COVID-19 döwründe öýden daşarda keselden goranmaklygyň usullary

Daşarda wagtyny howpsuz we hoş geçirmek boýunça maşgalaňyz üçin maslahatlar

ÝUNISEF
COVID-19 döwründe öýden daşarda keselden goranmaklygyň usullary
ÝUNISEF Türkmenistan
05 Oktýabr 2020

Daşa çykmak ulularyň-da, çagalaryň-da  gowy görýän güýmenjesidir. Emma COVID-19 pandemiýasynyň dowam edýän wagtynda ene-atalar maşgalasynyň daşarda geçirjek wagtynyň hem hoş, hem howpsuz bolmagyna gözegçilik etmek meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Daşarda wagtyňyzy howpsuz we gyzykly geçirmek üçin muny özüňiz üçin “gollanma” hasaplaň.

 

COVID-19 daşarda ýokuşyp bilýärmi?

Gynansakda, hawa. COVID-19 siziň kesel ýokuşan adam bilen gabatlaşyp biljek islendik ýeriňizde ýokuşyp biler. Ýatda saklaň, bu wirus esasan-da kesel ýokuşan adamyň üsgürmegi, asgyrmagy, gürlemegi ýa-da aýdym aýtmagy arkaly howa çykarýan damjajyklaryndan geçýär we olar soňra golaýyndaky adamlaryň agzyna, burnuna ýa-da gözlerine düşüp bilýär. Ýakyn aralykdan howa (ýa-da aerozol) arkaly geçme mümkinçiligi hem bolup biler, hususan-da ýaramaz ýelejiredilýän, köp adamly ýapyk ýerlerde. Bu wirusyň düşen ýerlerini ellänlerinden soň adamlaryň agyzlaryny, burunlaryny ýa-da gözlerini ellemekleri arkaly hem ýokuşmagy mümkin.

Şuňa we bu wirus hakynda bilýän zatlarymyza esaslanyp, ýapyk ýerlere garanda, daşarda onuň ýokuşma töwekgelçiligi azyrak hasaplanýar, emma adamlara seresaplylyk çärelerini berjaý etmeklik –bir-birinden azyndan bir metr howpsuz araçägi saklamak, beýlekileriň golaýynda mata agyz-burun örtügini dakynmak, ýygy-ýygydan ellerini ýuwmak, we daşa çykmazdan ozal COVID-19-ň islendik alamatlary üçin özüňi barlamak wajypdyr.

 

Maşgalam bilen daşarda wagtymy nähili ýagdaýda howpsuz geçirip bilerin?

Fiziki taýdan işjeň bolmaklyk maşgalanyň her bir agzasyny ruhunyň we bedeniniň sagdyn bolmagy üçin iň gowy usullarynyň biridir. Käbir esasy hereketler amala aşyrmak arkaly maşgalaňyza  COVID-19 wirusynyň ýokuşma töwekgelçiligini azaltmaga kömek edip bilersiňiz.

  • Meýdana çykmagy meýilleşdirýän wagtyňyz ulag gatnawynyň dartgynly wagtyndan we köp adamly ýerlerden gaça durmaga synanyşyň we mümkin bolan ýerinde az adamly ugurlary saýlap alyň.
  • Ýanyňyz bilen azyndan düzüminde 60 göterim spirt saklaýan el üçin antiseptik, zyýansyzlandyryjy süpürgiçleri, kagyz süpürgiçleri, goşmaça mata agyz-burun örtükleri we ulanmaýan wagtyňyz (m.ü. iýýän ýa-da içýän) agyz-burun örtügini saklamak üçin agzy ykjam ýapylýan gap alyň.
  • Öýden çykmazdan ozal ähli maşgala agzalarynyň özlerini gowy duýýandyklaryna we olaryň hiç birinde keseliň alamatlarynyň ýoklugyna göz ýetiriň.
  • Daşardakaňyz azyndan beýlekilerden bir metr howpsuz araçägi saklamak, öýüň töwereginde adamlara golaý wagtyňyz agyz-burun örtügini dakynmak, ýüzüňizi (gözleriňizi, burnuňyzy, agzyňyzy) ýa-da agyz-burun örtüginiň ýüzüni ellemezlik, we ýygy-ýygydan elleriňizi ýuwmak ýa-da dezinfirlemek ýaly  esasy berjaý etmeli seresaplylyk çärelerini bir-biriňize ýatladyň.
  • Daşarda naharlanmakçy bolsaňyz, ýanyňyz bilen öz azygyňyzy we gap-gaçlaryňyzy alyp gidiň. Eger bu mümkin däl bolsa, içerde oturyp iýmeli däl-de, ýanyň bilen alyp gitmeli taýýar we iň howpsuz azyk önümini saýlap alyň. Nahardan ozal elleriňizi ýuwmagy ýa-da dezinfirlemegi unutmaň.
  • Öýe geleniňizden soň, ilki bilen elleriňizi azyndan 20 sekuntlap sabynlap ýuwuň.

 

Ýakyn dostlaryňyzdan ybarat kiçi topar bilen wagtyny geçirmegi siziň maşgalaňyz üçin howpsuzmy? Kimdir biri bilen wagt geçirmegiň howplymy ýa-da howply dälligini nähili kesgitleýärsiňiz?

