ÝUNISEF “Geliň, ýaşyllyga büreneliň!” başlangyjyna badalga berýär
Birleşen milletler guramasy Türkmenistanda ÝUNISEF-iň “Geliň, ýaşyllyga büreneliň!” başlangyjyna badalga berýär

Birleşen milletler guramasy Türkmenistanda Ýer togalagynyň halkara gününi belledi we BMG-nyň işgärler bileleşiginiň we ýaşyllaşma boýunça toparynyň ýolbaşçylyk etmeginde ilkinji “ýaşyl” başlangyjyny öňe sürdi.
ÝUNISEF “Mawy planetany ýaşyllyga büremek” başlangyjyny goldamak we edarasynda daşky gurşawa hoşniýetli endikleri ýola goýmak boýunça ilkinji ädimi ätdi.
BMG-nyň Türkmenistandaky edarasynyň agzybir işgärleri bu birinji ädimleriň daşky gurşawa ýetirilýän täsirini azaltmaga we olaryň durnukly ösüş maksatlaryna bolan wepalylygyny ýene bir gezek subut etmäge ýardam berer diýip hasaplaýarlar.
Başlangyja ÝUNISEF-iň Ýaşyllaşma we elýeterlik gaznasynyň hemaýat bermegi bilen badalga berildi, netijede BMG-nyň edara jaýyndaky lýuminessent lampalarynyň ýerine diod yşyklandyryjy lampalary gurnaldy we bina herekete duýgur datçikler bilen enjamlaşdyryldy. Bu BMG-nyň Aşgabatdaky edarasynda elektrik energiýasynyň sarp edilişini 20% peseltmäge we parnik gazlarynyň howa zyňylýan möçberini we daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga mümkinçilik berer.
ÝUNISEF-iň ýaşyllaşma boýunça taslamasynyň dowamy hökmünde “Ýaşyllaşma” başlangyjyny has möçberli ölçege getirmek we BMG-nyň Türkmenistandaky işgärleriniň ählisini ekologiýa taýdan has arassa we netijeli amallary ýerine ýetirmäge çagyrmak, şeýle hem zyňyndylary “Kemeltmek-gaýtadan ulanmak-gaýtadan işlemek” düşünjesini girizmek boýunça çözgütler kabul edildi.
2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde geçirilen umumy ýygnak tebigaty goramak we ekologiýa taýdan özüňi arassa alyp barmak bilen bagly çäreleriniň möhümligine bagyşlanypdy. Bu hereketiň çäklerinde gaýtadan ulanyp bolýan egin-eşikleri, kitaplary, oýnawaçlary we beýleki öý esbaplaryny ýygnamak üçin “Haýyr-sahabat hereketi” gurnaldy we ýygnalan zatlar hökümete degişli bolmadyk ýerli edaralaryň üsti bilen mätäçlik çekýän maşgalalara paýlanar. Ýerli hususy kärhana bilen hyzmatdaşlykda BMG-nyň edara jaýynda kagyz ýygnamak we gaýtadan işlemek işi guraldy.
22-nji aprelde BMG-nyň işgärleri BMG-nyň edara jaýynyň töweregini we ýaşyllyklaryny arassaladylar. Şol bir wagtda guramanyň işgärleriniň çagalary materiallary gaýtadan işlemek boýunça türgenleşik sapaklaryny geçdiler.
Bu çäreler daşky gurşawa aýawly we hormatly çemeleşmegiň ähmiýeti barada çagalaryň düşünjesini artdyrmak bilen, işgärleriň mümkin boldugyndan daşky gurşawa hoşniýetli bolmagyna ýardam berdi.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.