ÝUNISEF we BSGG Türkmenistanyň mekdeplerinde suw üpjünçiligine, arassaçylyga hem gigiýena gözegçilik etmegiň mümkinçiliklerini ösdürmegi goldaýarlar

28 Iýun 2021
UNICEF and WHO support Development of Monitoring Capacities on WASH in schools in Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

28 iýun 2021 ý. - ÝUNISEF BSGG bilen bilelikde milli çäklerde deňeşdirip boljak baha bermeler we Durnukly ösüş maksatlaryny gözegçilik etmek üçin mekdeplerdäki suw üpjünçiligi, arassaçylyk hem gigiýena (WASH) meseleleri boýunça onlaýn maslahat geçirdiler. Çäräniň dowamynda milli hyzmatdaşlar ylalaşykly görkezijiler boýunça gözegçilik mümkinçiliklerini gowulandyrdylar we mekdeplerde agyz suwy, arassaçylyk we el ýuwujy serişdeler barada binýatlaýyn maglumatlary toplamak we milli maglumatlary toplamak boýunça gurallaryny paýlaşmak üçin degişli standartlary maslahat berdiler. Bu geňeşmeler her ýylky Durnukly ösüş maksatlarynyň gözegçiligini we işleriň gidişi baradaky hasabatyny goldamak üçin mekdeplerde WASH boýunça ÝUNISEF / BSGG-nyň Bilelikdäki Gözegçilik Maksatnamasy (JPM) boýunça ýurt ara alyp maslahatlaşmalarynyň badalga berilmegine esas döretdi.

Her bir çaganyň howpsuz we sagdyn gurşawda ýaşamaga we okamaga hukugy bar. Bu hukugyň durmuşa geçirilmegi üçin arassa suwa we esasy arassaçylyk-tehniki serişdelere elýeterliligiň bolmagy örän möhümdir. Bu, esasan hem, Bütindünýä pandemiýa şertlerinde we ýiti ýokanç kesele garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Meýilnamasynyň çäklerinde has hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu mesele şeýle-hem howanyň üýtgemeginiň bu hyzmatlara edýän täsirini azaltmak işlerinde hem örän wajypdyr.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça pudagara gözegçiligi we hasabat mehanizmi dörediler, maglumatlary toplamagyň görnüşleri bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy maglumatlar binýady üçin ýurt maglumatlarynyň elýeterliliginiň öz wagtynda we halkara derejesinde deňeşdirip bolmagynyň üpjün edilmegi maksady bilen maslahat berlen gurallara laýyklykda takyklanar.

Mekdeplerde suw üpjünçiligi, arassaçylyk hem gigiýena (WASH) meseleleriniň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň birnäçe ugurlar boýunça maksatlaýyn wezipeleriň (DÖM 4 we 6) mazmuny bolmagy jemgyýetiň saglygy goraýyşdaky we çagalar üçin howpsuz we sagdyn okuw gurşawyny döretmekde esasy orny eýeleýändigini bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Hakykatdanam, howpsuz agyz suwuna we arassaçylyga elýeterliligiň bolmagy - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2010-njy ýylda ykrar edilen adam hukuklarydyr.

"Biz Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Statistika boýunça Türkmenistanyň döwlet komiteti, häkimlikler we beýleki hyzmatdaşlar bilen mekdeplerde suw üpjünçiligi, arassaçylyk hem gigiýena (WASH) meseleleri boýunça ýokary hilli hasabat bermegi üpjün etmekde hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmäge taýýardyrys" –  diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Narte nygtady.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Seýtliýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 63 932346

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.