COVID-19 wirusynyň öýüňize aralaşmazlygy üçin arassaçylyk düzgünleri boýunça maslahatlar

Maşgalaňyzy goramak üçin geýimleri ýuwmadan başlap nahar taýýarlama çenli-ähli gündelik görülmeli çäreler

ÝUNISEF
Cleaning tips to help keep COVID-19 out of your home
UNICEF Turkmenistan
30 Sentýabr 2020

Iýmit arkaly size koronowirus keseli (COVID-19 ) ýokuşyp bilermi? Indi men geýimlerimi nähili ýuwmaly?  Adaty hojalyk işleri nämälimligiň we birahatlylygyň çeşmesine öwrüldi sebäbi maşgalalar ýakynlaryna zerur bolan işleri bilen başagaý we şol bir wagtda hem olaryň howpsuz we sagdyn bolmagy ugrunda göreşýärler. Bu wirus hakyndaky giňden ýaýran ýalan maglumatlar hemmeleri töwekgelçilige salýar we hakykaty ýalandan aýyl-saýyl etmekde kynçylyk döredýär.

COVID-19 wirusy boýunça ylmy-barlaglar entek dowam edýärkä, biz wirusyň kesel ýokaşan adamyň dem-alyş ýollaryndan (üsgürende we asgyranda) çykýan damjajyklaryň we wirusyň düşen ýerleriniň üstki böleklerine gös-göni galtaşmagy arkaly geçýänligini bilýäris. Bu wirusyň predmetleriň üstki böleklerinde birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli saklanyp bilmegi mümkindir. Hoş habar näme? Ýönekeý zyýansyzlandyryjy serişdeler ony öldürip bilýär. Onda bu öýüňiz üçin nämäni aňladýar? Ene-atalara ýardam bermek maksady bilen, biz  COVID-19 hakynda mälim bolan soňky bilermenlik maglumatlaryny we onuň öýüňize aralaşmazlygyny gazanmak üçin maslahatlary bir ýere jemledik.

COVID-19-dan goranmak üçin arassalama we arassaçylyk düzgünleri boýunça maslahatlar

 

Şahsy arassaçylygyň düzgünleri

Ýönekeý arassaçylyk düzgünleri maşgalaňyzyň we islendik beýleki adamyň saglygyny goramaga kömek edip biler.

Ýüzüňizi ellemäň

Gözleriňizi, burnuňyzy we agzyňyzy ellemekden saklanyň. 

Eliňiziň aýasyna üsgürmäň ýa-da asgyrmaň

Üsgüren ýa-da asgyran wagtyňyz agzyňyzy we burnuňyzy tirsegiňiz ýa-da kagyz süpürgiç bilen ýapyň. Ulanylan kagyz süpürgijiňizi derrew zibil gabyna atyň.

Howpsuz araçägi saklaň

Üsgürýän ýa-da asgyrýan adamlar bilen azyndan 1 meter (3 fut) howpsuz araçägi saklaň.

Köpçülikleýin ýerlerinde agyz-burun örtügini dakyň

COVID-19 keseli daş-töweregiňizde giňden ýaýran bolsa we beýlekilerden aralygy saklamak kyn bolsa, mata örtügini dakyň.

Saglygyňyza her gün gözegçilik ediň

COVID-19 alamatlaryndan özüňizde seresap boluň. Alamatlar ýüze çyksa, lukmançylyk kömegini gözläň we lukmançylyk kömegine mätäç adamdan başgaňyz öýde galyň.

Elleriňizi ýuwuň, ýuwuň, we ýene-de ýuwuň 

Elbetde, siz bu sözleri hemme ýerde eşidýänsiňiz, sebäbi bu goranmagyň iň gowy serişdesidir. Elleriňizi sabyn bilen azyndan 20-30 sekuntlap ýygy-ýygydan ýuwup duruň.

Onuň üçin çagalaryňyz bilen wagt kesgitlemegiň aňsat ýoly doglan gününde aýdylýan aýdymy iki gezek aýtmakdyr.

Burnuňyzy süpgüreniňizden soňra, kagyz elýaglyga asgyranyzdan soňra, hajathanany ulananyňyzdan soňra, öýüňizden gideniňizde we öýe gelenňizde, nahar taýýarlamazdan we iýmezden öň, ýüzüňizi timarlamazdan we kontakt linzalaryňyzy ellemezden öň elleriňizi ýuwanlygyňyza göz ýetiriň.

El arassalaýyjy serişdäni ulanýan bolsaňyz, onda onuň düzüminde azyndan 60 göterim spirtiň saklanýanlygyna, onuň elleriňiziň hemme ýerlerine çalanlygyňyza, 20-30 sekuntlap elleriňiz guraýança olary bir-birine sürtenligiňize göz ýetiriň. Elleriňiz  hapalanan bolsa, hemişe olary sabynlap ýuwuň.

