ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2019-njy ýyl boýunça hasabaty
Bu hasabatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň çagalar we zenanlar üçin netijeleri gazanmak ugrunda ýylyň dowamynda amala aşyran işleri beýan edilýär we çagalaryň hukuklaryny berjaý etmekde gazanan üstünlikleri seljerilýär.
Esasy wakalar
2019-njy ÝUNISEF üçin örän üstünlikli ýyl boldy. Biz Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň şanly 30 ýyllyk senesini belledik, täze hyzmatdaşlyklar üçin ýol açdyk, çagalara degişli syýasatlaryň kabul edilmegine goldaw berdik we çaganyň irki ösüşi baradaky maglumatlary müňlerçe ene-atalaryň we hossarlaryň dykgatyna ýetirdik.