Türkmenistan ÝUNISEF-iň 75-ýyllygyny halkara derejede bellemäge gatnaşýar

Bu ýyl ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen birlikde çaganyň hukuklaryny goramagyň we çagalara öz mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge kömek bermegiň 75-ýyllygynyň halkara derejede baýramçylyk edip belleniş çärelerine gatnaşdy.

Kemal Gaitnazarow, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Sanly aragatnaşyk boýunça konsultanty
unicef
UNICEF Turkmenistan
12 Dekabr 2021

Bütin dünýäde BMG-niň Çagalar gaznasynyň 75-ýyllygyny bellemek üçin prezidentler, ministrler, hökümet işgärleri we ÝUNISEF-iň wekilleri, çagalar we ýaşlar bilen bir ýere ýygnanyşdylar. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy dürli çäreleri geçirmek we Hökümetiň, ilatyň, ÝUNISEF-iň toparynyň öňki we häzirki agzalarynyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda birnäçe ähliumumy başlangyçlara goşulmak arkaly dürli baýramçylyklara gatnaşdy.

11-nji dekabrda, öz doglan gününde we Halkara Bitaraplyk gününde, ÝUNISEF on dört milli hyzmatdaşy bilen birlikde, 2022-nji ýyl üçin on üç iş meýilnamasyna we Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi. Gol çekilen iş meýilnamalaryna laýyklykda, 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamadan garaşylýan netijeleri göz öňünde tutmak bilen çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň bähbidine iň gowy netijeleri gazanmak üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňelder.

ÝUNISEF Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Içeri işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Milli Geňeşiň Mejlisi, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Adalatçynyň diwany, Statistika, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetleri, Zenanlar birleşigi, Baş prokuratura bilen iş meýilnamalaryna, şeýle-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi.

“Iş meýilnamalaryna ÝUNISEF-iň doglan gününiň 75-nji ýylynda we Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda gol çekmegimiz tötänden däldir. ÝUNISEF BMG-niň agentlikleriniň ilkinjileriniň biri bolup, täze Garaşsyz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge başlady we otuz ýyldan soň hem biz Türkmenistanda çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmekleri we olaryň geljeginiň has gowy bolmagyny üpjün etmek üçin bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge ygrarly bolup galýarys”,

diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi belledi.
Workplans

ÝUNISEF-iň 75-ýyllygyny bellemegiň çäklerinde Türkmenistan Pariždäki Eýfel diňi, Zimbabwedäki Wiktoriýa şaglawugynyň köprüsi, Nýu-Ýorkdaky “Empaýr-steýt-bilding” we dünýäniň birnäçe beýleki gözel ýerleri bilen birlikde, “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezini gök reňk bilen yşyklandyrmak arkaly «GoBlue» atly ähliumumy çäreler toplumyna hem gatnaşdy. Ondan başga-da, Aşgabadyň we welaýatlaryň ilaty bütin ýurt boýunça ÝUNISEF-iň ýübileý logotipini görmek bilen baýramçylyk ruhuny duýdylar. Bu başlangyç dünýäde her bir çaganyň bähbidine ÝUNISEF-iň alyp barýan üznüksiz işiniň 75-ýyllygyny bellemäge we ÝUNISEF-iň asylly ygtyýarlyklaryny Türtkmenistanyň Hökümetiniň goldaýanlygyny görkezmäge gönükdirilendir.

UNICEF
UNICEF
UNICEF
UNICEF

Türkmenistanyň gatnaşan ýene-de bir ähliumumy başlangyjy bütin dünýäde ÝUNISEF tarapyndan geçirilen, Botswananyň we Swesiýanyň Hökümetleri bilen birlikde guralan Çagalar we ýaşlar üçin ilkinji global forumy (CY21) boldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekili, DÖM-niň ýaş ilçisi we eko-aktiwist Läle Baýryýewa 80 gowrak ýurtdan 230 gowrak dokladçylara goşuldy. Türkmenistanyň segmenti başlangyç we orta bilimde howanyň üýtgemegine uýgunlaşma we howanyň üýtgemeginiň netijelerine Türkmenistanyň ýaşlarynyň durnuklylygyny güýçlendirmek boýunça okuw maksatnamasyny girizmek boýunça ýurduň gazanan oňyn tejribesini paýlaşmaga gönükdirildi. Çäräniň dowamynda ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlary çagalaryň we ýaşlaryň bähbidine netijeleri gazanmagy çaltlandyrmak boýunça 100 gowrak borçnamany tassyklady.

BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterriş, Ýewropa komissiýasynyň Prezidenti Ursula fon der Lýaýen, Botswana Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Dok.Mokgwitsi E.K.Masisi, Swesiýanyň Ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlyk ministri Matilda Elizabet Ernkrans, BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi, ÝUNISEF-iň Sap ýüreklilik ilçisi we bilimiň tarapdary Muzoon Almellehan, dürli ugurlar, haýyr-yhsan, işewürlik boýunça 200 gowrak guramanyň, raýat jemgyýetleriniň, şeýle-de çagalaryň we ýaşlaryň  wekilleri bu çärä gatnaşdylar.

Ýurtda ilkinji bolup işe başlan BMG-niň agentlikleriniň biri hökmünde, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy otuz ýyla golaý döwrüň içinde uly üstünliklere we ýokary netijelere eýe boldy.  Bu geçen gyzykly ýola ser salmak üçin, ÝUNISEF-iň ýurt boýunça edarasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde “ÝUNISEF-iň geçmişine bir bakyş” atly çäreler toplumyna badalaga berdi we 1994-nji ýyldan bäri ÝUNISEF-iň Türkmenistanda alyp baran işiniň taryhyny ýaňadan başdan geçirdi. Şu ýylyň aýagyna çenli çagalar üçin iň gowy geljegi gurmagyň üstünde işleýän adamlaryň arzuwlaryny we tagallalaryny paýlaşmak maksady bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň jemgyýetçilik habar beriş serişdeleriniň sahypalarynda öňki we häzirki işgärleriniň, wekilleriniň we wekilleriniň orunbasarlarynyň, şeýle-de milli hyzmatdaşlarynyň sözlerinden alnan parçalar we olar hakyndaky materiallar ýerleşdiriler.

Şeýle asylly maksada gulluk edýän halkara guramasynda iş tejribesini gazanmaga döredilen mümkinçilik üçin ÝUNISEF-e minnetdarlygymy bildirýärin. Her bir çaga üçin ýagty geljegi gurmak boýunça ÝUNISEF-iň maksatlaryny durmuşa geçirmäge goşant goşmaga döredilen mümkinçilik üçin men özümi bagtly hasaplaýaryn”,

diýip dolandyryş işleri boýunça kömekçisi Jemal Taňryberdiýewa aýdýar.
UNICEF

75 ýylyň dowamynda bütin dünýäde çagalaryň diri galmagy, ösmegi we öz mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekleri üçin hukuklaryny goramak bilen,  ÝUNISEF mätäç çagalara kömek edip gelýär. Bu ajaýyp syýahadyň dowamy hökmünde ÝUNISEF her bir çaga üçin iň gowy geljege seslenmegi, üýtgedip gurmagy we oňa ýaňadan seretmegi dowam eder.