Bilýärdiňizmi? Sowuk we gyzgyn suwuň ikisi-de sabyn ulanyňyzda we elleriňizi dogry ýuwanyňyzda mikroblary we wiruslary öldürmekde deň derejede netijelidirler!

 

Öýüňizi arassalamak

Öýde köp ellenilýän ýerleriň ýüzüni yzygiderli arassalama we ýokançsyzlandyrma ýokanjyň töwekgelçiligini azaltmagyň wajyp serişdesidir.

Arassalaýjy önümleriň howpsuz we netijeli ulanylmagy üçin görkezmeleri, şeýle-de elllikleri geýmek we dogry ýelejiretme ýaly goranyş çäreleri berjaý ediň.

Käbir ýerli häkimiýetler COVID-19 wirusyna garşy ulanmak üçin maslahat berilýän önümleriň sanawlaryny düzdüler.

Köp ellenilýän ýerleriň ýüzüni arassalama we ýokançsyzlandyrma

Öýleriň ählisi özboluşly we bir-birine meňzemeýär, emma ýüzi köp ellenilýän ýerlere şular girýär: gapylaryň tutawaçlary, stollar, oturgyçlar, germeçler, aşhananyň we hammamyň diwarynyň ýüzleri, suw kranlary, hajathanalar, çyralary öçürijiler, el telefonlary, kompýuterler, planşetler, kompýuteriň düwmejikleri, uzakdan dolandyrýan enjamlar, oýun oýnalýan enjamlaryň dolandyryjylary we gowy görülýän oýunjaklar.  

Näme bilen arassalamaly we ýokançsyzlandyrmaly

Näme bilen arassalamaly we ýokançsyzlandyrmaly Eger predmetiň ýüzi hapa bolsa, onda, ilki bilen ony sabyn ýa-da arassalaýyjy serişde we suw bilen arassalaň. Soňra, düzüminde spirt (70 göterim töweregi) ýa-da agardyjy saklaýan dezinfisirleýän serişdäni ulanyň. Sirke we beýleki önümleri ulanmak maslahat berilmeýär.

Köp ýerlerde zyýansyzlandyryjy pürküji serişdeleri we süpürgiçleri tapmak kyn bolup biler. Suwuk hojalyk agardyjy erginleri hem käbir zatlaryň ýüzlerini arassalamak üçin ulanmak mümkin.

Nähili zyýansyzlandyrmaly

Arassalaýyjy erginleri predmetiň ýüzüne çalan badyňyza ony süpürip aýyrmaly däldir. Süpürgiçler we pürküji arassalaýjy serişdeler ýaly köp dezinfisirleýän önümleriň netijeli bolmagy üçin birnäçe minut şol predmetleriň ýüzünde öllügine durmagy zerurdyr. Hemişe maslahat berilýän önümleri ulanýanlygyňyza göz ýetirmek üçin gözükdirijileri okaň we ynjyk zaýalanýan el telefonlary we beýleki elektron enjamlar üçin olary ulanmakdan gaça duruň. Elektron enjamalar üçin süpürmäge ýaramly daşlykary ulanmagy göz öňünde tutuň.

Egin-eşikleri arassalamak

Häzirlikçe COVID-19 wirusynyň matanyň ýüzünde näçe wagt saklanyp bilýänligi nämälim, emma egin-eşikleriň dürli görnüşlerinde plastik we metal elementler bar we olarda bolsa bu wirus birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli saklanyp bilýän bolmagy mümkindir.

Seresaplygy we akylly-başly hereket etmegi elden bermäň. Öýe girende köwüşleriňizi çykarmak we köpçülik ýerlerinden öýe dolanyp geleniňizde eşikleriňizi arassa eşikler bilen çalyşmak we soňundan ellerňizi sabynlap derrew ýuwmak ýaly gowy endikleri göz öňünde tutuň.

Geýimleri öýde ýuwmak

Ýorgan-düşek daşlyklaryny, desmallary we egin-eşikleri yzygiderli arassalaň.

  • Wiruşyň howada ýaýramagynyň mümkinçiligini azaltmak üçin hapa egin-eşikleri silkmäň.
  • Talabalaýyk iň gyzgyn suw derejesini kesgitläp hapa geýimleri sabyn ýa-da arassalaýyjy serişde bilen ýuwuň we doly guradyň, bu çäreleriň ikisi hem bu wirusy öldürmäge kömek edýär.
  • Elleriňizi sabynlap ýuwuň, ýa-da derrew yzysüre spirt garylan el arassalaýyjy serişdäni ulanyň.
  • Kir haltaňyzy we sebediňizi hem ýuwuň ýa-da ýokançsyzlandyryň. Kirli geýimleriňizi bir gezek ulanylýan plastik gaplarda saklamagy göz öňünde tutuň.

