COVID-19 sebäpli ene-atalarynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar bilen baglanşykly ÝUNISEF-ň ýerine ýetiriji müdiri Genrietta Foruň beýannamasy

19 Iýul 2021
Statement by UNICEF Executive Director Henrietta Fore on children deprived of parental care due to COVID-19
UNICEF Serbia

2021-nji ýylyň 19-njy iýuly, Nýu-Ýork. «Aýyň başyna çenli 4 million adamyň ömür tanapyny kesen COVID-19-dan ölýänleriň sany boýunça resmi maglumatlar bilen baglanşykly ÝUNISEF ene-atalarynyň birinden ýa-da ikisinden hem mahrum bolan çagalar barada barha ynjalyksyzlanýar.  

“Ähli kynçylyklar we pandemiýalar döwründe çagalaryň has gowşak goralýan toparlary ene-atalarynyň ölmegi, olaryň agyr kesellemegi ýa-da maliýe kynçylyklary sebäpli ene-ata hossarlygyndan mahrum bolma töwekgelçiligine sezewar bolýar. Bu, öz gezeginde, çagalara nälaýyk görnüşde alternatiw idegiň edilme töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.

“Pandemiýa sebäpli ene-atalaryndan mahrum düşen ýa-da ýetim galan çagalaryň sanynyň hasabyny çykarardan entek ir bolsa-da, käbir ýurtlarda ölüm derejesiniň çürt-kesik ýokarlanmagy COVID-19-ň täsiriniň öňünde onsuz hem has gowşak köp çagalaryň güýçli emosional lapykeçlik we gorag çäreleri bilen baglanşykly ynjalyksyzlama bilen ýüzbe-ýüz bolýanlygyny aňladýar.

“Maşgalalaryndan aýra düşme we hususan-da, çagalaryň ýatymlaýyn edaralarynda, nälaýyk görnüşde alternatiw ideg edilme sebäpli ýüze çykýan ýakyn we uzak möhletli netijeleri resmi taýdan tassyklanandyr. Ýatymlaýyn ideg edilýän edaralar köplenç ýaramaz ýaýayş şertlerine eýeligi bilen häsiýetlendirilýär. Çagalar özleriniň aýratyn zerurlyklaryna laýyk gelmeýän bilelikde ýaşamagyň düzgünleri we gündelik durmuşyň ýowuz kadalary bilen ylalaşmaga mejbur bolýarlar. Olar öz bähbitlerine laýyk gelýän saýlama mümkinçiliklerinden hem mahrum bolýarlar.

“Ondan başga-da, çagalar alternatiw idegiň şertlerinde köplenç öz maşgalalaryndan we adaty jemgyýetçilik gurşawyndan aýrybaşga saklanylýar. Ene-ata aladasynyň bolmazlygy sebäpli olar beden, ruhy, emosional we durmuş nukdaý nazaryndan ejir çekip biler we olaryň netijeleri bolsa olary bütin ömrüniň dowamynda yzarlar. Bu çagalaryň köplenç zorluklara, ýowuz daraşylma, ezilmä we  äsgermezlik bilen garama sezewar bolýarlar.

“Ýakyn we uzak geljekde şeýle kynçylygyň öňüni almak we oňa jogap bermek üçin hökümetleriň maşgalalary zerur emosional, amaly we maliýe goldawy bilen üpjün etmegi juda wajypdyr. Şol bir wagtda-da, biz nälaýyk görnüşdäki alternatiw idegiň şertlerine däl-de, eýsem ene-ata ideginden mahrum bolan çagalara olaryň maşgalalarynyň beýleki agzalarynyň ideg edip biljek ulgamynyň saklanmagyna ýardam etmelidiris”.

Bu aşakdakylary aňladýar:

  • Durmuş taýdan gorama, maslahat berme we saglygy goraýyş ulgamy hyzmatlarynyň maşgalalara elýeterliligini üpjün etmek.
  • Çagalaryň we maşgalalaryň gowşak toparlaryny durmuş taýdan goramak ulgamyny, şol sanda, durmuş üpjünçiligi gullugynyň hünärmenleriniň işini berkitmek.
  • Islendik şertlerde olara çagalar hakynda alada etmäge mümkinçiligiň bolmagy üçin hossarlar babatda dostlukly gurşawy döretmek boýunça iş berijiler bilen iş geçirmek.
  • Mekdepleriň we beýleki çagalar edaralarynyň açyk we elýeter bolmagyny üpjün etmek.

“COVID-19-ň maşgalalara we bileleşiklere ýaramaz täsirini ýetirmegini dowam edýänligine görä, biz her bir çaganyň onuň beden, ruhy, durmuş we emosional ösüşini üpjün edýän şertlerde ýaşamaga we ulalmaga bolan hukugyny goramalydyrys”.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.