ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2016-njy ýyl boýunça hasabaty
Bu hasabatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň çagalar we zenanlar üçin netijeleri gazanmak ugrunda ýylyň dowamynda amala aşyran işleri beýan edilýär we çagalaryň hukuklaryny berjaý etmekde gazanan üstünlikleri seljerilýär.
Highlights
Türkmenistanlylaryň wakalarynyň, suratlarynyň we pikirleriniň üsti bilen, bu hasabat şol garaýyşlary we olara ýetmegiň mümkinçiligini görkezýär. Hasabatyň indiki sahypalarynda çagalaryň janyny halas etmek üçin hünärmenleri okatmak, maýyplygy bolan çagalary esasy bilim akymyna goşmak ýa-da ýaşlara öz hukuklaryny talap etmegiň ýollaryny öwretmek barada, bu ugurda oňaýly üýtgeşmeleriň nähili bolup biljekdigi hakynda täsirli maglumatlary okap bilersiňiz. Bu hyjuwly, yhlasly we zähmetsöýer işgärleriň, kömekden peýdalanýan adamlaryň we ene-atalaryň durmuşy wakalary bolup, olaryň maksadaokgunlylygy bizi jemgyýet, ulgam we syýasat derejesinde has netijeli we durnukly işjeňligi ýola goýmaga ruhlandyrýar. Olaryň wakalary bizi öňe iterýär, öňde goýan maksatlarymyzda ünsümizi jemlemäge we ýurduň çagalary üçin oňaýly geljegi döretmäge güýç berýär.