Bütindünýä çagalar gününde türkmen dilindäki tekstleri sese öwürýän programma işe girizildi

20 Noýabr 2023
Turkmen Text-to-Speech Digital Voice comes live on World Children’s Day
UNICEF Turkmenistan
Blocks
This advancement happened thanks to a strong team effort involving the Ministry of Education, the Global Partnership for Assistive Technology “ATScale”, the Blind and Deaf Society of Turkmenistan, Louder Pages (the producers of RHVoice), and UNICEF in Turkmenistan.  Close consultations with the Blind and Deaf Society of Turkmenistan, ensured that the software's design takes into account the unique needs and perspectives of the visually impaired community. The result is an innovative tool that facilitates a
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 20-nji noýabry, Aşgabat. Bütindünýä çagalar gününde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen birlikde türkmen dilindäki teksti sese öwürýän programmany işe girizdi. Programma üpjünçiligi üçin bu täze goşmaça programma Türkmenistanda görüş näsazlyklary bolan ýaşaýjylara tekstleri sese öwürýän tehnologiýanyň kömegi bilen türkmen dilindäki tekstlerden peýdalanmaga ilkinji gezek mümkinçilik berýär. Bu täzeçil başlangyç ýurtda görüş näsazlyklary bolan çagalar we uly ýaşlylar üçin bilim mümkinçilikleriniň elýeterliligini giňeltmäge uly tagalla edilýänligini aýdyň görkezýär.

BMG-niň binasynda geçirilen bu çärä täze programma üpjünçiliginden peýdalanyjylar, şeýle-de hökümetiň, bilim edaralarynyň we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Blocks
3 Turkmen Text-to-Speech Digital Voice comes live on World Children’s Day
UNICEF Turkmenistan

Bu üstünlik Bilim ministrliginiň, “ATScale” Kömekçi tehnologiýalar üçin ähliumumy hyzmatdaşlyk edarasynyň, Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň, “Louder Pages” (“RHVoice öndürijileriniň) şereketiniň we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň  bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň miwesidir.

Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti bilen ýakyndan geňeşmeler programma üpjünçiligini işläp düzmekde görüş näsazlyklary bolan adamlaryň toparynyň ýeke-täk zerurlyklary we geljegi göz öňünde tutulýanlygyny ynandyrmaga mümkinçilik berdi. Netijede, hemmelere bilim almak üçin has inklýuziw gurşawy döretmäge mümkinçilik berýän täzeçil gural döredildi.

4 Turkmen Text-to-Speech Digital Voice comes live on World Children’s Day
UNICEF Turkmenistan

“Dünýä” atly türkmen at dakylan progammany tölegsiz ýükläp almak we gurnamak mümkinçiligi bar. Ol “Windows” we “Android” platformalarynda işleýär. Ekerandan okaýan JAWS we NVDA okaýjy programmalar üçin ýörite goşmaça programma görnüşinde hem ol elýeterdir. “Android” ulgamy üçin programma üpjünçiligini “Play Market” platformasyndan ýükläp almak mümkin.

Programmany gurnanlaryndan soň, peýdalanyjylar sesiň beýikligini, güýçliligini we okaýyş tizligini sazlap bilerler. Adaty maksatlardan başga-da, “teksti sese” öwriji türkmen sesli programma elektron kitaplary okamak, beýleki bar bolan aragatnaşyk programmalaryndan peýdalanmak, şeýle-de tekst faýllaryndan audio ýazgylary döretmek üçin hem mümkinçilikleri açýar.

Bütindünýä çagalar gününde ulanyşa girizilen bu goşmaça programma Türkmenistandaky çagalar üçin has inklýuziw we elýeter geljegi üpjün etmek maksady bilen işlenip düzüldi. "Hukuklaryny goraýjy gurama hökmünde, bilime we maglumatlaryň elýeterliligine bolan hukuklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik bermek arkaly, görüş näsazlyklary bolan çagalara we ýaşlara goldaw bermäge biz hoşaldyrys" diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýazi aýtdy.

6 Turkmen Text-to-Speech Digital Voice comes live on World Children’s Day
UNICEF Turkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.