togalagynyň halkara gününde “Azaltmak-gaýtadan ulanmak-gaýtadan işlemek” ýörelgesini goldamagymyzy dowam edýäris. Munuň bilen baglylykda, biz dokma önümlerini we ulanyşdan galan geýimleri dogry we oýlanyşykly ulanmagy teklip edýäris. Biz şeýle-de plastik torbalary ulanmagy azaltmak boýunça işjeňligimizi dowam edýäris.

15-nji aprelde BMG-nyň beýleki edaralary, syýasy jemgyýet, şeýle-de Türkmenistanda ulanyşdan galan geýimler boýunça ilkinji studio bilen tagallalarymyzy birleşdirdik we Durnukly nysak görkezilişini we satuwyny guradyk. Meşhur ýaş geýim bezegçileri çäreden bir aý öň işe girişdiler. Olar BMG-nyň işgärleri tarapyndan 1 ýylyň dowamynda toplanylan ulanyşdan galan geýimlerden we dokma önümlerinden taýýarlan çeper işlerini, ýagny geýimleri, torbalary, aksessuarlary we öý bezeg predmetlerini hödürlediler.

Görkezilişden soň, myhmanlara podiumdan sungat eserlerini gönümel satyn almaga, bezegçiler bilen duşuşmaga we “ýaşyl” süýjülikler bilen çaýyň başynda pikir alyşmaga mümkinçilik berildi.

Çäräniň dowamynda toplanan serişdeleriň ählisi mätäçlik çekýän çagalara kömek edýän ýerli jemgyýetçilik guramasyna geçirildi.

22-nji aprelde ÝUNISEF-iň işgärleri bu ýörelgäni dowam etdirdiler. Olar serişdeleri rejeli ulanmak we daşky gurşawa has jogapkärçilikli çemeleşmek baradaky şahsy eko-endikleri we maslahatlary bilen paýlaşdylar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliýetiniň agzalary hökmünde, ilki bilen özümizden başlasak, oňyn özgertmeleriň boljakdygyna ynanýarys. Biz geýimleri köp wagt ulanmak, soňra haýyr-sahabat etmek, oýlanyşykly satyn almak we plastik torbalara “ýok” diýmek bilen, görelde bolmaly diýen pikire uýýarys. Daşky gurşawy çagalarymyz üçin howpsuz, ösüşe iterýän we goragly ýere öwürmek üçin, biz ädim-ädim özümiziň, hyzmatdaşlarymyzyň we ilatyň endiklerini üýtgedýäris. Beýle etmek bilen, biz her bir çaga üçin maýa goýum goýýarys. Her bir çaga üçin – arassa planeta!