Älemsoltanyň durmuşy: Üstünlikli waka

Merkeziň hyzmatlaryndan peýdalananlary üçin, wagtyndan ir doglan çagalaryň diri galmak mümkinçiligi artýar.

Juli Pudlowski
Doctor in Neonatal Intensive Care Unit
UNICEF/Julie Pudlowski
16 Maý 2018

Älemsoltan 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda göwreliligiň bary-ýogy 25 hepdesinde 500 gram agram bilen eneden boldy. Aşgabat şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş hassahasynyň gaýragoýulmasyz bölümindäki 12 sany häzirkizaman inkubatoryň birinde 3 aý ýatandan soň, onuň agramy 1.48 kilograma çenli artdy.

Älemsoltandan öň, onuň ejesiniň 2 gezek çagasy düşdi. Onuň saglyk meseleleri wagtyndan irki dogruma getirdi. Älemsoltanyň dogrumyny kabul eden lukmançylyk işgärleri az ýyllar öň doglan bolsa, onuň diri galyp bilmejekdigini bellediler. Indi döwrebap tehnologiýalaryň we netijeli okuw usulyýetiniň ýardamy bilen, hassahananyň işgärleri diňe Älemsoltany däl, eýsem beýleki pes agramly çagalary hem halas edip bilýär.

Biz bäbeklere, iň bärkisi 500 gramdan pes agramly çagalara hem kömek etmek üçin günde göreşýäris.

Lukman Naira Hakberdiýewa

Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda bilim alan we Älemsoltanyň idegine ýolbaşçylyk eden reanimatolog we neonatolog-lukman Naira Hakberdiýewa: “Biz bäbeklere, iň bärkisi 500 gramdan pes agramly çagalara hem kömek etmek üçin günde göreşýäris. Öň 1.1 kg agramdan pes bäbekler ýaşaýşa ukyply däl hasap edilýärdi. Biz olar ýaşamak üçin mümkinçiligi bolardan örän ejiz diýip hasaplaýardyk. Biziň zerur enjamlarymyz, hünär başarnygymyz we bilimimiz ýokdy” diýdi.

2016-njy ýylda Türkmenistan ÝUNISEF-iň ýardam bermeginde, Ysraýylyň gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini berýän hünärmenleri we neonatologlary bilen işläp başlady. Olar köptaraplaýyn bilim we goldaw bermek arkaly hünärmenleriň hünär bilimini artdyrmaga ýardam berýär. Şeýle-de ÝUNISEF bäbeklere gaýragoýulmasyz kömek beriş bölümini iň täze inkubatorlar, wentilýatorlar we döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrdy. Bu gün merkeziň hyzmatlaryny alan wagtyndan ir doglan bäbekleriň ýaşamak ähtimallygy ýokary.

Lukman Hakberdiýewa: “Biz bu nazaryýet barada bilýärdik, ýöne ony ulanmaga mümkinçiligimiz ýokdy. Täze enjamlar çagalaryň aglabasynyň janyny halas etmäge we talabalaýyk ulanylanda gaýraüzülmeleriň öňüni almaga ýardam berýär. Halkara bilermenleriň bolmagy, bize enjamlary has netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär” diýdi.

Early born baby in an incubator
UNICEF/Julie Pudlowski
Älemsoltan 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda bary-ýogy 25 hepdelik gestasiýa ýaşynda 500 gram agram bilen dünýä indi. Aşgabat şäherinde ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň 12 sany häzirkizaman inkubatorlarynyň birinde 3 aýlap saklanandan soň, onuň agramy 1.48 kilograma ýetdi.

Bäbeklere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini berýän bölümde Älemsoltanyň ýagdaýy gün-günden gowlaşýar. Ol daş-töweregindäki sesleri eşidýär we yşygy saýgarýar. Ol enesiniň süýdüni içmek üçin öz güýjüni ulanýar. Beden agramy 1.5 kg bolandan soň, ony öýüne goýbererler. Ene-atasyna oňa ideg etmegiň dogry ýollary öwredildi. Olar onuň öýe getirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar öýde Älemsoltanyň gelmegine ähli zadyň taýýardygyny we diňe söýgi we alada bilen gurşap alynjakdyklaryny aýdýarlar.