ÝUNISEF ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlyk we jogap beriş boýunça Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin hirurgik agyz-burun örtükleri getirýär

08 Oktýabr 2021
UNICEF delivers surgical masks to support implementation of the Country Preparedness and Response Plan to Acute Infectious Diseases
UNICEF Turkmenistan

8-nji oktýabr, Aşgabat – 2021-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ÝUNISEF-ň Türkmenistanyň Hökümetini ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlyk we jogap beriş  boýunça Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirmegini goldamagynyň çäklerinde Türkmenistana 618 250 hirurgik agyz-burun örtük getirildi. Jemi bahasy 200 000 amerikan dollary bolan hirurgik örtükler geljekde lukmançylyk edaralaryna paýlamak üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tabşyryldy.

Pandemiýa başlanany bäri ÝUNISEF zerur lukmançylyk enjamlaryny we gigiýena predmetlerini satyn alma we getirme arkaly Türkmenistany goldap gelýär. Şu günki gün ÝUNISEF-ň bu goldawy kislorod konsentratlaryny we çagalar hem ulular üçin degişli sarp edilýän materiallary, hassahanalar üçin çaga tonometrlerini, suwuk sabynlary, elleriň dezinfeksiýasy üçin dozatorlary, biologik howply galyndylar üçin haltalary we galyndylary howpsuz ýagdaýda äkitmek üçin gutylary üpjün etmäni öz içine alýar.

«ÝUNISEF üpjün edilen enjamlaryň ileri tutulýan zerurlyklara laýyk gelmegi üçin Hökümet bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bütin dünýäde pandemiýa dowam edýär we saglygy goraýyş işgärleriniň talaba laýyk goragyny üpjün etmek örän wajypdyr», diýip ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji Aleksandr Nartea aýtdy.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.