Her maşgala öz ýagdaýyna esaslanyp karara gelmelidir. Göz öňünde tutmaly käbir esasy ýagdaýlar ine şulardan ybaratdyr:

  • Ýaşaýan ýeriňizde COVID-19-ň ýaýraýyş derejesi barada soňky maglumatlardan habarly boluň. Umuman, ýaýraýyş derejesi näçe ýokary bolsa, köpçülik ýerlerinde onuň ýokuşma töwekgelçiligi hem şonçada ýokary bolar.
  • COVID-19  sebäpli ýiti hassalygy bolan ýokary töwekgelçilikli adamlar (ýaşuly maşgala agzalary, ene-atalar,kesellerden ejir çekýän maşgala agzalary) bilen ýaşaýan bolsaňyz, tutuş maşgala olary goramak üçin goşmaça seresaplylyk çärelerini görmelidirler. Bu çagalaryňyzyň beýleki adamlar bilen görüşmegini çäklendirme (şol sanda, oýun enjamlaryny ulanmagy),  ýa-da eger bu kyn bolsa, (mysal üçin, haçanda çaga mekdebe dolanyp baranda), çagaňy mümkin boldugyça beýleki maşgala agzalaryndan aýra saklamak ýaly ýagdaýlary öz içine almagy mümkin.
  • Islendik ikiçäk görüşmäniň daşarda we gysga wagtlaýyn bolmagy gowudyr. Şol bir maşgala agzasy ýa-da günde öňüni alyş çärelerini berjaý edýänligine ynamyň bolan dostuňdan ybarat örän kiçi topary düzüň.     

 

Öz gelen kararyňyzy çagaňyza aýdyň we näme üçin beýle edenligiňizi we onuň näme üçin wajyplygy düşündirmek üçin wagt aýyryň. Nähili karara gelenligiňize garamazdan, çagaňyz bilen hemişe aç-açan söhbetdeşlik saklaň. Nähili  aladalary bar bolsa, olary paýlaşmaga we olar düzgüni berjaý etmeseler olary adalatly bolmaga höweslendiriň. Bu töwekgelçiliklere has ýakyn ýa-da gatnaşyklarda deň-duşlarynyň täsirini duýmagy mümkin bolan uly ýaşly çagalar we ýetginjekler üçin wajypdyr. Olary ylym arkaly, duýgudaşlyk we mähir bilen (bilýän we bilmeýän zatlarymyzda) ugrukdyrmaga we ýol görkezmäge synanşyň.

 

Jemgyýetçilik hajathanasyny ulanmak howpsuzmy?

Ol ýerde adamlaryň köp boljaklygyny ýa-da bolmajaklygyny bilmeýänligiňiz üçin maşgalaňyza öýden çykmazdan ozal hajathana zerurlyklaryny berjaý etmegi we jemgyýetçilik hajathanalaryny ulanmagy azaltmagyny ündäň. Eger size jemgyýetçilik hajathanasyny ulanmak zerurlygy ýüze çyksa, beýlekilerden azyndan bir metr howpsuz araçägi saklaň, agyz-burun örtügini dakynyň we soňundan derrew elleriňizi sabynlap ýuwuň. Eger sabyn we suw elýeter bolmasa, düzüminde azyndan 60 göterim spirt saklaýan el üçin antiseptigi ulanyň.

 

Çagama howuzda suwa düşmek howpsuzmy  (üsti ýapyk we açyk ýerleriň ikisinde-de)?

Häzirki wagtda COVID-19 wirusynyň ýüzülýän howuzlar ýaly ýerlerdäki suwlar ýa-da dynç alyş ýerlerindäki suwlar arkaly ýokuşyp bilýänligi hakynda hiç hili subutnama ýok. Maşgalaňyz bilen suwa düşmäge gitmegi göz öňünde tutýan bolsaňyz, ilki bilen, ýerli häkimiýetiň berýän soňky görkezmelerini öwreniň. Bu görkezmeleriň keseliň geçişiniň ýerli derejesine baglylykda üýtgemegi mümkindir. Suwda ýüzülýän howuzlary we tebigy suwa düşülýän kenarlary açmaga rugsat berilen bolsa, şu käbir zatlary göz öňünde tutmagyňyz zerurdyr:

  • Ýerleşýän ýeri: Suwda ýüzülýän ýeriň howpsuzlygy hem ol ýerde adamlaryň köplügine we adamlaryň hereketlerine bagly bolar.
  • Wagt: Ol ýerde adamlaryň juda az bolýan wagtyny saýlaň.
  • Çagalaryňyzyň ýaşlary: Olar beýlekiler bilen howpsuz araçägi saklap bilermi? 
  • Öňüni alyş çäreleri: Suwda ýüzülýän ýerde bu wirusyň ýaýramagynyň we beýleki saglyk üçin zyýanly zatlaryň öňüni almak üçin adamlaryň bir ýere köp üýşmezligi, arassaçylyk we zyýansyzlandyrma we üsti ýapyk görnüşli ýerde bolsa, ýelejiretme we howpsuz suw ulgamy ýaly çäreleriň geçirilýänligine göz ýetiriň.

Suwa düşmäge gitmekçi bolsaňyz, eger ol ýerde adamlar köpelip başlasa, ol ýerden irräk gaýdyň, egin-eşik çalyşylýan ýerler ýaly üsti ýapyk ýerlerde köp wagt eglenmäň, suwda ýüzülýän ýerde naharlanmaň we ähli wagt çagaňyzy gözden salmaň.