Türkmenistan meşhur sungat işgäri we çagalar üçin gepleşiginiň alyp baryjysy Aşyr däde bilen arassaçylyk düzgünlerini halka ýaýýar

04 Sentýabr 2020
Turkmenistan promotes hygiene practices
UNICEF Turkmenistan

Türkmenistanyň meşhur wäşi artisti we alyp baryjysy Aşyr däde we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF bilen bilelikde ýurduň çagalary we ene-atalary bilen esasy arassaçylyk düzgünleri bilen paýlaşýarlar. Şu ýylyň iýun aýynyň başyndan bäri milli telewideniýede ýaýlyma berilýän gysga wideolar arkaly, Aşyr däde el ýuwmak, azyk önümleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, asgyrmagyň we üsgürmegiň ýerlikli düzgünlerini berjaý etmek, daş-töweregimizdäki zatlaryň üstüni arassa saklamak we maşgala agzalarynyň birinde kesel alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, lukmany çagyrmak barada möhüm maslahatlary berýär.

Gysga wideolar Türkmenistanyň “Ýaşlyk” we beýleki milli teleýaýlymlarynda günüň dowamynda ýygy-ýygydan ýaýlyma berilýär. Bu tomaşaçylaryň işjeňliginiň artmagyna we çagalardyr ene-atalaryň ünsüni çekmäge ýardam berýär. Şol bir wagtda bu wideolar ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Facebook we Instagram sahypalarynda, IMO hasabynda (+993 64 718712) we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň web-saýtynda hem ýerleşdirilýär.

Aşyr däde bu barada: “ÝUNISEF bilen işlemek we körpeje tomaşaçylar we olaryň ene-atalary bilen ýaşaýyş ähmiýetli maslahatlary paýlaşmak meniň üçin uly abraý” diýdi.

Aşyr däde bilen işimiz bir ýyl mundan öň başlandy. Şol wagt Aşyr dädäniň alyp barýan “Siziň üçin, körpeler!” gepleşiginde çaganyň hukuklary hakyndaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek üçin, ÝUNISEF Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. “Şondan bäri bu hyzmatdaşlyk ösmegini dowam edýär we Türkmenistanyň çagalary üçin has hoşniýetli wideo materiallaryň taýýarlanylmagyna getirdi” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand aýtdy.

Ilat tarapyndan gyzgyn garşy alnan wideo ýüzlenmelerden ylham alyp, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we ÝUNISEF ýurtda pandemiýanyň öňüni almak üçin ýene bir başlangyjy durmuşa geçirmäge girişdiler. Bu gezek öz deň-duşlaryny arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýan Merjen atly gyzjagazyň we Mergen atly oglanjygyň gatnaşmagynda animasiýa wideolaryň tapgyry taýýarlanyldy. Köp seriýaly animasion wideolar jemi 5 sany bolup, olaryň biri häzirki wagtda milli telewideniýede ýaýlyma berilýär. 

Aşyr dädäniň gatnaşmagyndaky wideolary, şeýle-de animasiýa wideolary seretmäge we çagalar hem-de ene-atalar bilen paýlaşmaga çagyrýarys.

El ýuwmak (https://turkmentv.gov.tm/getShow/199)*

Azyk howpsuzlygy (https://turkmentv.gov.tm/getShow/200)

Üsgürmek we asgyrmak (https://turkmentv.gov.tm/getShow/198)

Üstki gatlaklary arassalamak (https://turkmentv.gov.tm/getShow/201)

Lukman çagyrmak (https://turkmentv.gov.tm/getShow/203)

El ýuwmak barada animasiýa (https://turkmentv.gov.tm/getShow/202)

Wideolaryň hemmesi ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliýetiniň YouTube kanalynda elýeterli.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.