Geýimleri daşarda ýuwmak

Geýimleri daşarda ýerleşýän kir ýuwujy hyzmatlardan peýdalanmaly bolsaňyz, talabalaýyk howpsuzlyk çärelerini görüň:

  • Daşarda sarp etjek wagtyňyzy azaltmak üçin öýden çykmazdan ozal hapa geýimleriňizi taýýarlaň.
  • Bir gezekde adamlaryň azyrak wagty çykmaga synanşyň.
  • Adamlar bilen howpsuz araçägi saklaň.
  • Mümkin bolsa, bir gezeklik ulanylýan ellikleri geýiň, ulanýan ähli enjamlaryňyzyň ýüzlerini zyýansyzlandyryň we ýüzüňizi ellemäň.
  • Kir ýuwujy hyzmatlaryň ýapyk binada ýerleşýänligi üçin, mümkin bolsa, geýimleriňiz arassalanyp bolýança daşarda garaşyň.
  • Ýuwulan geýimleriňizi öýde epleşdiriň.
  • Elleriňizi sabynlap ýuwuň, ýa-da derrew yzýany düzüminde spirt saklaýan el arassalaýyjy serişdäni ulanyň.
  • Kir salynýan plastik gabyňyzy/sebediňizi hem ýuwuň ýa-da zyýansyzlandyryň. Kirli geýimleriňizi bir gezeklik ulanylýan plastik gaplarda saklamagy göz öňünde tutuň.

Kir ýuwujy enjamlar elýeter bolmasa, onda kirli geýimleriňizi öýde sabyn ýa-da kir ýuwujy serişde we talabalaýyk ýyly suw bilen elde ýuwuň.

Azyk önümlerini ulanmak we nahar taýýarlamak

Häzirlikçe COVID-19 wirusynyň adamlara iýmit ýa-da iýmitiň gaby arkaly geçýänligi hakynda hiç hili subutnama ýok, onuň adamlara wirus degen ýerler ýa-da zatlar we sonra olaryň ýüzlerini ellemegi arkaly ýokuşýan bolmagy mümkin.

Daşarda azyk önümlerini satyn almak ýa-da eltip berilýän azyk önümlerini almak  (töwerekde eltip berilýän islendik zatlary), beýleki adamlar bilen ýakyndan görüşmek uly töwekgelçiligi döredýär. Hemişe bolşy ýaly, iýmit arkaly geçýän keselleriň öňüni almak üçin azyk önümlerini ulananyňyzda arassaçylygyň düzgünlerini dogry berjaý etmeklik wajypdyr.

Azyk önümlerini gaplamakda we ulanmakda seresaplylyk çäreleri   

  • Islendik gerekmejek daşky gaby aýyryň we ony gapakly zibil gaba atyň.
  • Azyk önümini gutusyndan çykaryň, arassa gapda ýerleşdiriň we onuň gutusyny zibil gabyna atyň.
  • Bankalar ýaly gaplary açmazdan ýa-da ýerleşdirmezden ozal zyýansyzlandyryjy serişde bilen arassalap bolar.  
  • Miwe we gök önümler ýaly gapsyz azyk önümlerini akar suw bilen gowy ýuwuň.
  • Ellerňizi sabynlap ýuwuň ýa-da derrew düzüminde spirt saklaýan arassalaýjy serişde ulanyň.

Umumy azyk önümleriniň arassaçylyk düzgünleri boýunça maslahatlar

  • Nahar taýýarlamazdan ozal azyndan 20 sekuntlap elleriňizi sabynlap ýuwuň.

    •    Çyg eti we balygy kesmek üçin aýratyn çapgyç tagtalaryny ulanyň.

    •    Azyk önümini maslahat berilýän gyzgynlyk derejesinde bişiriň.

    •    Mümkin bolsa, çalt zaýalanýan önümleri sowuk ýa-da doňdurylan görnüşde saklaň we önümiň ýaramlylyk möhletine dykgat ediň.

    •    Azyk galyndylaryny talabalaýyk we arassaçylyk düzgünlerine görä gaýtadan ulanyň ýa-da ýok ediň, zyýankeşleri özüne çekip biljek zibilleriň üýşmegine ýol bermäň.

    •    Nahar iýmezden ozal azyndan 20 sekuntlap elleriňizi sabynlap ýuwuň we çagalaryňyzyň hem bu düzgüni berjaý edýänligine göz ýetiriň.

    •    Hemişe arassa gap-gaçlary ulanyň.